Iň gowy gizlin/gorkunç 4 roman maslahat berýän

Hemme kişiň halaýan bir roman görnüşi bolýar. Meniň halaýan romanlarym gizli (polisiye) we gorkunç romanlar. Sebäbi bular bilesigelijilik derejesini gaty ýokarlandyrmagy başarýarlar. Ýagny ruhy has janly saklaýar okap başlasaň. Menem size okan gizlinlik/gorky romanlarymyň käbirini paýlaşmak isleýärin (ýalňyşlyklaryň howada gaýyp ýören saýdynda roman paýlaşmak nä derejede dogry olam aýry mesele). Birem menem "ň", "ý" goýup ýazyp başlaýyn saýtdakylaryň esasy bölegi şeýtýär eken welin, ýaltanýardymaý başda ýazýançaň 2 sagat. Ýöne grammatika hormatym uly. Näme bolsa Google Playda öz dilleri bilen däl-de (suwjaryp) türkçe teswir ýazýanlar ýalaga däl, şükür. Borda tema geçeýin.

1. Paranoya - Tami Hoag.
Birinji maddada Tami Hoag eseri bar. Örän gowy roman. Esasy aýratynlygy bolsa dili ýeňil, okamak aňsat suw ýaly akyp geçýär. Men türkçe okaýan bilmedim eýleki dillerde nähili. Hekaýamyzda Andy Fallon atly bir ýigit ölýär, baş gahryman polisiýalarymyz öýüne baranda asylgy duran eken (endamy durşuna ýalaňaç), öňünde aýna dur eken ullakan ýokarsynda hem "gynanýan" diýip ýazylypdyr. Şol jenaýaty işleýär awtor, özüni öldürdimi, ýa-da özi bir psihopatmy, öldürildimi, elbetde başga wakalara hem baglanýar, iş çuňlaşýar. Sähelçe aýdyp geçýän şuwagt sebäbi biraz aýtsam gyzygy galmaýar. Men awtora erkekmikä öýtsem aýal eken geň galdym. Gaty gyzyklydyr, wagtyň nädip geçenini bilmersiňiz, men elektron görnüşini alamda göni oturamda 160 sahypasyny okapdym. 3 günde dyndym. Hökman okaň, dili aňsat we örän gyzykly.

2. Kizil Nehirler - Jean Christophe Grange.
Poliseýskiý romanlaryň atasy. Eger okamadyk bolsaň gynanýaryn saňa. Ajaýyp eser. Bu kitap meşhur kitap köpüňiz bilýänsiňiz. Diňe Fransiýada 400.000 satylypdyr, Türkiýede 70-e ýetipdir çapy, bir çapda azyndan 3 müň kitap bardygyny çaklasak örän köp satylypdyr. Grange şeýlede gaty gowy ýazýar, ýagny bu adam bir nahar kitaby ýazsa alyp okaň. Hemme kitaplary gowudyr onuň, bu işiň ussady çyndanam, adamyň bir erbet kitabam ýok. Aslynda meşhur bolany üçin goýdum bolmasa hemme kitabam maslahat bermäge degýär. Birazajyk dili agyr diýäýmeseň. Kitapdaky hekaýa daşda ýerleşýän bir uniwersitet we şol ýerdäki jenaýatlar bilen baglanyşykly. Baş gahryman polisiýa Pierre Niemans daglyk ýerde, gaýalyklaryň arasyna ýerleşdirilip, gözleri oýulyp, köselip, endamlary ýakylyp öldürlen adamyň jenaýatyny alyp çykmak üçin şol ýere ugradylýar. Bu adamyň näme üçin gözleri oýulan? Gaýalyklaryň içine näme üçin ýerleşdirildi? Esasanam ganhor diňe şu jenaýat bilen durarmy ýa-da başga jenaýatlar işlärmi?
Umuman örän gyzykly, hökman okalmaly kitaplaryň biri. Gaty gizlin zatlaram bar, iblisler bar, olar kim, ony özüňiz okap biliň.

3. Başsyz atly - Maýn Rig.
Aslynda kiçikkäm okapdym bu kitaby. Türkmençesem bar bu kitabyň ýagny terjime edilipdir 1979-da. Kitapda gorkunç zat ýok, ýöne gaty uly gizlinlik bar we sizde gowy bilesigelijilik döreder. Okan bolmagyňyz ahmal. Gysgaça hekaýamyzda adyndanam belli bolşy ýaly bir başsyz atly çykýar, atyň üstünde bir adam bar ýöne kellesi ýok. We ýaşaýyjylaryň köpüsem ony görüp haýran galýalar. Nädip bu adam kellesiniň ýokdugyna garamazdan at çapyp aýlanyp ýör, ýykylman atyň üstünde otyr. Kitaby menä haladym, kiçikäm okapdym ýöne täzeden okajak ýene.

