ÇAPGY ÝASSYGY / kaleýdoskopik hekaýa
Aýyl ukuda (prolog)
Ikindiniň şapagy gögüň eteginde gan çaýkaýar, ilerden bolsa bu gany ýuwmagy niýet edinen agyr gara bulutlar assa-ýuwaş akyp gelýär.
Itenek bazara dönen şäheriň gowry artyp ugrady. Märeke maşynda ýa awtobusda, iki aýakda ýa-da iki tekerde öýli-öýüne howlugýar. Penjirämden ne kanal görünýär, ne-de bir dag. Diňe küňrült-ak reňkiniň öwüşginleri bilen ýüregiňi mynçgalaýan şäher köçeleri, ýanýodalary, ýaşaýyş(?) jaýlary.
Pensiýa çykyp, hormatly (munda nä tüýsli hormatyň bardygyna teý düşünip bilmedim) zähmet rugsadymyň bary-ýogy ikinji hepdesiniň erňegini ýykdym.
Indi men sykaja salnyp, bar şiresi alnansoň zibile zyňylan gury gabyk.
Ýanyp-köräp, deme dartylyp, ahyrsoňam küldanda mynjyradylan çilim naýçasy.
Eti-löti gyrlan adam paçagy.
Saçymyň agy äpişgäniň aýnasyndaky sudurymda çala saýgardýar. Naždaga dönen eňegimi sypaýan, – şu sakgal bilen köpçülige çyksam, köp kişiň gözüne çümjegini bilýän.
Tutyny goýberip, dermanlarymy içdim, öňden saýlap goýan iki kitabym bilen irdenki gazeti alyp, ýatalga geçdim. Başujumdaky gülçyrany ýakaga-da, onuň ölügsi ýagtysynda äýnegimi dakynyp, kitaplaryň birini çem gelen ýerinden okap başladym.
Hawa, geň görülse-de, şu endigim bar – kitap okamak endigi. Kä adamlaryň düşünjesine görä men könäň ýaramaz galyndysydygymy aňýan, ýöne edebiýata bolan söýgi maňa çagalykdan siňipdir. Öz çagalaryma welin, kitap okamagy öwretmek başartmady. Olar kompýuteriň hem telefonyň ýüzüne tiňkesini dikenini gowy görýärler, beýnilerem çipden ýa fleş diskden uludyr öýdemok, içem doly neme… infeksiýa.
Garaz, meň aňrym indi bärimden golaý. O diýen garry bolmasam-da, muny duýýan. Çöpüm tükeniberdi. Ýaşlara düşnükli dilde aýtsam, ömür diskimiň ýady dolup, reňki gyzardy, bahym ýa format edilip, ähli zady ýatdan çykararyn, ýa-da köýerin.
Gören üýtgeşik bir ömrümem ýok, täsin başdangeçirmelerem meň başymdan geçmedi. Ýöne, ynha, kitap okap, özümi dürli ýazyjylaryň dürli kitaplarynyň gahrymanynyň ornunda göz öňüne getirmegi güýmenje edindim. Käte öz ömrüme şol ýazyjylaryň nazary bilen garamaga synanyşýan. Gyzykly bolýar. Şondan başga pişämem galmady.
Ine, nusgawy hindi şahyrynyň ýukajyk goşgular ýygyndysyny o ýerinden-bu ýerinden açyp, hiç bir sahypasynda uzak eglenmän, okap gutardym.
Sen hemdemim, hem demim… – diýen ýaly iki-ýeke setiri ýadymda galdy diýmeseň, döredijiligi beýle bir täsirli däl eken*. (çykgytlar teswirde ýerleşdirilen)
Gazetem meni uzak güýmemedi: soňky sahypasynda ýerleşdirilen «Parz»** atly hekaýanyň ýarysyny okadym-da…
Garaz, beýleki kitaby alyp, daşyndaky suraty synladym. Onda ýaş ýigit bize arkan öwrülip, ýüz görülýän aýna seredip dur, ýöne diwardan asylgy pişme şekilli aýnadanam onuň ýüzi-gözi görnenok, – gaýtam ol ýerdäki ýigidiňem ýeňsesini öwrüp, öňündäki aýna garap durşy. Ol aýnanyň içindäki aýnalarda-da şol bir görnüş gaýtalanýar.
Kitabyň ýüzünde eseriň ady ýazylgy – «ÇAPGY ÝASSYGY». Awtoryň kimdigi welin, görkezilmändir.
Bu neşiri nireden tapanym ýadyma düşenok, ýöne resmi ýagdaýda çap edilmändigi göz-görtele: hiç ýerinde neşirýat-çaphana maglumatlary ýok, diňe titul sahypasynda «Aşgabat – 2019» diýen bellik bar.
