Garrama eje

Ýadatdymy bu durmuşyň sütemi,
Şeýle bolsa ýalňyz aglama, eje!
Men çekäýjek dünýäň ähli apatyn,
Ýöne sen garrama, garrama eje!

Bir ýandan iňirdi, bir ýandan haýwat,
Şuňa çydamaklyk özi bir gaýrat,
Alkyşyňy ýetireýin men saýrap,
Ýöne sen garrama, garrama eje!

Lälik gyzyň kime näzin çekdirsin,
Wepaly dostam ýok kime dert aýtsyn,
Saňa derek ykbal meni garratsyn,
Ýöne sen garrama, garrama eje

"Jan guzym, jan gyzym, jan oglum" diýip,
Kalba mähir berýäň, bilemzok doýup,
Ykbalyň öňünde barymy goýup,
Ýalbarýan!Garrama, garrama eje

Söýgüň bilen ýylap dursun gursagym,
Ýykylaýsam galdyrýarsyň tirsegim,
Täleýim men senden ýeke islegim,
Käbämi garratma! Garrama eje!
Uzuk Nowruzowa
5 лайков 122 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.