4. Koloni - Jean Christophe Grange.
Ýaňky atamyzyň ýene bir ajaýyp eseri. Umuman Grange çylşyrymlaşdyryp ýazýar. Bu eseri has çylşyrymly, wakadan waka geçýäris, okap otyrkaňyz "bu beýle boldy, olam beýle, onam beýtdi" diýip pikir edersiňiz. Gaty gyzykly. Edil Gyzyl Derýalar ýaly däl, Gyzyl Derýalardan has çylşyrymly, meniň pikirimçe Gyzyl Derýalar sähelçe gowumyka diýýärin, ýöne sähelçe. Munuň eserleri çylşyrymlydyr, ýagny hakyky real ýaly düşündirip bilýär, ýaňy ýazdym Tami Hoag bolsa ýüzleý düşündirýär, ýagny kän çylşyrymly däl, şeýle okap geçip gidýäňiz. Şol sebäpli aňsat ýagny başlangyç üçin okasaň suw ýaly gider.

Birem Tess Gerritseniň "Cerrah" kitabam bar ýöne has ulaldylan, şol sebäpli biraz ulular okasa gowy bolar ýöne kitap gaty gowy, isleýänler okasyn.

Siziňem normalnyja bilýänlerňiz bar bolsa ýazyň, haýsylary gowy görýäňiz.
5 лайков 456 просмотров
58комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
08 июн 2023, 20:08
Sag bol örän gowy romanlar birinem okamok. Ýöne başsyz atlynyň kinosyny görüpdim.
#B.S
08 июн 2023, 20:31
• Reý Bredberi - Farengeýt boýunça 451 gradus
• Jorj Orruel - 1984
• Paolo Koelo - Alhimik
• Reý Bredberi - Mars hronikasy
• Aýzek Azimow - Kosmos akymlary
• Sýuzan Kollinz - Açlyk oýunlary seriýasy
• Aleksandr Belýaýew - KES ýyldyzy
• Artur Konan Doýl - Baskerwiller iti
• Artur Konan Doýl - Ýogalan dünýä
• Gerbert Uells - Görünmez adam
• Jorj Orruel - Haýwan fermasy
• Joana Rouling - Garri Potter romanlary
• Antuan de Sent Ekzýuperi - Kiçijik şazada
• Daniel Defo - Robinzon Kruzo
• Jonatan Swift - Gulliweriň syýahatlary
• Robert Stiwenson - Hazynalar adasy
• Jýul Wern - 80 günde dünýäni aýlanmak
• Lýuis Kerrol - Alisa täsinlikler dünýäsinde we aýna aňyrsynda
• Mark Twen - Tom Soýer we Gekklberi Finniň başdan geçirmeleri
• Terri Pratçet we Stiwen Bakster - Uzyn dünýä
• Stiwen King - Gümmez astynda
• Hudaýberdi Tohtaboýew - Sary döwi münip
• Nuriddin Ismaýilow - Mafiýa başlygy trilogiýasy
• Reýimbaý Sabirow - Dünýäniň syry
• Reýimbaý Sabirow - Syrly mukam
• Reýimbaý Sabirow - Togalak dünýä
• Rahman Zülfikarow - Google
• Çingiz Aýtmatow - Ak gämi
• Nurmyrat Saryhanow - Şükür bagşy
• Jorj Emerson - Tüsseleýän Hudaý
• Mir Amman - Dört derwüş
• Wiktor Pelewin - Haşhaşyn
• Stiwen King - Möjek adam ýyly
• Erih Raspe - Mýunhauzeniň başdan geçirmeleri
• Stiwen King 11/22/63
• Ahmed Hilmi - Amak-i Haýal
Bahara
08 июн 2023, 21:15
Grange gaty govy. Email yazdym barandyr goray
Goklors
08 июн 2023, 21:36
Detektiw romanlar diýsene.
Sapar aga
Автор 08 июн 2023, 21:43
Khanture,
Stiwen King gowudyr, ol has çylşyrymlaşdyryp ýazýar soň birleşdirýär. Ady ýaly King özem.
Sapar aga
Автор 08 июн 2023, 21:44
Bahar_Seyimowa,
Gowmy Bahar senem barmy bärde. Linka ýazaý poçta açanok.
#B.S
08 июн 2023, 21:46
Goklors,
Pahyr türk dilinde köp okaýa öýdýän...
Гость
08 июн 2023, 22:17
"Baý kaka, garyp kaka" kitabynyň orsçasy ýa özbekçesi kimde bar? Türkmençesinä okar ýaly däl. Oňarmandyrlar terjimäni (başyny okadym ýöne. Soňam gowy däldirle)
#B.S
08 июн 2023, 22:21
Гость,
Alyp bereými orsiçesinini
Гость
08 июн 2023, 22:23
Khanture,
Şeýtsene, orsçasy ýa özbekçesi. Özbekleriň terjime edişem gowy
#B.S
08 июн 2023, 22:40
Гость,
Aldym iki dildede, poçtaňy ýaz ýene kyn görmeseň
Гость
08 июн 2023, 22:45
Khanture,
Kyna gördüm. Onda-da ýazaýyn zýomym bolaňsoň )