Haýp, ondaky wakalar hernäçe gyzykly bolsa-da, gabyklarym bahym ýelmeşip ugrady. Pallap-pallap, oturtma dişlerim äňimden gaçmanka, kitaby endigime görä ýassygymyň aşagyna salyp, uklap galypdyryn…
Onuň kakasy
Şol ýatyşyma ir bilen gapyň tyrkyldysyna oýandym.
Tutuş süňňümde agyr argynlyk duýdum. Ýatan ýerimden gymyldamaga-da ysgyn-mydarym ýokdy. Ýatalgamda dikelip oturjak boldum, başartmady, diňe ellem-aýaklam özümden biygtyýar öňümde kelemenläp durdy.
Gapyň tyrkyldysy ýene gaýtalandy. Bu gezek öňküsinden çala dogumlyrak kakyldy. Işigiň aňyrsyndan gyzymyň sesi geldi:
– Kaka, turaňokmy, sen bu gün işe gitmeli dälmi? Ertirligiň-ä taýýar.
– Oýandym. Häzir turjak – diýemde, öz sesimiň beýle çakyr ýaňlanyşyna özüm haýran galdym. Ýogsam operada zowladybermeli owazly sesim bar.
– Hiý, kaka! – diýip, gyzym howsalaly gygyrdy. Sesimdäki özgerişi olam duýupdyr. – Janyň beri sagmy? Gürleýşiň üýtgäpdir-le?
Gapyň aňyrsynda dükürdi köpeldi. Gyzymyň ýanyna aşhanadan aýalymam ylgap gelen bolmaga çemeli. Olam alada edendir-dä:
– Eýgilikmi? Näme, kesellejek bolýaňmy? – diýip sorady.
Men başardygymdan sesimi ýognaldybrak jogap berdim:
– Gowy hemme zat. Gaýgy etmäň.
Olar gapynyň tutawajyny şakyrdadyp ugranda gaharly gygyryp ýetişdim. Bu gezek sesim, dogrudanam, ýogynrak, özem çala gyryljyk çykdy:
– Ýok, girmäň! Häzir geýnip, özüm barýan.
Ikisi buýrugymyň çasly ýaňlanyşyndan çekindimi ýa ondaky hyrryldydan gorkdumy, bilmedim, ýöne indi ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Meni günüme goýup, öz işleri bilen boluberdiler öýdýän.
Maňa geregem şoldy. Ýerimde dikelip bilmesem-de, diwardaky sagada seretmek üçin özüme zor salyp kellämi öwürdim. Eý Hudaý, ýediň ýary bolaýypdyr. Ýaram däl, on bäş minut galypdyr. Haýdamasam, işe gijä galýan. Bankyň administratory onsuzam meni başyna togap edip baranok, gijigenimi dagy göräýse, göhi geler. Bahana arap, derrew başlyklara şugullar. Barja wezipäm ýumuşgärlik welin, şoňa-da göz gyzdyrýanlar bar, ýogsam «ýumuşgär» sözüniň özünem, elbetde, uly adama «ýumuş oglany» diýmegi gelşiksiz saýyp tapaýandyrlar.
Bütin göwräm bilen çaýkanyp, ahyryn ýatalgadan düşdüm. Dogrusy, bu-da hakykata laýyk gelip baranok, çünki men düşmedim-de, ondan togalanyp gaýtdym. El-aýagym agyryp gitdi, hernä kelläm hiç ýere degmedi, ýogsam erbet awunardym.
Indi her-hesip etmeli welin, altynsow ilikleri ýaldyrap duran gökje penjegime girmeli. Soň çalak-çulak ýuwnup, ertirligiň başynda-da kän bir eglenmän, işe ugrabermeli bolýan. Geçen agşam edara jalbarymda ýatyp galanym gowy bolaýypdyr, indi oturgyçdaky penjegi ýelbegeý atynyp, şu otagdan çykyp bilsem, oňa elimi sokmaga aýalym kömekleşer.
Aýaga galjak bolup, eden synanyşyklarymyň hiç biri netije bermedi. Ahyry penjegi atynyp, bir emedekläp, bir-de süýrenip, gapa ýetdim. Tutawaja zordan elimi uzatdym. Eýýäm bosagadakam aşhanadaky kofeniň, gyzgynjak mesgeli çöregiň ysyny aldym. Mundan beýlägem kömek soraman, kejime tutup durmakdan özüme diňe zyýan edýänligime düşünip, aýalym bilen gyzymy çagyrdym.
– Halys gurbum gaçdy, ýerimden galyp bilemok. Aýak üstüne galmaga goltgy berseňiz ýeterlik. Ýogsam işe gijä galmagym ahmal.
