Psihologik test#3

Sen nähili adam?
Bu test siziň haýsy häsiýetlere has ýykgyn edýänligiňizi anyklamana mümkinçilik berer. Ony ýerine ýetirmek üçin ýokarda görkezilen 10 suratada ünsli seredip, has ünsüňizi özüne çekýän suraty saýlamaly. Netije asuda we rahat şertlerde kabul edilmeli. Ilkinji gözüňize ilen suraty saýlamaly däl, her bir suratda az kem ünsüňizi jemläp, soňky netijäni yglan etmeli. Öz aňasty aňyňyza ynanyň we özüňiziň nähili adamdygyňyzy biliň.

1-nji belgili suraty saýlan bolsaňyz - onda siz intäk doly açylmadyk potensiala eýe adamsyňyz. Sizde islendik arzuwyňyzy amala aşyrmana doly mümkinçilikler bar: akyl, yhlas, şowlulyk. Diňe ýekeje zat ýetmeýär, olam siziň kararsyzlygyňyz. Şeýle adamlar ömürboýy arzuwlara çümüp ýaşap bilerler, emma şol arzuwlaryny amala aşyrmak üçin hiç hili hereket etmän hem bilerler. Bu olaryň isläýän ähli zatlaryna ýetmäne doly mümkinçilikleriniň barlygana garamazdan.
Maslahat: ilkinji ädimi ätmäne özüňizde güýç tapyň. Soňra ähli zat bolmalysy ýaly bolup gider, esasy zat ilkinji ädimi ädip herekete geçmeklikdir.

2-nji suraty saýlan bolsaňyz - onda siz öýdeçil, maşgalasöýer adamsyňyz. Siz üçin ýakynlaryňyzyň bagty ilkinji orunda durýar. Siziň ýanyňyza elmydama iç dökmäne we maslahat soramana gelýärler. Ýakynlaryňyz hemişe sizden garaşýan goldawyny alýarlar – käte sözde, käte bolsa iş ýüzünde. Şeýle adamlaryň ýetmezçiligi ýaramly maslahatlary berip, şeýle maslahatlary berýän adamlara az gulak asmalary we berilýän maslahatlara uýmazlyklarynyň biderekligi.
Maslahat: berilýän ýagşy maslahatlary diňlemäne çalyşyň, bu size şowsuzlyklardan gaçyp uly üstünliklere ýetmäne kömek eder. Şeýle-de daşyňyzy gurşaýan adamlara öz kiçigöwünligiňizden aşa peýdalanmana rugsat bermäň.

3-nji surat: siz hiç kimiň pikire garaşly bolmadyk şahs bolup, siziň durmuş hakda kesgitli dünýägaraýşyňyz bar. Hiç kim sizi ýoluňyzdan sowup bilmez. Akyl, maksada okgunlyk we soňky netijä has aýdyň göz ýetirip bilmegiňiz – sizi beýik belentliklere ýetmäne ýardam eder. Ýetmezçiligiňiz, özüňize özgelerden artyk baha bermegiňiz, tankydy dogry kabul edip bilmezligiňiz we özgeleriň pikirlerini diňlemezligiňiz. Bu häsiýetiňiz sizi bir gün ýaramazlyklaryň üstünden eltip biler. Test size daşyňyzy gurşaýan adamlar bilen biraz mylaýym hem adamkärçilikli bolmaklygy maslahat berýär.

4-nji surat: bu adamlar hakyky zähmetsöýer adamlar. Olar gowy görýän işleri bilen meşgullansalar islendik sepgitlere ýetip biljekdiklerine ynanýarlar. Hakykatdan hem basym bolmasa-da şeýle şahslar öz islän ähli zatlaryna ýetmegi başarýarlar. Köp işlemek hem peýdaly däl. Öte işewürlik emosional we fiziki ýadawlyga, sussupeslige eltip biler. Käwagt gowy kompaniýada dynç almana, göwün açmana çalyşyň, şondan soň öndürjiligiňiz hem ilerlär.

