Ýeke bentde giden many
Öýtme, şahym, hemmäni sen bir wepadar ýar bolar,
Hemmäni sen dost saýdyňmy?! Belki, ol agýar bolar,
Bir wepadar, belki, ol älemde serdar bolar,
Ýar bolar, agýar bolar, serdar bolar, dildar bolar.
(Ýowuz Soltan Selim)
Beýik Osmanly türkmen döwletiniň görnükli hökümdarlarynyň biri Ýowuz Soltan Selimiň galamyndan çykan bu bendi keseligine okasaňam, dikligine okasaňam şol bir manyny aňladýar. Bize mälim bolan maglumatlara görä, şu günki güne çenli şeýle görnüşde başga eser döredilmändir. Goşgynyň döreýiş taryhy barada biri-birine ýakyn birnäçe rowaýat bar. Ol rowaýatlaryň özeni, ine, şeýle:
Ýowuz Soltan Selim diňe bir güýçli hökümdar ýa-da gaýduwsyz serkerde bolman, eýsem, edebiýatdyr küşt oýnundanam oňat baş çykarypdyr. Onuň esasy duşmanlarynyň biri bolan Eýran patyşasy şa Ysmaýylam edebiýaty, küşt oýnuny gowy görüpdir. Ol wagtal-wagtal ökde küştçüler bilen güýjüni synapdyr. Mundan başga-da, şahyrlara aýratyn sarpa goýup, olaryň käbirini köşgünde ýörite saklaýar eken.
Rowaýata görä, şa Ysmaýylyň bu häsiýetlerinden habarly bolan Soltan Selim bir gün derwüş sypatyna girýär-de, Eýrana barýar. Bazarda, kerwensaraýlarda, jemendäniň üýşen ýerinde küşt oýnap, garşydaşlarynyň hemmesini ýüzüniň ugruna ýeňýär. Ahyry bu geň derwüş hakyndaky habar şa Ysmaýyla gulagyna baryp ýetýär. Ol: «Derwüşi köşge getiriň! Onuň bilen menem bir döw küşt oýnaýyn!» diýýär. Ýöne derwüşden şanyň hem döwi pes gelýär. Şa Ysmaýyl muňa dergazap bolup: «Heý, sende sylag-hormat diýen zat ýokmudyr?! Menden üstün çykmaga neneň het edip bildiň?!» diýýär-de, eliniň tersi bilen derwüşiň gulagynyň düýbüne çalyp goýberýär. Soltan Selimem şanyň gaharyny ýazmak üçin, onuň şanyna öwgüli goşgular goşýar. Ahyrsoňy köşkden gaýtjak bolanda, Eýran şasyna ýokardaky bendi okap berýär. Emma şa Ysmaýyl şonda-da onuň Soltan Selimdigini aňmandyr.
Şol wakadan birnäçe ýyl soň, 1514-nji ýylyň 23-nji awgustynda bolan söweşde Soltan Selim şa Ysmaýyly ýeňip, oňa bir hat ýollapdyr. Hatynda şol küştçi derwüşiň özüdigini aýdypdyr. Onsoňam iýen şarpygynyň aryny alandygyny, hatda şarpygy onuň ýaly däl-de, özüniňki ýaly edip çalmalydygyny ýazypdyr. Emma bu Soltan Selimiň şarpyk iýeni zerarly şa Ysmaýyl bilen söweşendigini aňlatmaýar. Olaryň söweşmeginiň mundan başga birnäçe sebäbi bar. Soltan Selim baryp-ha şazada wagtlary şa Ysmaýyly ýeňmegi arzuwlaýar eken.
Aslynda, Soltan Selim şol meşhur ýeke bendiň üsti bilen birnäçe hakykaty: her bir öňüňden çykanyň diňe dost däl-de, eýsem, duşmanam bolup biljekdigini, hatda serdar bolaýmagynyň hem ahmaldygyny ýaňzydýar.
Taýýarlan: Mekan ANNABERDIÝEW

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.