Ateistler çyrany söndürenoklar

ler çyrany söndürenoklar
LER ÇYRANY SÖNDÜRENOKLAR

Meniñ iş ýerimde diýseň kän, men olaryň her dürlisine gabat gelip gördüm. Meniñ iş ýerim transport ulgamyna degişli bolany üçin, gije-gündiz işlemeli bolýar. Şol sebäpden biz hem gije-gündiz nobatçylyga çykýarys. Biz nobatçylyga hemişe 2-3 adam bolup çykýarys, gapdalymda nobatçy (çalşyk) inžener bolýar, biziň oturýan iş otaglarymyz aýry aýry. Ana, şol nobatçy inženerleriň içinde, köplenç ler gabat gelýär. Olaryň köpüsi özleriniň kimdigini aç-açan boýun alýarlar, käbirleri gizlenýärler, käbirleri bolsa: —Kakam Hudaý ýok diýdi diýip, özleriniň digini kakdyrýarlar. Olar näme diýseler-de, olaryň barsynyň arasynda bir meňzeşlik bar, olar gijeki nobatçylykda, iş otagda çyrany söndürmän oturýarlar. Näme üçin beýle edýäňiz diýip soramda, —birden biri meni barlamaga gelse, maňa ýatan öýdäýmesin diýýärler. Dogrymy aýtsam, gije çyralary ýanyp duran otagy görüp, bu ýerde-de gije adam bolýan eken diýip, her tüýsi adamlar olaryň ýanyna gelýärdi.
Daşyndan göräýmäge adamlar hem, adaty durmuşy ýaşaýan ýaly bolsa-da? Hakykatda ýagdaý beýle däl eken. leriň durmuşy aňsat däl, sebäbi her bir adamyň durmuşynda Hudaý bolaýmaly, başgaça aýdaňda meýilnama bölümi. Mysal üçin, meniň durmuşymy we gelejegimi Hudaý meýilleşdirýär. Maňa onuň ygtyýaryndan sypma ýok, başyma näme gelse Hudaýdan gelýär. leriň durmuşynda Hudaý ýok, ýöne Hudaýyň wezipesini barybir biri, hökman ýerine ýetirmeli. Onsoň leriñ özleri bar zady meýilleşdirip başlaýarlar. Gije çyra sönmeli däl, işe mydama doly formada gelmeli, galstuk mydama dakylgy bolmaly, bar zady bolmalysy ýaly ýerine ýetirmeli. Hepde-de bir-iki gezek hökman uly başlyklaryň gözine görünmeli we olar bilen ýylgyryşmaly. Öziňi peýdaly işgär hökmünde görkezmeli, başga işdeşleri satmaly. Aklymdan çykmaz ýaly, elmydama täze informasiýa çöplemeli, we iň soňky gep-gybatdan habarly bolmaly. Garaz ler, dumly-duşdan ätiýaçly bolmaly adamlar eken. Hudaý ýok, diýmek ýykylsaň galdyrjak we syrtyňy ýapjak ýok. Diýmek ähli soraglarda öz syrtyňy özüň ýapmaly. Aýalyň agyr keselledimi, aýalyňy taşlaýaň, gabrystanda entek diri wagtyň ýer satyn alýaň, we ýadygärlik dikýäň, diňe içine giräýmeli edip goýýaň. Kelle gije-gündüz gelejegi meýilleşdirýändigi sebäpli, känbir dinç alyp bileñok, şeýle kelläni gijelerine öçürmeli bolýar, onsoň ler ýuwaş-ýuwaşdan arak içip başlaýarlar. Iň soňunda-da şol beladan ölüp gidýärler.
Köplenç internetde, käbir adamlar özleriniň digini bir tüýsi buýsanç bilen yglan edýärler, hamala Hudaý ýok diýip aç-açan aýtmak, olary başgalardan tapawutlandyrýan ýa-da beýgeldýän ýaly? Siziň baryňyz kör, men bolsa gözli we şoňa meňzeş pikirler. Hakykatda bolsa bu ýerde buýsanara hiç zat ýok, men leri diýseň golaýdan gördüm we olaryň ähli kemçiliklerini bilýärin. Eger daş-töwerek gaýnaberse, hatda öz ejelerini we çagalaryny ortada goýup, öz gara başlaryny satyn almaga kaýyl. Sebäbi Hudaý ýok, O dünýe ýok, diýmek ertir hiç kimiň öňünde ýüzüňi sallap durmaly däl.

@Rahman Zulfikarow
1 лайков 181 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
Автор 13 июн 2023, 00:19
Aťeiser sözüne senzura bardygy ýada düşmändirä bla
programmist_Lilith
13 июн 2023, 03:17
leriň öňünden awtowatiçeski özi goýuldy aýrylan sözüň, aýrylsa-da dikeltmek senzurasy meniň kellämde bar eken haha
Goklors
13 июн 2023, 07:32
aý bula beterinden beterini tapýara. Ataistler indi kazýolam boldy
Sapar aga
13 июн 2023, 11:30
Rahman Zulfikarow, bolgusyz zatlary ýazyp (adamlary aldap eklenmek ýeňil) ýetişýär, "obýektiwlik" barada söz eden ýigidimiz bolsa bize ol makalalary ýaltanman ýetirýär, tüweleme.
#B.S
Автор 13 июн 2023, 12:00
Ahtopot,
Halamasaň we bolgusyz pikir etseň getir öz garaýşyňy we obýektiwligiňi. Göreli bizem. Bolmasa biderek samahyllama