Keýwanym bilen gyzym aşhanadan aldyrany bar ýaly haýdap geldiler. Bolup ýatyşymy gören badyna gyzym ýüregi bulanýan terzde agzyny ýumdy, aýalym bolsa aýagynyň ysgyny gaçan ýaly çaýkanyp, tas huşuny ýitirýärdi.
– Bolşuňyz näteňet? Şeýder ýaly näme bolupmyş şu wagt? – diýip käýindim.
Janym ýandy. Çala saglygyň egbarladygy, edil öli gören ýaly bolaýýarlar.
Men-ä bir hassa, olaram indi menden bäş beter hassa.
Maňa bu nalajedeýinlerden hiç hili peýdaň ýokdugyna gözüm ýetip duransoň, özüm gapynyň söýesine ýapyşyp, aýaga galjak boldum. Ellerimiň çalasyn hereketler bilen söýä ýapyşyşyny gören eneli-gyz wägirip, daşky gapydan ylgap çykdy. Şol barmana olar basgançakdan galyp gelýän hyzmatkärimiz bilen çaknyşdylar. Ýigrenji şlapasyndaky düýeguş ýelegini iki ýana galgadyp gelýän hyzmatkär tasdan büdräp ýykylypdy, ýöne arkan agan badyna basganjagyň erňegine ýapyşyp ýetişdi.
Ýaňky ikisi onuň alasarmyk soraglaryna pitiwa kylman, hä-de bermän, ot-elek bolşup, öýden ökje göterdiler.
Hyzmatkärimiz bir salym erňekden aşak garap, egnini gysyp durdy. Bu aňkasy aşan aýal ilkibada men tarapa seretmedem, maňa barmysyňam diýmedi, dälize geçip, arkaýyn köwşüni çykardy. «Bizar bolaýdym şu maşgaladan» diýip, ýene nämedir bir zatlar sarnap, paltosyny asgyja asdy. Diňe şondan soň maňa gözi düşdi. Ilkibada tisginip, bir elini göwsüne ýetirdi, ýöne bahym demini dürsedi, köşeşdi. Çala eglip, ýüzüme dikanlady-da, käýinip başlady:
– Jenap Zamza, beýdip ýörmäge utanaňzokmy? Ýürekbulanç tomzak ogluňyzy zibile taşlanym ýaňy dälmidi! Indi sizem sakyrtga dönüp, bu öýdäkilere ýaşamaga berjek däl-dä, şeýlemi? Äý, syrtyňyzy başyňyzdan aşyryň, hojaýyn! Ýöne meň bilen bir hasaplaşyň, onnoň ant içýän, gaýdyp şu öýe aýagymy sekmerin.
Körlük hakda oýlanmaň
Köne endigime görä, daň bilen turup, ylgamaga çykdym. Munuň üçin täzeje ak krassowkamy, ak maýkamy, ap-ak reňkli sport geýmimi geýdim.
Gyş güni, howa çakyr aýaz bolsa-da, sowugy bilmän, agzymdan-burnumdan goýy bug çykaryp ylgadym. Öz pikirlerime gümra bolup, ýola-ýoda, deňimden geçýän adamlara üns bermän, eslije ara geçdim. Ahyr bir ýerde aýak çekip, daş-töweregime garanjaklanymda, gözümiň gapylandygyna göz ýetirdim. Elbetde, göz ýetirmek jümlesiniň özi bu ýerde ýerliksiz ulanyldy, sebäbi nämedir bir zadyň aňyrsyna gözüň ýetýändigini kesgitlemek üçin görer göz gerek, ýöne okyjy biziň hut şu sözlemde şol jümlä düşünmek diýen manyny çaýandygymyza, hakykat ýüzünde ýetirilýän zadyň göz däl-de, akyldygyna aňy çatar diýen umydymyz bar.
