Bolýan zatlaryň arkasy

1 - Indi kinofilmler hakyky durmuşda oýnalýar.
Eger Russiýa islese, bireýýäm Kiýewi basyp alardy.
Rus-ukrain urşy şowly uruş filmi boldy.
Wagner bilen bolan wakada gyzykly filmiň bir bölejigi.

2- NATO-nyň hem, ABŞ-nyň hem, Russiýanyň hem, Hytaýyň hem ýeketäk merkez tarapyndan dolandyrylýar. Birek-birege garşy bäsleşik dünýäni şekillendirmek üçin oýnalýan teatrdyr.
Global güýç, milli döwletleriniň eýýamyny bes etmäge we täze sistemasyny döretmäge taýýarlanýar. Munuň üçin: ilki bilen güýçli milli döwletleri gowşamaly, milli ykdysady hem-de psihologiki taýdan hem-de täze ulgamy çökmek prosesini kabul etmelidir.
Munuň üçin milli döwletleri ýykmak boýunça kem-kemden ädimler ädilýär.

3- Pandemiýa bahanasy bilen iki ýyl ýurtlaryň mejbury ýapylmagy bilen, Russiýa-Ukraina urşunyň maksady bir.
Ukrainanyň urşy 1 ýylyň dowamynda gyzykly kinofilmden başga hiç zat däldi. Wagneriň Russiýadaky gozgalaňlary hem şowly çykyş we teatr oýuny.
Bularýaly filmler ýenede milli döwletleri gowşatmak üçin surata düşüriler. Esasan hem ABŞ, Hytaý, Russiýa, Ýewropa we Türkiýe.
Ünsüňizi filmde görkezilýänlere däl-de, hakyky durmuşyňyza gönükdiriň. Öz durmuşyňdaky kynçylyklary çözüň!

Russiýany we Amerikany dolandyrýanlar aslynda bir merkez.
Olaryň biri-birine duşman bolup görünmegi täze dünýäni şekillendirmek üçin gurnalan teatrdyr.

Mysal üçin serediň: kosmos, Aýa gitmek, Ýeriň we älemiň şekili we gurluşy barada, ABŞ we Russiýa adamzada birmeňzeş ýalan sözleýär!!
3 лайков 300 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
25 июн 2023, 10:36
Olar dòwletleri osdurjek bolonok.Tersine cokerjek bolyarlar.Sokup gaytadan duzmekci bolyalar.Karoci 85-90% golay adamyn psihologiyasy bilen oyun edyarlar.Oz durmushunyzdan mysal alyn!Birhili hemme zat erbetlige uytgap baryan yalydyr.
Dowsypat
25 июн 2023, 11:41
Bilderberg kluby bara eşidipmidiňiz?Her ýylda ýygnak geçirýärler.Ortaça 120-150 adam gatnaşýar.Bularyň ýygnagy gaty gizlin bolup,hiç hili žurnalist eýle-beýle adam gatnaşmaýar.Bularyň arasyndaky gürrüňleri diňe maslahata gatnaşanlar bilýär.
Dowsypat
25 июн 2023, 12:17
FHA- Doların sahibi ABD değil, Federal Reserve yani FED'dir. FED, ABD Merkez Bankası olarak anılmasına rağmen gerçekte özel bir bankadır. Federal Reserve denmesi bile toplumu uyutma adına illüzyondur. Doları basma yetkisi FED'dedir ve basılan dolarlar ABD'ye faiz karşılığında borç olarak verilir.



ABD'deki tüm FED'lerin en büyük hisselerineDavid Rockefeller, Rothschilds, Paul Warburg, Jacob Shiff ve James Stillman aileleri sahiptir.
Suleyman
25 июн 2023, 12:27
Sahna diýýäňiz, oýun diýýäňiz, gizlin gurama diýýäňiz... diňe şu zatlary habar berýäňiz.. emma bu tarapda näçe million adamyň ykbaly (jan bermek, ýetimlik, köçede galmak) üçin kim jogap bermeli? Şonça öwrülişikler näçe adamlaň jan öwezine bolup geçýär ahyryn. Emma bu tarapy hakynda hiç kim hiç zat gürlänok.

