Ýaman öz jezasyny hökman alýarmy

Ýaman öz jezasyny hökman alýar. Bu ynam il içinde irteden bäri bar. Ýaman öz jezasyny
aljakdygyny kitaplarda hem aýydýar. Eger ýamanlyk eden adam bu dünýäde öz ýaman
etmişinden bir ýol bilen sypsa, onda onuň öz almytyny ol dünýäde aljakdygy hem
subut edilýär. Bu elbetde gowy. Men muny inkär etmeýärin. Emma az ynanýaryn,
dogrysy bu sözüň manysyna ynanýaryn, emma durmuşda amala aşjagyna welin az
ynanýaryn. Çünki ýagdaý şeýleräk.Durmuşda bolýan wakalary yzarlap bolmaýar.
1.Diýeli kimdir biri size bilegörä alan karzyny size gaýtaryp bermedi. Siz bar
bolan ähli mümkinçilikleri ulandyňyz emma karz alan sizden has sypalakçy bolup
çykyp size karzyny bermän sypdy.
Emma bu durmuşda hemme hata edýär. Şol sanda siziň özüňiz hem. Pulyňy alyp
bilmän ýören wagtyňyz size amatly bir teklip gelip düşdi. Arzanjak maşyn. Maşyny
satýan adam gyssagly toý etmeli. Onuň maşynyny gymmat satmana wagty ýok. Maşyny
alyp satsaň karz berip alyp bilmän ýören pulyň özüňe gaýdyp gelmekçi. Siz
pulyňyzyň başga ýol bilen gaýdyp gelýänine begenýäňizde, derrew arzan maşyny
özüňize urýaňyz we ynjalýaňyz.
Emma bu ynjalyk uzak dowam etmeýär. Maşyny size satan adam gaýdyp gelýärde söwdany
bozýandygyny,maşyny yzyna gaýdyp bermegiňi talap edýär we siziň beren pulyňyzy
yzyna gaýtaryp berýär.Indi siz näme edýäňiz diý! Dürli bahanalar tapýaňyz.
a) Munyň ýaly bahanalar tapjagyňyzy bilenimde siziň bilen söwda etmezdim
b) Men maşyny adyma geçirdim
w)Adam bir gepli bolmaly sizde lebiz ýok
Başgada bir topar wally-wullyny orta zyňyp maşyny öňki eýesine gaýdyp bermeýäňiz.
Emma öýde otyryp özüňiz galp iş edýändigiňize düşünýaňiz. Maşynyň eýesi agyr
ýagdaýda.Ol maşynyny söýen eken. Üstüne pul hem hödürleýär. Emma bu maşyn
sizede ýokdy. Maşynyň elden gitmegi siziň ölümiňiz bilen barabar ýaly.
Belki siz ölmersiňizem emma maşyny gaýtaryp berip bilmeýärsiň. Ýagdaý örän
çekeleşikli.Maşyny yzyna bermezligiňiz öýde dawany getirip çykardy. Aýalyňyz
size gygyrýar.
-Biriniň nägile zady gerek däl.Yzyna gaýtar.
Siz bolsa aýalyňyzy hiç zat bilmezlikde aýyplap edýän işiň dogrydygyny,
karz beren pulyňyzyň şu ýol bilen yzyna gaýdyp gelýändigini subut etjek bolýaňyz.
Emma aýalyňyz size tersine möwjeýär we çagalary alýarda atasy öýüne gidip galýar.
Siz indi ýeke halda iki ýan maşyn kowyp ýörsüňiz. Maşyn örän gowy hatda
maşgalaňam ornuny tutjak ýaly.
Şeýdip wagt geçip gitdi. Bir gün size habar gelýär. Aýalyňyz başga birine
durmuşa çykmakçy. Indi ýöne bolanok. Aýalyňyz we çagalaryňyzyň ýanyna ylgaýaňyz.
Olary öýe getirjek bolup. Emma aýalyňyz sizi inkär edýär we başga birine çykyp
gidip galýar.
Bu wagt aralygynda sizden pul karz alan adama hiç zat bolamdy. Onuň işleri
şowuna. Sizi aldany üçin ol hiç kimden jeza almady.
Emma siz hemme zady dogry eden ýaly bolsaňyzam durmuşyňyz şowuna bolmady.
Maşgalaňyzdan aýryldyňyz.
Indi siz durmuşdan öýkeläp başlaýaňyz! Durmuşda adalat ýok diýýäňiz.Kim
sypalakçy bolsa, bu durmuşda şol hezil edýär diýýäňiz we bu gelen netijäňize
uzak wagt bil baglap siz hem her dürli sypalaklary atyp ömrüňizi ahyrlaýaňyz.
Şeýdip ölüp gitdiňiz. Siz baradaky gep-gürrüňler il araynda galdy emma uzak gitmeýär.
Siziň birini nägile edendigiňizi il doly bilmeýär. Çünki il bolýan wakalaryň
hemmesiniň anygyna ýetjek bolup azara galyp ýörenok.
Diňe käbir adamlar durmuşyň asyl manysyna düşünmek isleýär. Olaryň
sany bolsa az.
Indi bolsa belli däl. Puly yzyna gaýtaryp bermedik adam jeza çekdimi ýada ýok.
Emma jeza çeken bolsa gowy bolardy, çünki bu adamyň ýaramaz hereketleriniň
soňy bir maşgalanyň durmuşynyň bozulyp gitmegine getirdi.Bu häli hemmesi däl.
Ol jesasyz galan bolsa, başgalara nusga bolar. Olar hem karz alan pullaryny
yzyna bermejek bolup azara galarlar.
Emma adam göwüni teselli isleýär. Onsoňam ogrylary saklamgyň ýeke-täk degerli
usuly gerek. Bu bolsa olar bu dünýäde jezadan gaçsalarda ol dünýäde öz jezasyny
çeker diýmek. Emma hiç kim ol dünýäden gaýdyp gelmedi. Şonuň üçin bize anyk mälim
däl ol dünýäde nämeleriň bolýany.
Onsoňam ýamanyň ol dünýäde çeken jezasy kime gerek. Şu dünýäde, gözüň öňünde çeken
jezasy wajyp dälmi eýsem. Bu barada indiki çykyşlarymda ýazjak bolaryn.
1 лайков 97 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
21 июл 2023, 04:16
Örän negatiw we pessimist zatla ýazýaňaý köplenç, munuň bolonoklaý bro!
Balary
31 дек 2023, 17:32
siziň ýagdaýňyza biljekgäl wln, haas lomaýlap karz berip alyp bilmän ýörenlerä bar. edil meň tanaýanlammara geregi şol. garybrak bolsaň 100manat karzada geçeňok. ýogsam çyr çytyr üzjeksiň. özlerinden betere duşýalar.