Göz gapylanda, aglaba ýagdaýda, onuň öňi garaňkyraýandygy belli, ýöne meniň edil şu wagt diňe bir öňüm däl, daş-töweregimem ap-ak reňke boýaldy, hamala, boýdan-başa süýde çümen ýaly. Ak zat alnyňa ýagşy diýilse-de, onuň aşa bol bolmagy, has takyk aýdanymyzda, ondan başga ähli reňkleriň garagynyň öňünden garasyny saýlap, ýitirim bolmagy aga-gara düşünip ýören adamy gara basýan ýaly hopukdyryp biljek oguşýa. Ilkibada gara janym galman, duran ýerimden butnaman, uly ilim bilen kömege çagyrdym. Dadyma ýetişen bolmazmyka diýip, dört ýana elimi kelemenletdim, emma golaý-goltumdan adam garanyň sesi gelmänsoň, ýer sermeläp, garda öz aýak yzlarymy tapyp, şoňa görä çak urup ýöräberdim. Birdenem deňimde özüm bilen deň-duşrak gojanyň sesini eşitdim. Essalawmaleýkim, gardaş. Wah, dat-bidat, maňa kömegiň gerek, gözüm gapyldy, hiç zat göremok. O nähili göreňok, göz diýleni oslagsyz ýerden beýdibem bilýärmi, belki-de, bu nerwidendir, gaty tolgunan bolaýma, sakaldaş, biraz köşeş, görüp başlarsyň. Aý, ýok, gardaş, hiç zat görnenok, maňa goltgy berip, öýe ýetmäge kömekleşseň-ä, uly sogap gazanardyň. Onuň gürrüňi bolmaz, nirede ýaşaýandygyňy aýtsaň, ýolbelediň bolaýyn. Golaýda bolmaly, depesi Ak altyn diýen ýazgyly täze jaý bardyr. Bilýän, özümem şo tarapda ýaşaýan, alada etme, häzirjik bararys. Musulman adama duşanym gowy bolaýdy, bu gara günde eden ýagşylygyňy ömrylla unutmaryn, ak ýürekden aýdýan.
Şeýdip, gara-gadyr bolşup, gepleşip gitdik.
Menem şo taýda ýaşaýan diýdiň welin, özüňi tanadyp bilmezmiň, dogrusy, sen gabat gelmedik bolsaň, bu ýaşda bu gara gyş eýgertjek däl-ow, köçede jan berermikäm öýtdüm. Onuň-a aladasyny etme, häzir Allatagala biziň halkymyzy ölüm-ýitimden goraýan ýaly-la. Bu näme diýdigiň boldy, düşünmedim. Men edil şu wagt metjitden gelýän, ymamyň gulagyna ýeten anyk maglumatlara görä, şu ýyla geçelimiz bäri ýurtda hiç kim aradan çykmanmyş, düşünýäňmi, ýekeje adamam ýogalmanmyş. Bäý-bä, beýle-de bolup bilýärmi. Bolýan eken, soňky döwürler hiç kimiň molla halkyny ýasyna-patasyna çagyrmaýşyna geň galyp ýördük, görüp otursak, gabyrmanlaram näçe gün bäri ellerine pil alman, siňek öldürşip ýatan oguşýa; belki, halkymyza Biribaryň nazary düşendir, ýa-da tersine, jähennemiň bazary urlup dykylan ýaly bolup, biziň çişirilen egomyza ýer tapylmaýan bolmagam ahmal, munuň anyk sebäbi bir Allatagalla mälim; ýogsa-da, meniň adym Nepes, adamlar-a Nepes ahun diýäýýär. Ýok, Nepes aga, seniň hakyky adyň Hydyr ata bolsa gerek; sen kibi ýagşyzada duşanyma Allaha müň şükür edýän. Gözüň nähili, agyrýarmy? Ýok, hiç zat duýamok, daş-töweregim ümmülmez ak çölüstan bolup görünýär diýäýmeseň, görejimiň nädip gapylanyna-da düşünemok.
Bu sözi aýdanyma mähetdel, Nepes ahun sakga aýak çekdi.
Näme boldy, Nepes aga, näme üçin durduň diýip soradym.
Ak çölüstan diýdiňmi, onda meniňem gözüm gapylaýdy öýdýän diýen jogaby eşitdim. Wah, bu-ýa bolmandyr, diýip, gara çynym bilen gynanyp, ýüzümi galdyranymda, garşymda maňlaýyny gözenekleýin ýygyrt basan bugdaýreňk goja ýüzüni gördüm.
Eý-waý, açylaýdy, gözüm açyldy, men indi görýän, Allajanlarym, gözüm görýä diýip, begençden ýaňa gygyranymy bilmän galdym.
Ýöne Nepes ahun sag egnime elini goýup, ýüzüme gamgyn bakyp, teselli berýän terzde gepledi. Ýok, sakaldaş, gözümiz açylmady, kyýamat-magşara çenli açylaram öýdemok, men diňe ýüzümi şatlama aýazdan goraýan ak örtgini aýyrdym; aslynda, biziň ikimizem kör, ikimizem galyň gary kepen edinen ak şäherde, üstesine-de goýy ak ümre dolanyp barýan batyl ynsan; biz ak reňke päklik öýdüp aldandyk, ol bolsa körlük eken, gardaşym.
