MEN SAŇA BAGTSYZAM DIÝIP BILJEK DÄL

Ilki bilen kakaň gitdi eliňden,
Käbäňem ýakynda dünýeden ötdi.
Soň başyňy tama urup ýörşüňe,
Maňlaýyňdan a:l gan paýyrdap gitdi.

Ejir berdiň, sütem etdiň özüňe,
Ýüregiňe aýylganç nagra saldyň.
Ýaş başyňy ýasa bogup bialaç,
Ýetim owlak ýaly hossarsyz galdyň.

Sende hossaryň ýok, mende-de sen ýok,
Emma seň adyňa goşgularym kän.
Dogry saňa bagtly diýip bilemok,
Men saňa bagtsyzam diýip biljek däl.

Uzuk NOWRUZOWA
7 лайков 110 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
OrazMuhammet Aşyrow
13 авг 2023, 09:54
Ýalňyşmasam goşgy kimdir birine bagyşlanan, okamasy agyr goşgy ýürege agram berdi biraz. Pikir ýazsam ýene agyrjak. Awtordan şu goşgy barada gürrüň bermesini islärdim.
YKBAL
Автор 13 авг 2023, 18:34
mrokas,
Käbir zatlar gizlin galsa gowy.
OrazMuhammet Aşyrow
14 авг 2023, 08:03
Uzuk Nowruzowa,
Hernäme bolsada şol ykbala örän gynandym Allaň özi dertli göwünlere şypa bersin...
Süleýman
26 авг 2023, 22:15
Gowy goşgy bolupdyr duýgular çeperçilik bilen beýan edilipdir üstünlik!