Sen garrama mähriban...
Çagalykda klasdaş gyzlar bilen bileje aýdardyk bu aýdymy:
"Sen garrama ejejan".
Garramak - bu durmuşyň beren peşgeşi, uzak ýaşamagyň şerti. Aramyzda garrylyga ýetip bilmän hatarymyzdan ir aýrylýan mähribanlarymyz bar. Käşgä uzak ýaşasady, käşgä bille garrasadyk diýýänlerimiziň köpüsi indi diňe ýatlamalarymyzda ýaşaýar.
Ýok, men bu aýdymy döredenleri, ony bize öwreden mugallymymyzy garalajak bolamok. Olaram ejelerimiz babatda gowy arzuw, niýetdedir elbetde.
Käbäm! Ulaldygym saýy senden daşlaşýan ýaly duýýan özümi. Ýöne meni ünjä goýýan zat başga. Ilkinji gezek meni eliňe alaňda nähili adam bolmagymy arzuw edipdiň. Menden tamaň has ulurak bolandyr, bilýän. Sen ýaly enä mynasyp perzent bolmak uly bagt, uly jogapkärçilik. Hiç ýerde Seniň ýüzüňi gyzartmazlyk üçin elimde baryny edipdim. Ýaramaz gylyklarymy saňa bildirmezlige synanyşardym. Ynjydan ýerlerim bolsa ýazygymy öteweri.
Doglan günüň gutly bolsun!
Uzak ýaşa, ýöne hiç garrama mähribanym!

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.