Pellehana
Şol ýatyşyma ýarygije kempirimiň gykylygyna oýandym:
– Gyýw, tur-a, artyp galan, hana biri özüni öldürjek bolup gapyny ýumruklaýar. Öýüni başyna ýykyp gitselerem syrty duýjak däl-dä bi ýerýuwdanyň. Tur!
Äm-säm bolup, düşekde dikelip oturdym. Oýananymy görse-de, kempirim böwrüme ýiti barmagyny dürtdi oturdy.
– Bar indi, aç-da gapyny!
– Kim-äýt ol?
– Oýnaşym! – diýip, garry heleý janyýangynly hüňürdedi. – Men näbileýin. Bar, özüň habaryny al.
– Oýnaşyň bolsa özüň baryp açaýarlar.
– Meýdi ýanan, sen indi şu meseläni häli-şindi gozgajak ýörjekmi? Ýürege düşäýdiň, oýnaş-ýaýnaş diýip…
– Özüň birinji agzadyň-a, keýwany!
– Haçan mende oýnaş bolupmyş, hä? Näme, meni biriniň aşagyndan çykardyňmy beý diýer ýaly, binamys ýerçeken?!
Bu soragyň jogabyny bermän, has dogrusy, beresim gelmän, gapa tarap ýöneldim. Köne ýaramyň ýerliksiz ýere gozgalanyna içim tütäp durdy.
Birwagtlar, ýaňy öýlenen döwürlerim bu çermeksizi bir erkek bilen hahaý-da wahaý bolşup oturan wagty üstüni gürpbasdy edip, ýoguna ýanmanyma ýene bir ýola ökündim. Şonda elim gowşamadyk bolsa, şu çaka çenli namysyň oduna köýüp ýörmezdim.
Şeýle pikirlere gümra bolup, «Kim sen? Näme gerek?» diýmekden geçen, haýdan-haý gapyny açdym. Açyşym ýalam tisginip gitdim. Öňümde çepiksije jahyl oglan ýylgyryp, ýüzüme seredip dur.
Elem paltaly.
Sowuk ýarag.
Ýüzündäki ýylgyryşy ondanam sowuk.
Birdenem ol maňa paltasyny uzatdy:
– Henizem bir pille…
Kapasa
Her oýanamda, özümi başga ýere düşen ýaly duýýan. Zirk ýaly turşumtyk duýgy… Dogry, lezzetem ýeterlik. Ýöne beýdip ýatmakdan çalt ýadaýan.
Aýralygyňam öz süýjümtik tagamy bar – ajy kofä artygy bilen goşulan süýde çalymdaş.
Kofehanada kappuççino süzüp oturýan. Kafeň bir çüňkündäki kiçijik stoldan – wagtlaýynça satyn alnan kiçijik adajygyňdan gelýänleri-gidýänleri synlap, adamlaryň ömürlerini gözlerinden okaýaň. Ýüregiň gyssa, okamaga ýanyňda gyzykly kitabam bolýar. Ýa-da goşgy. Gowy goşgy setirleri doga mysaly – çala pyşyrdap okalýar. Ýöne ýalňyş düşünmäň, pyşyrdy sözlere zer çaýanok. Ony perdesi ýanyk näletkerdeleň gulagyndan halas edýär, gury suwuklyga gark bolýan demgysmaly adamlardan goraýar.
Ýatlamalarda biz käbir ýagdaýlary bezeýäs, kä zatlary düzedýäs. Şolam hakykata öwrülýär. Öz hakykatymyza – hakydamyza.
Ine, daşarda ýene ýagyş ýagýar. Asmana göterilen damjalar guran ýapraklary tändermek üçin ýere inýärler, soňra aýak astynda basgylanyp, laýa garyljagyny bilseler-de şeýdýärler.
Hanha, köçäň beýleki tarapynda sen göründiň. Şemala ak şarfyň galgaýar, saýawanyňa ýagmyr urunýar, ondan akyp gaýdýan damjalar bolsa daşyňda suw kapasasyny örýär. Saýawanyň reňki köýnegiň bilen hem-de meň galstugym bilen deň. Bu biziň reňkimiz. Melewşe.
Menem öňki ýerimde, şol bir hyzmatçy gyza şol bir kapuççinony sargaýan. Bir tarapdan ýuwlup, beýleki tarapdan bugaryp duran aýna bakdyň. Buguny ýeňim bilen çalaja süpürenimi görüp, eliňi bulaýladyň-da, bärligine gaýtdyň. Köçäni geçjek bolanyňda, jürlewügiň sesi aýagyňa gandal baglady.
– Aý, gyz, bärden geçmek gadagan. Ho-ol çatrykdaky pyýada geçelgeden geçmeli.
– Gaty daş bolýar-a, dogan. Men howlukýan-da. Bärden şu wagt maşynam geçenog-a.
