Häsiýet (2)

Şu ýerde halypa mugallymymyzyň bir tymsalyny ýatlasym gelýär.
Dersde ýaşaýan ene gurçuklaryň biri öz perzendine gurçuklaryň
taryhy, gelip çykyşy we ýaýraýşy, garyndaşlary hakda şeýle gürrüň berip
oturan eken: „Gurçuklaram dürli-dürli. Käbirleri derslerde ýaşaýar.
Gumdan iýmitlenýän gurçuklar bar, rysgaly bugdaýdan, arpadan bo-
lan gurçuklar bolýar. Käbiri üzümdir almalarda ýaşaýar...”. Ogly
enesine ýüzlenip: „Ene, onuň ýaly bolsa, bizem şol ýerlere göçüp gideli-
le” diýipdir. Enesi oňa: „Bor-la, oglum, öwrenişenje ýerimizde oňňut
edibereli” diýip jogap berenmiş.
Bu bir tymsal, ýöne käbir adamlaryň özüni alyp barşy şol ene
gurçugyňkydan enaýy däl. „Akar suw bir ýerde uzak saklansa, sadyr
atýar”, täze atyzlary agdarmaýan pil poslap başlaýar. Aý aýlanyp, ýer
öwrülip durmasa, älemdäki sazlaşyk ýitýär. Bu durmuş şeýle ýarady-
lan, bir ýerde durdugyň – yza gaýtdygyň. Gowulyga özgerip bolmaýan-
dygy hakdaky pikiri ýa-da başarjakdygyňa bolan ynamsyzlygy aňyňdan
öçürmeli. Müň ylganyň bilen adamyň häsiýeti üýtgemeýän bolsa,
onda adamlaryň aňyny özgerdip, olara dogry ýola düşmegi, özüňi
gözel alyp barmalydygyny ündeýän ylahy kitaplar inermidi?! Kimdir
biriniň häsiýetini üýtgedip bolmaýan bolsa, onda parasatly sözleri, hik-
metleri, öwüt-nesihatlary aýdyp oturmagyň nä hajaty bar? Bularyň
ählisi, hut häsiýetiňi has-da gözelleşdirmek üçin ýüze çykan ahyry.
Diňe adamlar däl, terbiýe gören haýwanlaram häsiýetini, özüni alyp
barşyny üýtgedýär ahyry! Munuň üçin bolsa düşünje we isleg gerek.
Gowy häsiýetlere bürenip bolýandygyna, özüňi terbiýelemegiň
mümkindigine düşünmeli. Ýagşy gylyklaryň, edim-gylymlaryň gelje-
giňe saçyp biljek ýagtysy hakda, gowy häsiýetleriň ähmiýeti we
zerurlygy hakda oňatja oýlansaň we şoňa tarap ymtylsaň, özüňizdäki
täze özgerişliklere basym göz ýetirersiňiz. „Kim gözellik, gowulyk
ýolunda yhlas-tagalla etse, elbetde, biz ony bu ýollara gönükdireris”
diýlip, Kurany-kerimde aýdylýar. Diňe adamlaryň daşyňyzdan synlap,
hoşamaýlyk bilen uzakdan söz gatýandygyny ýa-da „tüweleme”
diýýändgini däl, Allanyň ýüzüňize çaýýan ýalkymyny hem duýarsyňyz.
Köňül gözüni ümezledip duran käbir häsiýetler durmuşyň açyk gapy-
laryny görmekden saklan bolsa, mundan soň çar ýanyňyzyň bagtyň
açyk derwezesidigine haýran galyjylyk bilen seredersiňiz. Şol pursatda
ýagşy häsiýetler arkaly durmuşda has köp zatlary gazanyp bolýandy-
gyny görersiňiz.
Kapasa endik eden laçyn soňabaka asmana galmak höwesini we uky-
byny ýitirýär. Onuň öýde gezýän towukdan tapawudy bolmaýar.
Aňymyza ornan ýekeje ýalňyş düşünje bizi bir hasiýetiň kapasasynda
saklap galýar. Ters düşünjeden saplanmak zerur. Näçe tiz bolsa, şonça-
da gowy. Adama kämilleşmek mahsus. Tebigatyň bagyş eden
mümkinçiligini ulanyp bilmezlik – nygmaty harlamak bilen des-deň.
Gowy häsiýetlere kem-kemden endik edibermeli. Ýürekden ynanan
ýeriňde, ýürekden ýapyşan ýeriňde eliňe ilmejek zat ýok. Magtymguly-
nyň aýdyşy ýaly, „bir menzile ýetmän galmarsyň”.
Gözel häsiýetler dünýäniň gözelligini has-da açyp görkezýär, has-da
açyk görkezýär. Oňat gylyk-häsiýetleri özüňde jemle. Şonda bagtyň
özi saňa meňzäp bilse, armanly bolmaz. Sen durmuşyňam, dünýäniňem, tebigatyňam, daş-töweregimizdäki ähli adamlaryňam
diňe owadan taraplaryny görersiň. Görýän zadyň aňyňda berkäp
barşyna, ykbalyňa ýalkymyny çaýar. Günden ýylylyk, Aýdan owa-
danlyk alar. Pikirlenişiň, dünýä akyl ýetirişiň, özüňi duýşuň, duýgularyň
şeýle bir gözelleşer, ykbal bilen nähili ajaýyp sazlaşyk tapyp bolýan
bolsa, sen şony hem gazanarsyň. Ana şonda, gadymy adamlar ýaly
„Ýene bir günümiz ötdi” diýip aglamarsyň-da: „Meniň manyly öm-
rümiň ýene bir güni artdy” diýip, şükür edersiň. Üýtgedip bolýan zat-
lary gowulyga üýtgedeliň!
1 лайков 94 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.