5-nji surat: bu suraty saýlanlar romantiklerdir. Eger-de siziň ünsüňizi bu surat çeken bolsa, onda siz söýgä uly sarpa goýýan we söýýülmäni gowy görýän şahslarsyňyz. Siz üçin söýgi – bu durmuşyň esasy manysy, eger-de ýakynyňyzda söýgüliňiz ýok bolsa, onda siziň her bir minudyňyz sagada öwrüler. Käwagt öz duýgularyňyza erk etmäne çalyşyň. Aşyklyk gowy zat, emma her bir öňüňizden çykan adama mähir we söýgi bildirmek dogry däl. Köp adamlar bular ýaly hereketleri unamazlar.

6-nji surat: bu suraty saýlan adamlarynyň ömürleriniň manysy karýeradyr (iş). Eger maşgala bilen işiňiziň arasynda birini saýlamaly bolsaňyz, onda siz soňky weriýanty saýlarsyňyz. Siz işiňize ökde, kämil welin, ol ýerde siz üçin aladanar ýaly hiç zat ýok. Rahatlanmagy we ýönekeý adam şatlyklaryndan keýp almagy öwreniň: syýahat etmek, köpçülik ýerlerinde bolmak we mesaýy gürrüňdeşlik.

7-nji surat: siz altruist (özgeleriň bähbidi üçin şahsy bähbidinden ýüz öwürýän, umumy adamzat bähbidi üçin janyny aramaýan adam). Kimdir birine kömek gerek bolsa, ilkinji nobatda sizi çagyrýalar, sebäp siz olaryň haýyşyndan ýüz döndürmejegiňizi bilýärler. Elbetde, bu örän gowy häsiýet we beýle häsiýetdäki adamlar seýrek duş gelýär. Ýöne, käbir adamlar siziň bu gowy häsiýetiňizden öz ýaramaz maksatlary üçin peýdalanyp bilerler. Siz ýaramaz niýetli adamlaryň awuna çalt öwrülýäňiz we olaryň täsirine çalt düşýäňiz. Diňe başgalary däl, özüňizi düşünmegi ýatdan çykarmaň.

8-nji surat: Bu suraty saýlan adamlar köplenç özleriniň näme isleýändigini bilmeýän adamlar bolýarlar. Olar ähli ýerde boljak, hemme zady etjek, ýetişjek bolýarlar. Ýöne, “Bir elde iki garpyz tutdurmaz” diýen nakylym ýöne-möne ýere oýlap tapylmandyrlar. Ähli zada ýetjek bolýanlary üçinem, olar köplenç hiç zatsyz galýarlar ýa-da hiç bir işiň başyny tutup bilmeýärler. Olar ýaly adamlar daşyndan seredäýmäne ýalta ýaly görünse-de, olaryň hereketsizliginiň sebäbi prokrastinasiýa ýaly psihologik näsyzlykda bolup biler.

9-nji surat: Bu tipdäki adamlar hyýalbent bolýar. Size adaty durmuş ýürekgysgynç görünýär, şonuň üçinem siz öz hyýalyňyzda parellel durmuşy gurýaňyz we bulutlaryň arasynda ýüzýäňiz. Hemme zadyňam çaky ýagşy. Hyýallar ajap, emma hakyky durmuş siziň hyýalyňyzdaky durmuşdan size has ýiti mätäçlik çekýär.

