Kitap hem okamak barada gyzykly maglumatlar
Kitap okamak biziň çalt garramagymyzyň öňüni alýar. Kitap okamak adamyň beýnisini işjeň ýagdaýa getirýär. Beýniniň işlemegi bolsa garrylygy birneme yza süýşürýär.
***
Fransuz imperatory Napoleon Bonapart 1 minutyň dowamynda 2 müň sözi okamagy başarypdyr. Ýazyjy Onore de Balzak 2 ýüz sahypaly romany ýarym sagatda okapdyr.
***
Tomas Edison 2-3 setiri birden okap, okanlaryny sahypalap ýadynda saklamagy başarypdyr.
***
Haýal okanymyzdan çalt okan wagtymyz gözümiz onçakly bir ýadamaýar. Adamlaryň 95%-i örän haýal, ýagny 1 minutyň dowamynda 180 — 220 söz okaýarlar.
***
Dünýädäki iň uly kitaphana 1800-nji ýylda döredilen ABŞ Kongresiniň kitaphanasydyr. 2012-nji ýylda onuň gaznasyndaky kitaplaryň sany 155,3 milliona barabar bolupdyr. Kitaphananyň umumy meýdany 26,14 ga bolup, kitap tekjeleriniň uzynlygy 856 kilometrdir.
***
Hindistanyň Amritsar şäherindäki kitaphana dünýäniň iň kiçi kitaphanasy hasaplanýar. Onda bary-ýogy bir sany mukaddes kitap saklanylýar.
***
Ýer ýüzündäki ilkinji gazet Hytaýyň «Kongo» gazeti bolup, ol 1000 ýyldan bäri çap edilip gelinýär
.
***
«New York Times» gazetiniň 1965-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky sany agramy boýunça dünýädäki iň agyr gazet hasaplanýar. Onuň agramy 3,4 kilogram bolup, ol 943 sahypadan ybarat.
Toplan Kamila AÝMURADOWA,
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.