Siziň aýdyşyňyz ýaly, oýnalýan "sahna" bolsa, öz aralarynda oýnap bilmeýärmi? "Maňa nämay" diýip bilerin, emma iru-giç maňa (bizede) bir ujy degjek.

Men barybir bu zatlara ynanmaýanam, gorkymam ýok.
Suleyman
25 июн 2023, 12:32
Film diýen zady biz diňe mawy ekranlarda görýäs. Efiriň içindäki zatlaň hakyky däldigine (ýarylýan şäherler, ölýän adamlar) aklymyz çatýar.

Ýöne nädip Rus-Ukrain urşuna film diýip bolar? Film birnäçe adamlaň ölüminiň öwezine, weýrançulyklaryň hasabyna düşürilmelimi hökman?

Adam öldürmek, onda-da bigünä adamy bilkastlaýyn öldürmek näderejede agyr günäligi, ýer ýüzünde näçe din bar bolsa, hemmesiniň ynanjynda aýdylan ahyryn? Jany sen bermediň ahyryn, oň janyny alar ýaly ýa-da howp salar ýaly.

Adam şu 60-70 ýyl ömrüni imi-sala ýaşap bilmezmi indi?
Dowsypat
25 июн 2023, 13:00
85-90% adam nämäň-nämedigine düşünip bilmeýär.Bularyň oýuny çylşyrymly bolup,her adam öz düşünjesine görä ýaşaberýär.Adaty adamlar özleri üçin işleýändigine ynanýar.Aslynda hemmämiz şolar üçin işleýäs.
murat yousef
26 июн 2023, 00:17
Dowsypat.
Bilderberg kluby bara eşidipmidiňiz?Her ýylda ýygnak geçirýärler.Ortaça 120-150 adam gatnaşýar.Bularyň ýygnagy gaty gizlin bolup,hiç hili žurnalist eýle-beýle adam gatnaşmaýar.Bularyň arasyndaky gürrüňleri diňe maslahata gatnaşanlar bilýär.

Hiçkim bilmeýen bolsa sen nirden bildiň? Ýa senem şolary diňleýji bolup gatnaşdyňmy??
#B.S
Автор 26 июн 2023, 00:23
menembiri1,
Ýygnagyň bardygy, agzalary we geçirilýän ýeri belli. Emma ara alnyp maslahatlaşylýan zatlar gizlin.
Dowsypat
26 июн 2023, 06:44
Hiçkim bilmeýen bolsa sen nirden bildiň? Ýa senem şolary diňleýji bolup gatnaşdyňmy??

Gatnaşmalydym."Agzyñ boş"-diýip gatnaşdyrmadylar.
Anna
27 июн 2023, 12:18
Uly döwletler, Liderler, alymlar, ahli ylymyn ejesini s... ler oznin oynalyandygyndan habary yok, yone sizinki bar, da şeylemi? Hany walli wullini goyalla
Anna
27 июн 2023, 12:22
Her yurtda, onda-da osen yurtlarda Liderlerin ahli zatdan habarly, ahli bolup bolmayan zatlara, gizlin gizlindal zatlara, hatda yerin icinde bolup gecyan, bolup bilayme ahtimallygy bar zatlara kelle agyrtyan munlerce alymlar bar, indi siz olaryn bilip başarmadygny, siz başardynyzmy? Olar kim , siz kim? azajyk shu zatlar hakda-da oylanyp gorin
Anna
27 июн 2023, 12:26
o diyen guramalaryn, yer yuzuni dolandyrmak, tazeden yykyp gurmana guyjem yok, ukybam. Olaryn toslamasynyň oyunjagy biz bolup bileris, yone gurrini gidyanler agirtler bolmaz. Buna ynanmagyn ozi baryp yatan akmaklyk. Turk ankowlar shular yaly toslamalary çiširmekde okdedirler) Shu tibrak bir kinolaram bardy ady "Kurt ogly" oytyan