10-njy surat: Siz ymgyr akylly we talantly. Emma, islendik zehinli (geniý) adamda bolşy ýaly sizde-de adamlar bilen aragatnaşyk gurmakda, adaty gatnaşyklarda kynçylyk çekýäňiz. Sizi gowy tanamaýan adamlar, sizi akyl taýdan näsag hem hasap edip bilerler.
3 лайков 712 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garabufer
23 апр 2023, 10:10
Özine çekmedi
Maksat
23 апр 2023, 10:39
Ikinji surat.
#B.S
23 апр 2023, 11:21
Dwa ya toje
Yusup
23 апр 2023, 11:50
4nji
Öwreniji
23 апр 2023, 11:53
Men bu suratlaryñ hiç birinde öz ünsimi çekýän rahatlyk görmedim 2 bn 4 ikinjide möjegiñ şekili 4 de bolsa syçanyñ şekili bar biraz häsiýetime ýàkynlygy üçin şolary saýladym
Babababababaý
Автор 23 апр 2023, 12:06
Remezan,
Surat rahatlandyranokda, haýsy surata saýlajagyňyzy karar bereňizde biraz rahat ýagdaýda bolmaly, howlukmaç netije bermeli däl. Her bir surata göz aýlamaly we häsiýetiňize meňzeýän dälde, öz çekýän, beýleki suratlara garanda biraz imrindirýän suraty saýlamaly.
#B.S
23 апр 2023, 13:02
4njide men mikki mausy görýän
#B.S
23 апр 2023, 13:08
1nji suratda Star Warsdaky Darth Vader görünýä.
7nji suratda koala gördüm
2njide şeýtany
3njide süňk
5de tokaŷlyk
6da urkoçy möý
8de tomzok
9da puşkini gördüm ?
10da aýdylmayan zatlaň birini gördüm ?
?Indi men psihmi???
Gauzen
23 апр 2023, 13:27
6..
Öwreniji
23 апр 2023, 13:30
Babababababaý
Remezan,
Surat rahatlandyranokda, haýsy surata saýlajagyňyzy karar bereňizde biraz rahat ýagdaýda bolmaly, howlukmaç netije bermeli däl. Her bir surata göz aýlamaly we häsiýetiňize meňzeýän dälde, öz çekýän, beýleki suratlara garanda biraz imrindirýän suraty saýlamaly.

Şol möjegiñ şekili ýakyn
S❤
23 апр 2023, 14:16
4 nji
LIDER
23 апр 2023, 14:25
3 nji
Dowsypat
23 апр 2023, 15:04
2 möjek galanlaryny saýlasym gelenok
Babababababaý
Автор 24 апр 2023, 09:05
10-njy suraty doly terjime edip otyrmadym, iň soň saýlanam ýok eken.
#B.S
24 апр 2023, 09:08
onda siz öýdeçil, maşgalasöýer adamsyňyz - Maşgalasöýerligmä dogry welin öýdeçilä däl men.

Siz üçin ýakynlaryňyzyň bagty ilkinji orunda durýar. Siziň ýanyňyza elmydama iç dökmäne we maslahat soramana gelýärler.
???
Ýakynlaryňyz hemişe sizden garaşýan goldawyny alýarlar – käte sözde, käte bolsa iş ýüzünde.???
Şeýle adamlaryň ýetmezçiligi ýaramly maslahatlary berip, şeýle maslahatlary berýän adamlara az gulak asmalary we berilýän maslahatlara uýmazlyklarynyň biderekligi ?
Maslahat: berilýän ýagşy maslahatlary diňlemäne çalyşyň, bu size şowsuzlyklardan gaçyp uly üstünliklere ýetmäne kömek eder. Şeýle-de daşyňyzy gurşaýan adamlara öz kiçigöwünligiňizden aşa peýdalanmana rugsat bermäň.?
Maksat
24 апр 2023, 09:24
Bäh diýdirdi tema. Şu testler iñ soñunda at-familiýañy aydarmyka diýýän:)
Gauzen
24 апр 2023, 09:58
Bääää
S❤
24 апр 2023, 14:18
Aslynda psiholog testler ya astrologiki yyldyzlar pozitiw pikiri aydyar. Herkimem sony ozune cekyar. Seydibem her kim ucin ol dogry
Babababababaý
Автор 24 апр 2023, 14:31
Xyivenia_babayeva.,
Siz öz häsiýetiňize beletsiňizä?! Siziň esasy aýratynlaryňyza gabat gelmedimi ýokarky aýdylýanlar?!
S❤
24 апр 2023, 19:37
Gabatgeldi, dogry. Yone esasy hasiyetim ol daldi ya men sol dp pikir edemokdym.
sowagt so sany belgilanson ol men ucin gymmatly boldy. sondaky zat indiden son esasy zada owruldi. ( herkim ucin seylerakmika diyyan)