– Bolanok diýdimmi, bolanok. Jerime töläsiň gelse, gözel göwnüň.
Sen çaga ýaly başyňy sallap, çatryga tarap howlukdyň, saýawanyňam birneme sülleren ýaly boldy.
Ine, indi meň hakykatym. Takadymy ýitirip, atylyp kafeden çykdym-da, polisiýa-da seretmän, ýol belgilerene-de garaman, köçäni ylgap geçdim. Bu ylgaýşyma hatda ýagyş damjalaram maňa degmäge ejap edýän ýalydy. Dogry bildiň, yzymdan jürlewük çalyndy, ýöne men oňa üns bermedim. Barşyma biliňden gysdym-da, özüme çekdim. Soň ikimiz gülüşip, bile gaçdyk. Hiç hili dilleşmesegem, manysyz gadaganlyklara mundan beýläk boýun egmeli däl diýen karara gelen ýalydyk.
Ahyrsoňy köne seýilgähimize baryp, şol ýerde saýawanyň astynda durduk. Daşymyzy gabadylar. Ýagşam guýup dur. Ýöne men seň kapasaňda ýer tapdym…
Gaflat oýalygynda
Gijäň ýary demigip turdum. Ýok, demigemok – boguldym. Turamok – oýandym. Gijäň ýarymydy – onam anyk aýdyp biljek däl. Ýöne tüm-garaňkydy. Ilkibada näme bolýanyna aň ýetirip bilmedim. Insult ýa infarkt diýilýänler, tutgaýdyr garabasma ýaly belalar maňa ýat bolansoň, ilki şolaryň birinden gördüm. Ne elimi, ne-de göwrämi hereketlendirip bildim, aýaklarymam ýorganyň içinde güýlen ýalydy, nähilidir bir wagşy hem elhenç güýç ýüzümi-gözümi dabalap, burnumy basgylaýana çalym edýärdi.
Ýüregimi sersdirip ýatan ýerimden bahym baryna düşündim: meni bogup durlar. Haýsydyr bir päli azan ýüzüme ýassyk basýar, onuň haram ülpetem, meger gaty daýaw bolsa gerek, goşarymdan gaýym ýapyşyp dur. Ýassygyň ýüzi paket ýaly ýylmanak.
Dessalym beýnime bir topar pikir indi. Olary janyňy ersip barýan gorkyň arasynda şeýle aýdyňlyk bilen aňyma getirip bilşime, bellibir sözlem ulgamyna, düşünje galybyna salmagy başarşyma özüm haýran galdym.
Ilki bilen-ä özümi urlup duran çaga ýaly duýdum.
«Eje-e-e!» diýip gygyrasym geldi.
Ikinji pikirim sorag bolup, bokurdagyma ýapyşdy: «Beýder ýaly, men size näme ýamanlyk etdim, haramzadalar?!»
Üçünjiden, kelemämi çöwürjek boldum, arman, sözleri ýadyma düşmedi.
Ýene bir hyýalymda thaglar ýadyma düşdi. Olar barada bir kitapda-ha okapdym. Hindistanda gadym zamanlarda köplük bolup sümsünip ýören thag urugy ýolagçy kerwenlere goşulyp, adamlaryň ynamyna girip, ahyr bir gije-de olaryň baryny gapyllykda bogup ýa damagyny çalyp öldürýän eken. Şu galagoply pursatda thaglary ýatlamaň näme diýsene! Meger, şolar hakda okan wagtym dartylan gorky damarym tirpildändir. Bilmedim.
Soňkuja pikirimem öçügsi tama bilen bagly: ölen kişi bolup ýataýyn. Şonda ellerini gowşadarlar. Halas bolmagyň ýeke-täk ýoly şol…
Garşylyk görkezmegi bes etdim. Dogrusy, ysgynymam gaçdy. Onda-da özüme erk edip, butnaman ýatmaga çalyşdym.
Olaryň eli, garaşyşym ýaly tiz bolmasa-da, ýuwaş-ýuwaşdan gowşady. Goşaryma ýapyşyp duran penjeleriň biri şo ýerdäki damara barmagyny goýup diňşirgendi. Ikisem (olaryň sany ikiden kän dälmikä diýýän) kelam agyz dil ýarmady.
Açgöz teşnelik bilen howany ýuwutmakdan zordan saklandym. Ýüregimem ýa ganhorlaryň ümsümligine, ýa-da meniň guran pirimime goşulyp, urmasyny wagtlaýynça togtadan ýalydy. Özümden gidendirin ýa ölendirin öýtdülermi-nämemi, ýaňkylar bir zatlar samrap, otagymy howlukmaçlyk bilen terk etdiler.
