MERTEBÄNIŇ BAHASY

Bir gezek gadym eýýamlarda baýlyk, ylym we mertebe üçüsi
bir saçagyň başyna jem bolup, özara gürrüňe gyzypdyrlar. Baýlyk
özüni magtap başlapdyr: «Meniň adamlara täsirim örän uly. Olary
parlaklygym bilen özüme çekýärin. Her bir ýagdaýda meni ýatlamaga, maňa arka diremäge mejbur bolýarlar. Köp kynçylyklar meniň
bilen çözülýär gidýär. Meniň ýok ýerimde argynlyk, tukatlyk höküm
sürýär» diýipdir.
Soňra ylym söze başlapdyr: «Men hemişe akyllar bilen iş
salyşýaryn. Işleriň çözgüdini paýhas, mantyk we düzgün-kanun
bilen çözmegi başarýaryn. Hatda baýlyk gazanmagyň ýollaryny hem
men salgy berýärin. Bisowatlyk, garyplyk, sökellik ýaly dertleriň
garşysyna hem berk göreşýärin. Adamzadyň geljegi üçin zerur zatlary
hem men öwredýärin» diýipdir.
Soňra söz gezegi mertebä ýetipdir: «Ikiňize-de hormatym uly,
ýöne mertebäniň ýok ýerinde baýlygyň hem, ylymdarlygyň hem bahasy egsilýändir. Mertebäniň bahasy örän uly, ol satylmaýaram, satyn
alybam bolmaýar. Kim mertebeli bolmaga jan etse, oňa özümi bagyş
edýärin. Kim meni harlasa, men hem ondan ýüz öwürýärin» diýipdir.
Soňra olar hoşlaşyp, birek-birek bilen didarlaşyp durmagy arzuw edipdirler. «Biz birek-biregi nireden tapyp bileris?» diýip
soraşypdyrlar. «Men gitsem, meni baýlaryň mülkünden, täjirleriň
howlusyndan gözläň, taparsyňyz» diýip, baýlyk dillenipdir.
«Men gitsem, meni mekdep-medreselerden, alymlaryň söhbetinden gözläň, taparsyňyz» diýip, ylym hem öz salgysyny beripdir.
Mertebe näme diýjegini bilmän, dymyp duruberipdir. «Sen näme üçin
451
hiç zat ýaňzydaňok, gitseň, biz seni nireden taparys?» diýip soranlarynda, ol: «Men gitsem, gaýdyp dolanmaryn. Men bir gitsem, meni
hiç ýerden tapmarsyňyz» diýip jogap beripdir.
Durmuşda ählimize gerekli hökmany gymmatlyklar bar. Olaryň
birini ýokary tutup, beýlekisini peselder ýaly däl, hersi öz ornunda
juda ähmiýetli, emma ylma hem, baýlyga hem, mahlasy ýaşaýşa,
durmuşa hem has kämil öwüşgin çaýýan zatlaryň biri mertebedir.
3 лайков 95 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
gulicka
28 ноя 2021, 14:54
dogry+++
1-nji like menden popkorn