dowletow.95@list.ru
#B.S
08 июн 2023, 22:47
Гость,
Ugratdym
Гость
08 июн 2023, 22:49
Khanture,
Sag bol
Sapar aga
Автор 08 июн 2023, 23:08
Khanture,
Romanlar jenaýat bilen baglanyşykly, türkçesi belli "polisiye", polisiyeniňem türkmençesi ýok, şol sebäpli türkçesini bolşy ýaly ulananymy gowy görýän.
#B.S
08 июн 2023, 23:18
Ahtopot,
Detektiw diýilýä şoňa türkmençe, eger bilmeýän bolsaňyz ?
Sapar aga
Автор 09 июн 2023, 00:43
Khanture,
Google Translate türkmençe bilenok aýdaýyn. Türkleriň söz baýlygy uly, detektif gizli polisiýa, ýöne gizlin polisiýa ýok, ikinjidenem polisiye diýmek diňe polisiýa degişli bolan zatlar diýmek. Türkçäni gowy öwrenmegiňi maslahat berýärin.
#B.S
09 июн 2023, 01:53
Ahtopot,
Men bu sözi google perevoddan terjime etmedim. Polisiye diýdigiň, Detektiw bolýa türkmen dilinde. Öziň aýtdyň ilki jenaýat bilen bagly diýip. Detektiw eserlerdede aňtawçylar we polisiýa jenaýatçylykly işleriň syryny paş edýä. Sen ilki öz türkmen diliňi gowy öwren.
Sapar aga
Автор 09 июн 2023, 02:35
Khanture,
Ýönekeý zada düşüneňokda. Polisiye sözi bilen detektif sözi bir däl, şony düşündirip bilmän geçdim. Olaňkyda hem detektif hem-de polisiye sözi bar we ikisiniň manysy aýry, bizde bolsa ikisi üçinem şol bir zat bar, onam özüň aýdýaň diňe detektiw. Bulam biziň sözlerimiziň ýetersizdigini görkezýär. Şol sebäpli "türkçesini bolşy ýaly ulananymy gowy görýän" diýdim.
Sapar aga
Автор 09 июн 2023, 02:37
Khanture,
Maslahat diýlen zat bir zada doly göz ýetireniňden soň berilýär, manysyna doly düşünmän däl.
#B.S
09 июн 2023, 02:48
Ahtopot,
Türk dilinde "detektif romani" diýen düşünje ýok. Seň aýdyşyň ýaly "polisiye romani" diyen düşünje bar. "dedektif roman" diýip googleda gözleg bereňde saňa polisiye roman diýip çykaryp berýär.
https://tr.m.wikipedia.org/wiki/Polisiye
https://ru.m.wikipedia.org/wiki/%D0%94%D0%B5%D1%82%D0%B5%D0%BA%D1%82%D0%B8%D0%B2
Sapar aga
Автор 09 июн 2023, 13:49
Khanture,
:)
#B.S
09 июн 2023, 14:11
Ahtopot,
Türk dilindäki "detektif" sözi aňtawçy diýmek we ol bir edebiýat žanryny aňladanok. Türk dilinde Detektiw žanry "Polisiye türü" diýlip bilinýär. Egerde sen türkmençe yazjak bolsaň "polisiye romani" diýip özüñçe türk dilindäki sözi sokup oturmaly dälde "detektiw romany" diýip ýazmaly hanogul! Öziňçe birzatlar açyş edesiň gelýä öýdýän ?. Köpräk oka!
Sapar aga
Автор 09 июн 2023, 14:19
Khanture,
:)
#B.S
09 июн 2023, 14:43
Ahtopot,
Ýalňyşýandygyň ýüzüňe basylandygna janygyp, ýylgyran bolýaňmy? ?
Sapar aga
Автор 09 июн 2023, 15:33
Khanture,
Onuň üçin däl-de welin, näme üçin jedelleşmäni gowy görýäň? Real durmuşdada şeýdip ýörmüň? Näme peýda bar?
#B.S
09 июн 2023, 15:40
Ahtopot,
Men jedelleşmek islämokdym. Barsyna özüň başladyň...
Sapar aga
Автор 09 июн 2023, 15:42
Khanture,
"Ýalňyşýandygyň ýüzüňe basylandygna"

Şu sözi içiň ýanyp diýdiňmi ýa-da çyndanam ýüzüme basmaga şolar ýaly meýilli bolanyň üçinmi?
#B.S
09 июн 2023, 15:43
Ahtopot,
Oňa näme üçin içim ýanmaly? ??? sen ýaman gülkünjaý.
#B.S
09 июн 2023, 15:44
Ahtopot,
Oňa näme üçin içim ýanmaly? ??? sen ýaman gülkünjaý.