.......

Salam!Men täze agza.Meni öz araňyza kabul edermisiňiz?!Hormatlamak bilen "Ýasama diş"


-Meni hiç zat bilmeýän mal-diýip oýlaýamyň?
-Ýok,malam seniň ýanyňda alym!


Men şu wagta çenli ýüzden gowrak biznese el urdum.Hiç birinde-de işim ugruna bolmady.Indi gidip kelleriň ýurdunda dellekhana açjak.Olam ugruna bolmasa,soň özümi asjak.


Zakirbaý atly bir gazak ýigit Moskwa barypdyr.Aýroportda hajathana girmekçi bolup "Ж" diýip ýazylan gapy jigitleriňki diýip gapyny açsa,içinde bir ors aýal "закрывай- закрывай" diýip gygyrmaga başlapdyr. Zakirbaý oňa seredip: "Sen meni nireden tanaýaň-aý!"-diýýärmişin.


Sygyr öri meýdana otlamaga gidip barýan wagty,öňünden garynja çykypdyr.Sygyr:
-Garynja,nireden gelýäň?
-Öri meýdandan gelýän!
-Öri meýdanyň oty nähili?
-Örän oňat.Meniň dyz boýumdan gelýär!


Durmuş-bu utuşly lotoreýa.Kimlere maşyn,öý,aýal,baýlyk.Kimlere üç metrlik kepen.Boşy ýok.

Suwenir-bu şeýle bir zat,ony siz hiç wagtam öz ýaşaýan ýeriňizden satyn almaýaňyz.


Titanik suwa çümüp barýar.Birinji klass ýolagçylyary halas ediş gaýyklaryna çykan bolsalarda,ikinji we üçünji klass ýolagçylary gämi kapitanynyň aýsbergleriň gämiler üçin peýdalydyklary baradaky ertekisini diňleýärler.


Döwrümiz ösüp gitdi.Akylly sagat,akylly telefon,akylly şäher,akylly öý...Diňe, adamlar akmak!


Milliarder Jamas Anderson uruşly we mafiýaly kinolary görmäni halanok.Sebabi ol,bary-ýogy 10 million dollar üçin,biri-birini öldürmäge taýýar durýan adamlara düşünip bilenok.


Bir binanyň ikinji gatyndan ýykylan adam ýerde ýatsa,onuň ýanyna biri gelip:
-Gowulykmy,näme boldy?
-Aý bilmedim.Menem şuwagt geldim!


Käbir döwletlerde ýaşamak kyn däl,baýlaryny doýurmak kyn.


-Tampaça aýtsam bilermiň?!
-Aýt hany!
-Bir otagda dördüsi,
Işlär diňe birisi.
-Bilmedim!
-Işhanada üç işgär we bir kondisioner.
15 лайков 211 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
13 авг 2023, 12:25
Zakirbaý, Zakirbaý... ?????
Gerceknazar
13 авг 2023, 20:43
@Dowsypat siziň durmuşyňyzam degişmeden doly bolmaly. Gülüp-gülüp hezil etdim. Ýetirip duruň.
My life
13 авг 2023, 21:20
Gowy, gülkünc, öñ eshtmedik degishmelerim. )))
Nazar
13 авг 2023, 22:52
Spasiba Dowsypatjan sypatyndan aylanayyn. :)
Dayanch_02
14 авг 2023, 17:33
Minnetdar gowja degismeler dine one