MERTEBÄNIŇ BAHASY

Bir gezek gadym eýýamlarda baýlyk, ylym we mertebe üçüsi bir saçagyň başyna jem bolup, özara gürrüňe gyzypdyrlar.
Baýlyk özüni magtap başlapdyr: «Meniň adamlara täsirim örän uly. Olary parlaklygym bilen özüme çekýärin. Her bir ýagdaýda meni ýatlamaga, maňa arka diremäge mejbur bolýarlar. Köp kynçylyklar meniň bilen çözülýär gidýär. Meniň ýok ýerimde argynlyk, tukatlyk höküm sürýär» diýipdir. Soňra ylym söze başlapdyr: «Men hemişe akyllar bilen iş salyşýaryn. Işleriň çözgüdini paýhas, mantyk we düzgün kanun bilen çözmegi başarýaryn. Hatda baýlyk gazanmagyň ýollaryny hem men salgy berýärin. Bisowatlyk, garyplyk, sökellik ýaly dertleriň garşysyna hem berk göreşýärin. Adamzadyň geljegi üçin zerur zatlary hem men öwredýärin» diýipdir. Soňra söz gezegi mertebä ýetipdir: «Ikiňize-de hormatym uly, ýöne mertebäniň ýok ýerinde baýlygyň hem, ylymdarlygyň hem bahasy egsilýändir. Mertebäniň bahasy örän uly, ol satylmaýaram, satyn alybam bolmaýar. Kim mertebeli bolmaga jan etse, oňa özümi bagyş edýärin. Kim meni harlasa, men hem ondan ýüz öwürýärin» diýipdir. Soňra olar hoşlaşyp, birek-birek bilen didarlaşyp durmagy arzuw edipdirler. «Biz birek-biregi nireden tapyp bileris?» diýip soraşypdyrlar. «Men gitsem, meni baýlaryň mülkünden, täjirleriň howlusyndan gözläň, taparsyňyz» diýip, baýlyk dillenipdir. «Men gitsem, meni mekdep-medreselerden, alymlaryň söhbetinden gözläň, taparsyňyz» diýip, ylym hem öz salgysyny beripdir. Mertebe näme diýjegini bilmän, dymyp duruberipdir. «Sen näme üçin hiç zat ýaňzydaňok, gitseň, biz seni nireden taparys?» diýip soranlarynda, ol: «Men gitsem, gaýdyp dolanmaryn. Men bir gitsem, meni hiç ýerden tapmarsyňyz» diýip jogap beripdir.

Durmuşda ählimize gerekli hökmany gymmatlyklar bar. Olaryň birini ýokary tutup, beýlekisini peselder ýaly däl, hersi öz ornunda juda ähmiýetli, emma ylma hem, baýlyga hem, mahlasy ýaşaýşa, durmuşa hem has kämil öwüşgin çaýýan zatlaryň biri mertebedir.
3 лайков 155 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
11 ноя 2022, 09:21
Içeri giren joramyz, bamyň senem? Ýitdiň gitdiň ýat bolup :)
Nätdiň, diplomyňy tassykladyp bildiňmi?