UKUSYZ GIJE

Ýyldyzlary kim kakdyka asmana,
Kimkä Aýy şol agladan ýöreden?!
Käbir adamlary küýsedip ýene,
Asyl, kimkä gijeleri döreden.

Düýşlerimiň derwezesi açyk dur,
Emma weli oňa asla gelen ýok.

Köçä çykdym,
Aý nuruny saçyp dur,
Bu gijede ygyp ýören ýelem ýok.

Bilmen häzir haýsy ýurduň çäginde,
Gije bilen gündizligiň serhedi.
Gijäň şeýle ýürekgysgynç çagynda,
Parahat uklapdyr «Parahat-7».

Bisalgy ädimim.
Ýollaň arkasy.
Uly köçe.
Ýol belgisi.
Duralga...
Adam şu zatlary ulanman gurýar,
Kalpda bir-birege ýoda guranda...

Ukusyz gijeden takatyň gözläp,
Gyýylýarsyň, geçenlere ökünýäň.
Emma geçen ýollarmyzyň ahmyry,
Didelerden geljegmize dökülýär.
2 лайков 132 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
Автор 13 июн 2023, 22:54
«Özgereris ikimizem, ýyllar soň,

Ine, basym ýadyňdanam çykaryn».

Ýanymdan gideniň ýadymdan gitmez,

Aýralygy neneň edip çekerin?!

Seň ornuňda ýüregimde ýer tutar,

Saňa derek seni küýseýän zarym.

Gözler ýygyrt atmaýarlar, mähriban,

Gerek bolsa dideleňden tanaryn.

Aldyň-da eliňe sapakdyr iňňe,

Akja köýnegimi çatyp başladyň.

Köýnegmiň gursagna batan iňňe deý,

Kirpikleň kalbyma batyp başlady.

Bitdigiçe köýnegimiň bedeni,

Ýüregim çäk bolup, açyldy ara.

Indi bolsa iňňe-sapak taparmyň,

Ýüregimiň ýarasyny ýamara?!
Gerceknazar
13 июн 2023, 23:47
Goşgylaryň awtor(lar)y kimkä?
Elif
Автор 14 июн 2023, 00:18
Seýran SEÝITMÄMMEDOW