Syryny açmaly ýa-da...
Şol gün, şol sagada çenli men özümi durmuşda bagtly saýýardym. Kem zadym ýok diýýärdim. Mergen bilen biri-birimizi gowy görüp, durmuş gurduk. Iki çagamyz bar. Häsiýeti gedemräk diýäýmeseň, Mergen gowy adam. Aladaçyl, hojalygy, çagalary üçin ylgap ýör. Biz biri-birimiz bilen düşünişip, agzybir ýaşaýarys. Gaharlanara, kine edere ýer goýanok.
Men onuň bilen söýgi hatyny alyşmadym. Pynhan duşuşyklarymyzda hem onuň "Ezizim, mähribanym" diýen söýgi sözleri bilen ýüzleneni ýadyma düşenok. Bu sözleri ondan durmuş guranmyzdan soňam eşidemok. Muny men onuň häsiýetiniň agyrlygyndan, gedemliginden görýärdim. Zenan göwni-dä. Kä wagt söýgülenesiň, "janym, ezizim, mähribanym" diýen ýakymly sözleri eşidesiň gelýär. Hasam, täze köýnek geýenimde ýa-da owadan şaý-sepleri dakynanymda, Mergeniň meni üýtgeşik nazar bilen synlap, taryply sözlerini aýtmagyna garaşýan. Onuň bolsa göwni bir ýaly, görenogam, duýanogam. Şonda ýüregim çalaja sanjyp gidýär. Men diňe Mergen üçin bezenip-beslenýän ahyryn!
Bir günem... Hawa ol gün ähli syryñ üsti açyldy duruberdi. Täze öý goşuny satyn aldyk. Mergen öýde ýokdy. Oglan jigim kömekleşip ýördi. Ulanyp ýören diwanymyzy beýleki otaga geçirmekçi bolanymyzda, onuň örtüginiň aşagyndan galyň ýazgy depderi çykdy. Hiç zady pikirime getirmän, depderi açyp, okap başladym. Elýazma Mergeniňkidi. Ýüregim bir zady syzyp, beýleki otaga geçdim. Okap başladym. Bu söýgi hatlarydy.
Mergen talyp ýyllarynda söýüşüp, ykbaly birikmedik gyzyna hat ýazýardy. Özem ol hatlar belli-belli günlerde şu güne çenli ýazylyp gelnipdir. Her hatyň başy "janym, mähribanym, söýgülim, ezizim" diýen sözler bilen başlanýardy. Hatlary okadygymça, dünýäm daralyp başlady. Eý Allam! Ol asyl geçmişi bilen ýaşap ýören bolsa näme?! Ýüregi şol gyzda bolup, diňe göwresi biziň bilen eken. Söýgüli gyzynyň doglan günlerinde ýazýan sözlerini diýsene?! Asyl ol şahyram eken. Goşgulary okap, men ol gyzy özümden bagtly saýdym. Onuň ornunda bolasym geldi. Özüme nebsim agyrdy. On ýyllap Mergeniň ýeke-täk söýgüli aýalydyryn öýdüp ýaşap ýörenime ýüregim gyýym-gyýym boldy.
Mergeniň hiç wagt söýýän sözüni diline almanlygynyň sebäbi indi düşnükli boldy. Ýüregi başga gyzda bolsa, ol nämüçin hem bizi, hem öz-özüni aldap ýaşaýarka?! Ilki bada bu ýagdaýdan nähili baş çykarjagymy bilmän, kösendim. Şol günleriň birine doglan günüm gabat geldi. Maşgalamyz bolup, toý saçagynyň başyna üýşdük. Çagalarym hoş sözler bilen gutladylar. Mergeniň gutlagynda, şol depderdäki söýgi setirleriniň ýekejesiniň öz adyma aýdylmagyny isledim. Ýöne şol öňki her ýylda aýdylyp lenç bolan umumy sözler: " Gutly bolsun, janyň sag bolsun!" Bar bolany şu. Tas ýarylypdym, zordan saklandym.
Soňra bir gün gyzjagazym 8-nji Mart baýramyna eneler barada goşgy aýtmaly diýdi. Tasdanam, "Kakaň goşgy ýazýar-a" diýipdim. Dilimi dişledim. Maňa beýdip ýaşamak ýeñil-ä däl. Näme etmeli?! Kelebiň ujyny ýitirendirin. Eger Mergeniň özüni şu durmuş kanagatlandyrýan bolsa dymyp ýaşabermelimi ýa-da syryny açmalymy?! Onda ara sowuklyk düşüp, men-ä gowy ýanýoldaşymy, çagalarym bolsa üstünde janserek bolýan kakasyny ýitirmezmi?!
Jeren.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.