Gabagymy çala galdyryp, ýanymda hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirdim. Goňşy otagdan geň-taň şakyrdylar ýaňlanýar. Indi dem alsamam bolýar.
Haýaljykdan ýatalgamdan düşdüm. Pişik basyşyny edip gapa golaýladym-da, diňşirgendim. Olar myhman jaýda. Sesinden çen tutsaň-a, çalasynlyk bilen şol ýerdäki yşgaplary dörüşdirip, tekjeleri sermeşdirip, nämedir bir zatlary agtaryp ýörene meňzeýär. Dälizden meni göreslerem ýok. Ýetişip bolsa, daş gapa bakan ylgap, gaçjak bolmaly. Meň diridigimi biläýseler-ä, indi ýassyklaşyp oturarlar öýdemok, damagymy tersligine çalarlar, wessalam.
Gapy welin şol ýapylgylygyna duran eken, oňa ýetäýenimde-de, gönümel çykyp boljak däl, gulpuny towlaýançam, sürgüjini süýşürýänçäm, zynjyryny sogurýançam turzan şakyrdymy eşidip, ol ikisiniň ýeňsämden ylgap geljegi ikuçsuz…
Aşhana tarapdan sowuk gelýär. Eýwançaň gapysy açyk ýaly-la. Ýa olar öýe şondan giräýdilermikä? Gapysyny gurmalydyrynam öýtmändirin, ine, gijäniň garaňkylygyna bil baglap, ýüp bilen sallanyp girendirler, indem meň kastyma çykyp, öýümi talap gitjekler. Ýeke ýaşaýan garrynyň özlerine garşylyk görkezmäge gurbatynyň çatmajagyna gowy belet olar. Girim-çykymyň ýokdugyny öňden öwrenip ýören bolarly.
Sagat o diýen gijem däl. Ýaňy on bolupdyr.
Birdenem myhman jaýdan geňzew bir kişiniň güňleç sesi geldi:
– Goý-ow ony, başyňa ýapjakmy? Kelläň işleýämi seň?
– Äý, aljaklaý, näme, içime depýärmi? – diýip, beýlekisem şaňňy sesi bilen jogap gaýtardy.
– Açgözlügiň gözüni çykarma, Goşo! Bärde bolandygymyzyň bilinmeli däldigini unutma, inim.
Bu olaryň esli salymyň içinde sesini gataldyp aýdan ýeke-täk sözalşygy boldy, ýöne başga wagtam olar hiç dymjagam bolanokdylar, hersi öz ýanyndan dynuwsyz bir zatlar samraýardy.
Has ünsli diň salanymda, biriniň arasyny üzmän doga okaýandygyny, beýleki şaňňynyň bolsa zol-zol: «Menem bu zatlary nalaç, maşgalam, çagalam üçin edýän-ä… Meslikden edilenog-a… Bir zat edip ýaşamal-a menem… Buýruk buýruk bolýar-da…» diýip hüňürdeýşi gulagyma ildi.
Bäş-alty minut bolsa-da, juda uzak görnen başagaýlykdan soň ahyryn ganhorlaň biri dillendi.
– Ine, tapdym!
– Ýuwaşrak bol, Goşo! Gykylygyň näme?!
Pessaý ses bilen:
– Tapdym…
– Hany görkez… Ýok. Bu däl-ä.
– Çapgy ýassygy-da şü!
– Bize gereginiň awtory başga bolmaly. Bu tekjelerde ýok.
– Ýaşok ýanyna alan bolaýmasyn?
– Bar, barlap gel.
Bu sözleri eşidip, ýene ýatalga tarap alňasap gaýtdym. Hiç zady aňyp ýetişmänkäler, öňkim ýaly ýorgana girip, ölen kişi bolup ýatmagy ýüregime düwdüm.
Ýöne düşege münen badyma elimi-aýagymy ýitirip doňup galypdyryn.
Ýatalgamda ýüzi gyzylymtyl gök damarlardan ýaňa çişip giden bir goja gözüni agdaryp ýatan eken.
O nähili beýle bolýarka diýen sowala büdräp, diwardan asylgy duran aýnaň öňüne bardym. Olam maňa ýüzüme derek, ýeňsämi görkezdi…
Jan gabygy.
Temmäki küli.
Imany sogrulan adam paçagy.
Ykbalyň möhüri
Ýene-de şeýle boldy: bir geň sese oýandym. Görüp otursam (oturyp ýa ýatyp gördügiň parhy nä, öňde-soňda görjegiň şol bolsa), penjirämiň žalýuzisi şarkyldap, diwara urunýan eken.
