IOGANN WOLFGANG GÝOTE
KAZYNYŇ ÖŇÜNDE
Söýgülimiň kimdigini satmaryn,
Munda her kes göräýmeli täleýin.
“Tüw-eý, azgyn” diýjek bolman, saklanyň,
Ýarym jandan geçip, söýdüm nädeýin?
Kim ol? Begzadamy – barybir aýtman,
Ýa garypmy? Geýim-gejimi ýyrtyk!
Ol meni söýüpdi ant içip Hakdan,
Menem ony söýýän janymdan artyk!
Masgaralaň, saýyň, söýgini telek,
Lagnatdaş atdyryň gapyl mähellä.
Men ýigdime belet, ol maňa belet,
Ikimize belet asmanda Alla!
Diňle, dindar kazy, günäm nämedir?
Siz meni dowzahyň oduna salmaň!
Yşka uçran kişä ölüm näm eder?
Biz beýik yşkyna uçradyk Allaň!
***
Ýer bilen gök arasyna
Ýerleşmedik aýdymlarym,
Ýüregimiň lirasyny –
Şu kitap içre ýygnadym.
Şygyr rüstemdir goşundan,
Wagt – dünýäň gabyrbanydyr.
Her setirim söýgi ýaly
Ölmez-ýitmezdir, bakydyr.
***
Saýrady bir bilbil, şirin owazy
Bendiwan eýledi hökmürowany.
Şirin heňe joşup Allanyň kalby,
Ol bilbili alyp kapasa saldy.
Ol gara kapasa – biziň göwrämiz,
Gama batsak ýa-da gelse göhümiz
Göwrede şol bilbil pelesaň urýar,
Kalbymyz –
Bilbilden bolan ruhumyz!
Nemes dilinden terjime eden
Nobatguly REJEBOW.
***
BÄŞ TAPAWUT
Bäş sany zat bäş zat bilen oñuşmaz:
Dostlyk hem Gedemlik.
Sypaýylyk - Gödeklik.
Zalymlykdan beýikligi agtarma,
Biri-biri bilen dogan boluşmaz.
Näçe ýalbarsa-da bir gysganç baýa,
Syrnyh ýeke teññe bermez gedaýa.
Ýalan kast edýändir Ynamdarlyga,
Şulary ýat bekläp, ogrudan gora.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
Söýgülimiň kimdigini satmaryn,
Munda her kes göräýmeli täleýin.
“Tüw-eý, azgyn” diýjek bolman, saklanyň,
Ýarym jandan geçip, söýdüm nädeýin?
Kim ol? Begzadamy – barybir aýtman,
Ýa garypmy? Geýim-gejimi ýyrtyk!
Ol meni söýüpdi ant içip Hakdan,
Menem ony söýýän janymdan artyk!
Masgaralaň, saýyň, söýgini telek,
Lagnatdaş atdyryň gapyl mähellä.
Men ýigdime belet, ol maňa belet,
Ikimize belet asmanda Alla!
Diňle, dindar kazy, günäm nämedir?
Siz meni dowzahyň oduna salmaň!
Yşka uçran kişä ölüm näm eder?
Biz beýik yşkyna uçradyk Allaň!
***
Ýer bilen gök arasyna
Ýerleşmedik aýdymlarym,
Ýüregimiň lirasyny –
Şu kitap içre ýygnadym.
Şygyr rüstemdir goşundan,
Wagt – dünýäň gabyrbanydyr.
Her setirim söýgi ýaly
Ölmez-ýitmezdir, bakydyr.
***
Saýrady bir bilbil, şirin owazy
Bendiwan eýledi hökmürowany.
Şirin heňe joşup Allanyň kalby,
Ol bilbili alyp kapasa saldy.
Ol gara kapasa – biziň göwrämiz,
Gama batsak ýa-da gelse göhümiz
Göwrede şol bilbil pelesaň urýar,
Kalbymyz –
Bilbilden bolan ruhumyz!
Nemes dilinden terjime eden
Nobatguly REJEBOW.
***
BÄŞ TAPAWUT
Bäş sany zat bäş zat bilen oñuşmaz:
Dostlyk hem Gedemlik.
Sypaýylyk - Gödeklik.
Zalymlykdan beýikligi agtarma,
Biri-biri bilen dogan boluşmaz.
Näçe ýalbarsa-da bir gysganç baýa,
Syrnyh ýeke teññe bermez gedaýa.
Ýalan kast edýändir Ynamdarlyga,
Şulary ýat bekläp, ogrudan gora.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.