Üç söz

Üç söz
Ýok, ýok, näletleme herhal özüňi,
Ähli günä-ýazyk mende, bagyşla!
Şygra gezek galsa dile çeperdim,
Saňa üç söz aýdaýmadym nagyşlap.

Sen bolsa bu söze uzak garaşdyň,
Gije-gündiziňi dözüp garaşdyň,
Eý, ýigit!
Şol söze gezek galanda,
Sözläp bilmän, öz-özüme çolaşdym.

Şeýdip uzaklaşdyň, bu gün ýalňyz men,
Pylança ýyl dagyn geçipdir eýýäm.
...Ah-h, bizem-ä bagtly bolardyk belki,
Çekinmän diýsedim: "Men seni söýýän..."

      Uzuk Nowruzowa
9 лайков 244 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
16 апр 2023, 19:44
Ol sözi oglan gyza aýtmaly dälmäý.
Pegas
16 апр 2023, 19:48
Gerceknazar
Ol sözi oglan gyza aýtmaly dälmäý.

Oglan aýdanyndan soň, gyzyňam aýdaryna garaşypdyr.
Aksary
16 апр 2023, 20:12
Gercek, Pegas nirede bar diñe oglan aytmaly diyip.
maksat diyip galmak.ya yalñyşmy?
Aksary
16 апр 2023, 20:16
Ýok, ýok, näletleme herhal özüňi,

Yokarky setirin towereklerinde kimiñ ilkinji aydanlygyny duysa bolyar
Gerceknazar
16 апр 2023, 20:45
Aksary.
Gercek, Pegas nirede bar diñe oglan aytmaly diyip.
maksat diyip galmak.ya yalñyşmy?

"Hökman oglan aýtmaly "diýlen zat ýok . Ýöne gyzyň hereketlerinden , sözlerinden ... hem bilip bolýara. Bu ýerde oglanyň söýgüsi ýalan görünýär. Haçana çenli gyzyň "Söýýän" diýerine garaşyp otyrjak?
Aksary
16 апр 2023, 21:59
Gerceknazar,
1nji nokat bn 2nji nokadyñ arasyndaky sözlemjigi tazeden okap netije cykarjagyñy anyk aýdyp bilyarin.sen meniñ yazanymy tazeden okap gör.nokatlaryñ arasyndakylary. We,we-ligine garamazdan .mumkin ol oglan cekinjeñe ýakyn byýzatdyr.

Şahyr diymişleyin:

"Aýdylmadyk söz has agyr
Diýlen sözüñ ahmyryndan"
Aksary
16 апр 2023, 22:02
Kä halatlarda guwanmakdan mahrum bolaryn öýtmeler sebäpli,sözler aýdylman galynýar.ine iñ kyny şu bolsa gerek.
Гость
16 апр 2023, 22:11
Gözüňi gyrpaýmalyda )
Belki
16 апр 2023, 23:02
Goşgy gowy ken. Berekella! Üstünlik! Dowam!
Jedelli meseläñiz hakda aýtsam:
Gyzam aýtmaly ýöne oglany azajyk kösäninden soñ. Ýogsam gadyry bolmaz ))
Edepli Gödek
17 апр 2023, 02:05
Men-ä iň gowsy Tony Starkyňky ýaly motor goýdurjakdaý? gyzlara dözüp bilemok ?.
Goklors
17 апр 2023, 17:50
Hemmäňize derek men aýdyp bereýin. Men seni Söýýän !!!!žAýdyp bilmeseňiz, meniň ýazgylarymy göközäýiň teliňizi uzadyp. :D
Goklors
17 апр 2023, 17:57
Degişýän , goşgyň ideýasy ggaty gowy we zenan maşgala ýazmagy ýerine düşüpdir. Bu, ýaşlary duýgulandyrýar. Bu soraga kim ilki soramaly diýen sorag sorag ýüze çykýar, elbetde erkekler. Zenan maşgala naçar we ejiz.
Goklors
17 апр 2023, 17:57
Degişýän , goşgyň ideýasy ggaty gowy we zenan maşgala ýazmagy ýerine düşüpdir. Bu, ýaşlary duýgulandyrýar. Bu soraga kim ilki soramaly diýen sorag sorag ýüze çykýar, elbetde erkekler. Zenan maşgala naçar we ejiz.
Goklors
17 апр 2023, 18:02
Maňa şeýle ýüzlenme bilen ýüz tutjan (elbetde içindenem) bolan däldir diýip çaklaýan ömrüme. Söýüljek bolsaň söýgäde mynasyp bolmak gerek .