Italýa emeli añy böwetledi

Italiýanyň personal maglumatlary goramak boýunça edarasy gizlinlik düzgünleriniň berjaý edilmezligi sebäpli ChatGPT emeli aň çatboty (OpenAI amerikan kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi) tarapyndan italýan ulanyjy maglumatlarynyň ulanylmagyny çäklendirdi. Netijede Italiýa bu neýroulgamy böwetlän ilkinji Günbatar ýurdy boldy diýip BBC takyklaýar.

Agentlik muny 20-nji martda ChatGPT-yň ulanyjylarynyň maglumatlarynyň ýaýramagy bilen düşündirdi. Şeýle hem, häkimiýetler gizlinlik beýannamasynda OpenAI-niň gizlinlik düzgünnamasynda onuň haýsy maglumatlary ýygnaýandygy barada maglumatyň ýokdugyny, şeýle hem “platformanyň işleýşiniň esasyny düzýän algoritmleri öwrenmek üçin köp şahsy maglumatlaryň ýygnalmagyny we saklanylmagyny delillendirýän kanuny esaslaryň ýokdugyny” bellediler.
Mundan başga-da, ChatGPT ulanyjylarynyň ýaşyny barlamazlykda aýyplandy (AI 13 ýaşdan ulular üçin niýetlenendir).
Öndüriji kompaniýa görlen çäreler barada ÝB-däki wekiliniň üsti bilen 20 günüň dowamynda Italiýanyň häkimiýetlerine habar bermelidir, ýogsam oňa 20 million ýewro çenli jerime ýa-da ýyllyk dolanyşygynyň 4 göterimine çenli jerime salynar.
ChatGPT - bu gürrüňdeş bolmaga, goşgy goşmaga we kyssa ýazmaga, ylmy makalalary jemlemäge, soraglara jogap bermäge we ulanyjynyň islegi boýunça şekil döretmäge ukyply emeli intellektual söhbetdeş. Ony dörediji - OpenAI barlaghanasy (esaslandyryjylaryň biri amerikaly telekeçi Ilon Mask). Çat-bot internetden alnan köp sanly tekstler we janly ulanyjylar bilen gepleşikler arkaly taýýarlandy.
1 лайков 125 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
03 апр 2023, 20:49
Indi güjük alýanlar vpn bilen girýärler ????
Dowsypat
03 апр 2023, 21:19
Indi güjük alýanlar vpn bilen girýärler ????

Alabaý alýanlarmy?
Dowsypat
03 апр 2023, 21:20
Nämemişler(nemsler)em bloklaly diýip otyrlar.
picasso
03 апр 2023, 22:51
Atyp alamasan allyranokmka