Baharyň sergin şemaly mahal-mahal gazabyna tutup, žalýuzini işigiň eňsisi dek serpip, içeri girýärdi-de, stoluň üstünde duran kitaplaryň gatyny guşuň ganaty kimin pasyrdadyp waraklaýardy. Soňam olaryň sahypalarynda edilýän agzy ýelli gürrüňlere hem howaýy sözlere gaharlanýan mysaly, petikden asyl-asyl bolup duran lýustranyň şelpelerini şaňňyrdadýar.
Üşäp başlamsoň, äpişgäni ýapmaga hyýallandym, emma ýüpüni aşak çekip, žalýuzini ýokary göteren badyma penjirämiň daşky tarapyna gysdyrylgy akja bukja gözüm düşdi.
Ýokarky gatdakylaryň biri gaçyrandyr diýip çak urdum-da, ýaňky bukjany açyp oturman, tasdan Ýeriň dartyş güýjüne tabşyryp, ýoluny dowam etdirmäge ýollaýardym, hernä, ony elime alanymda, «Kime» diýip başlaýan setirinde öz öý salgymyň hem adymyň ýazylgydyna üns berdim. «Kimden» diýlen ýerde bolsa satanyny giňden açyp, ýene-de şol birwagtky ýalňyz «A» hekgerip dur.
Bukjany ters tarapyna öwrüp, dessine agzyny açdym. Içinden eliň aýasy ýalyjak resminama kagyzy çykdy. Ondaky ýazgylary okap, esli salym aljyraňňy halda ýuwdunyp durdum. Munuň nämäň oýnudygyna, haýsy wäşiniň degişmesidigine düşünibilmedim. Bu zeýilli hokga kimden çykyp biler? Penjireden kellämi uzadyp, ýokary garadym. Hiç hili hereket ýok. Aşaky gatlaram imi-sala.
Ýatalgama çökdüm-de, resminamany gaýtadan gözden geçirdim. Ýasama meňzänok, arka tarapyna tegelek möhür basylan: «RAÝAT ÝAGDAÝYNYŇ NAMALARYNYŇ ÝAZGYSY BÖLÜMI». Ýüz tarapynda, adym, familiýam hem kakamyň ady, doglan senäm hem öý salgym görkezilen. Döwlet tugrasynyň astynda bolsa «ÖLÜM HAKYNDA ŞAHADATNAMA» diýlen äpet ýazgy bar.
Iň ýokuş degýän ýeri – ölen günüm hökmünde şu günki sene görkezilipdir. Şahadatnamaň berlen wagtam indiki aý.
Ilkibada güljegimem, gatyrganjagymam bilmedim. Düşnüksiz bir ýagdaý. «A»-dan hat almanyma kän ýyl boldy. Soňky iberen duýduryşy aşa gümürtikdi. Şondaky beren habaryndan soň ömrümiň her bir gününi many sapagyndan ötürmäge çalyşdym, durmuşyň tagamyny almaga, halal ýaşamaga ymtyldym, adama bilip ýamanlyk etmedim. Onda-da many-mazmunsyz, sogapsyz günler mizan terezimiň bir jamyna agyr gara hünjülerden düzülen damakmonjuk bolup asyldy.
«A»-nyň okunyň nyşana degmedik halaty ýok. Diýmek, indi garaşybermeli. Etjek alajyň barmy?..
Şeýle pikirlere gümra bolup otyrkam, duýdansyz ýerden gapy kakyldy. Basara jaňam bar welin, namüçindir, kakdylar.
Süňňümiň her bir hüjresine haýran galdyryjy tutanýerlilik ornaşdy. Erjellik bilen ädimläp, gapa bakan ýöredim, iň soňky pursatda-da ony bada-bat açmak niýetimden el çekip, kürtdürip durdum.
Assyrynlyk bilen gapyň gözünden jykladym. Daş işikde goňur kurtgaly, saçam şonuň bilen reňkdeş, nurana ýüzli ýaş ýigit dişlerini görkezip ýylgyryp dur. Birdenem ol, hamala meni gapyň gözjagazyndanam gowy synlap bilýän ýaly didaryma dikanlap:
– Ykbal! Aç-da, haw! – diýdi-de, heziller edip güldi.
Öňler gören adamym däldi, ýöne sebäbini düşündirip bilmesemem, onuň hut şol «A»-dygyna birjik-de şübhelenmän, gapyny açdym.
Ol meniň elimi mäkäm gysdy:
– Ýör, Ykbal, aşakda bize awtobus garaşyp dur, haraba öwrülen Uçmah Ýaýlasyna barmaly. Ol ýerde kän gerçeklerimiz kesek astynda galdy. Indi ony gaýtadan dikeltmäge halal adamlar gerek…
Maksat BÄŞIMOW.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.