Häsiýet (1)
Ýagşy zamana ýagşy häsiýetler ýaraşar
Nireden okanymy bilemok, kimden eşidenim ýadyma düşenok, ýöne
aňymda galşyna görä, gadym döwürde adamlar „Ýene bir günümiz
ötdi” diýip aglar ekenler. Aglasaňam, aglamasaňam, nalasaňam, nala-
masaňam, halasaňam, halamasaňam, aýlar aýlanyp, günler ötüp dur.
Erkimizde ýok zady üýtgetjek bolmak – gury zähmet, ýöne üýtgedip
bolýan zatlaryň aladasyny etmezlik welin, uly ýalňyşlyk. Dürli kärdäki,
ýakyn we alys ýerdäki adamlar bilen söhbetdeş bolanyňda, olaryň käbir-
inden „Zandyňda bolmasa, üýtgäp bolýarmy?”, „ýaradylyşyň şeýle
bolsa, dagy başgaça nähili çemeleşjek”, „Meniň häsiýetim şeýle-dä, şu
häsiýetimden örtenip geçýän” diýen jümleleri häli-şindi eşidýäris.
Üstesine-de, olar bu sözleri şeýle bir ynamly aýdýarlar welin, hamana,
bu gylyk-häsiýet özlerine ýörite Hudaý tarapyndan inderilen peşgeşdir
öýdenoklar. Gowy gylyk däldigine gözleri ýetip dur, emma aňlarynda
ornaşan ýekeje ýalňyş düşünje zerarly, ençeme bähbitlerden binesip
galýarlar. Halkyň arasynda, adamlaryň aňynda häsiýet baradaky nakyl-
lar, aýtgylar giňden ýaýran. Arada biri „Nämä ynansaň, ynan, ýöne py-
lanyň häsiýeti üýtgäpdir diýseler, ynanma” diýen söz ähli adam ba-
batda dogrumy?” diýip sorag berdi. Aslynda, „häsiýet” näme? Orta asyrlarda ýazylan lukmançylyk
eserlerinde, adalgalara berilýän düşündirişli sözlüklerde „häsiýet”
diýilýän zadyň daş-töweregiňdäki adamlardan, öýüň we jemgyýetiň ter-
biýesinden täsirlenip, özüňde kemala getiren, ornaşdyran, hususylaşdy-
ran gylyklaryňdygy, endikleriňdigi, edim-gylymlaryňdygy ýaňzydylýar.
Aýdylyş taýdan biri-birine juda ýakyn bolan „häsiýet” we „hususyýet”
sözleri bir kökden gözbaş alýar. Häsiýet seniň dogabitdi tebigatyňy
aňlatmaýar. Sen ony üýtgedip bilmäge ukyplysyň. „Siz özüňizi üýtget-
meseňiz, Alla-da size bolan garaýşyny üýtgetmez” diýilýär. Aslynda,
üýtgäp, özgerip durmak – beden saglygy üçinem, ruhy sagdynlyk üçi-
nem ýaramly ýagdaý. Biz bu ýerde diňe gowulyga tarap üýtgemeklik
hakda gürrüň edýäris. Bir durkuňda saklanmak, üýtgemezlik ajaýyp zat
bolsa, Allatagala pasyllary çalşyryp, tebigaty üýtgedip durmazdy.
Öwrenmeli we özgermeli. Kämillige çäk ýok, barha öňe ymtylmaly.
Beýiklik babatda Günüň deňine ýetdiňmi, ýene aňyrlara ýöräber, bir
ýerden butnamazlyk baş ýörelgäňe ters geler. Bir ýerde saklanmaklyk
kämilligiň alamaty däldir.
Özüňi öňküdenem kämilleşdirmek, gözelleşdirmek üçin, ilkinji no-
batda, aň-düşünjede özgermek gerek. Ýaramaz duýgulary, seni ýagşy
işlerden, amallardan alyp galýan garaýyşlary, ýerliksiz çekinjeňligi ara-
dan aýyrmaly. Entek görülmedik ýodalar gözümize garaňky görünýär.
„Garaňky” diýlende, çaga gorkusyny ýadyňyza salyň. Ähli zat gündizki
ýaly, jaýam öňki ýerinde, bagam öňki ýerinde, diňe şol hakykatyň
üstüni örtüp duran garaňkylyk bar. Ulular, ýagny akyly ýetýänler, ol
ýerde gorkara zadyň ýokdugyny ýaňzydarlar, ýöne çagalar welin,
ýanyna ýoldaş bolmasaň, bir ädim hem öňe ýöremezler. Bizem edil şo-
nuň ýaly. Gorkýan-u çekinýän zatlarymyzyň köpüsiniň aňyrsynda ýa-
da astynda, diňe öz aňymyzda berkäp galan birje duýgy ýatyr:
nämälimlik, näbellilik. Adamlaryň köpüsi şol „nämälimlikden” jyndan gorkuşy ýaly çekinýär. Eger şu häsiýetini, şu ýagdaýyny üýtgedäýse, bu
gününem, bu halynam tapmaz öýdüp, gorka gaplanýar. Şonuň üçinem
„Begendirmeýän täzelikden, netijesi öňünden mälim bolmaýan gelejek-
den, öwrenilişen öňkülik oňat” diýip, öňküje güni bilen gezenini kem
görenok. Ýüregi üýtgeşiklige atygsap dursa-da, şol çekinjeňligi sebäpli,
ikirjiňlenmesi zerarly, gapysy giňden açylýan gelejege göni bakyp bile-
nok.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.