"Stokholm Sindromy"
Stokholm Sindromy
Zulum görýäniň zulum edene aşyk bolmagy.
Bu ýagdaýy durmuşymyzda özümiz başymyzdan geçirendiris, ýa-da bašga birilerinde gabat gelendiris. Erkekleriň iň kän arz edýän temalarynyň biri bolan, gyzlaryň ýuwaş ýa-da sada adam ýerine gödek, we erbet adam saýlamagy häzirki günümiziň iň kãn ýaýran mysalydyr.
Maslahatlaşmana gaty açyk we
aşa umumylaşdyrylan bir mysal, ýöne beýniňizde janlanmagy üçin bu tema bärde dursun. Käbir kinofilmlerde beýle ýagdaýa köp duş gelendiris. Erbet oglan harakteri bir gyzy kösäp, ýada bir ýerde zor bilen saklap, ilki başda bir-birileri bilen söwüşerler. Ýagny gyzda oglana bolan ýigrenç duýgusy dörär. Ýöne meseläniň soňuny göremizde bolsa, bu gyz hem ol oglana aşyk bolar. Edil şu meseläde "Stokholm Sindromy" diýilýär. Ýöne bu meseläniň "Stokholm Sindromy" bilen baglanşygy näme? näme üçin beýle diýilýär.? Bu at nireden gelip çykýar.?
Bu sindromyň örän gyzykly hekaýasy bar.
23-nji Awgust 1973-nji ýyl sagat irden 10:00. Stokholmdaky "Kredit Bankken" atly banka giren gara köýnekli we gara perukly bir ogry elindäki ýaragy bilen çar tarapa atyp, "Şowhun başlasyn" diýip gygyrýar. Soňra bu adamyň ýanyna bir dosty gelip oňa goşulýar.
Bu ogrylar öz ýanlary bilen getiren partlaýjy maddalardyr we ýaraglary bilen bankyň işgäri bolan dört sany zenan maşgalany ýesir alyp, beýleki işgärlere we müşderileriň gaçmagyna rugsat berýäler. Şunuň bilen dowam etjek alty günläp ýesir almagy, we polisiýa işgärlerine garşy daýanmana başlaýarlar. Elbetde bankyň öňüne üýşen polisiýa işgärleri içeri girmek isleýärler. Ýöne bu ogrylar öz işini professional bir şekilde ýerine ýetirýädiler welin, içeri girmek asla mümkin däldi. Soňra polisiýalar bir şekilde içerdäki ogrylar bilen gürleşmäge synanyşýarlar. Ogrylar özleriniň türmedäki bir dostynyň boşadylyp ol ýere getirilmegini we sportiwny bir ulagy bankyň öňüne getirip goýmaklaryny talap edýärler. Talaplary ýerine ýetirilýär. Ýöne ortada bir mesele bardy, olam her ýerler polisiýa bilen gabalan bolmagydy. Daşaryk çykmaklary üçin bu polisiýalaryň yza çekilmekleri gerekdi. Ogrular polisiýalara yza çekilmeklerini talap edýärler, we şol bir wagtyň özünde ýesir alanlaryny hem goýberjeklerini aýtýarlar. Polisiýa bu talaby kabul etmeýär. Şeýlelik bilen bankyň öňündäki dartgynlylyk hasam artýar. Bu aralykda žurnalistler, radio we telewideniýe işgärleri wakanyň bolup duran ýerinden göni ýaýlym açýarlar. Elbetde adamlara hem bu ýagdaý güýmenje ýaly gelýärdi, bolýan zatlary uly gyzyklanma bilen yzarlaýardylar. Şu ýere çenli aýdylanlar talaňçylyk hekaýasyna meňzeýärdi. Ýöne wakanyň esasy bölegi içerde bolup geçýän zatlardy.
Alty gün boýunça ýesir tutulan bank işgärleri bilen ogrularyň arasynda bir-birilerine bolan ýakynlaşma başlaýar. Ýesir alynanlar soňunda ogrularyň özlerini öldürmek islemeýändiklerini, asyl niýetleriniň diňe bu ýerden çykyp gitmeklerine ynanýarlar. Olaryň pikiriçe bu ogrylar aslynda gowy adamlardy, ýöne ýaşaýyş şertleri olary zalym etmäne zorlapdyr diýip düşünýärdiler, asyl günäli yza çekilmeýän polisiýalardy.
Çünki polisiýalar yza çekilselerdi bu wakanyň bu wagta çenli, soňlanjakdygyna ynanýardylar. Bir näçe wagtdan soň bu ogrular polisiýanyň yza çekilmegi üçin ýesir alynanlaryň daşardakylar bilen gürleşmegine rugsat berýärler. Telefon arkaly polisiýa bilen gürleşen ýesirler olaryň yza çekilmeklerini haýyş etýärler. Ýöne ýene-de polisiýa tarapyndan olaryň haýyşy ýerine yetirilmeýär. Alty günüň dowamynda polisiýa işgärleri gaz bombalary bilen banka girmegi başarýarlar, ogrular tutulýar. Emma bu işler dowam edip durka hemmeleri geň galdyran bir hadysa bolup geçýär. Ýesir alynanlar hem bu ogrylar bilen birlikde polisiýa garşy durýarlar. Bu ogrularyň sudy gidip durka bu zenanlar ogrulary ýamanlamakdan ýüz öwürýärler. Has hem täsin ýeri öz aralarynda pul jemläp bu ogrulara adwokat tutýarlar. Bu ýerde hem bolmady. Bir näçe ýyldan soň ogrular türmeden çykansoň, bir-birileri bilen hatda maşgalalary bilen hem görüşmeklerini dowam etdirdiler.
Bu ogrulary erbetlemegiň ýerine olara düşünmäne synanyşanlaryň eden işine Literaturada "Stokholm Sindromy" diýilýär.
Maşgala içinde zorluk görýän zenan maşgalalaryň başyndan stokholm sindromy geçirmeleriniň biri hem olaryň ýaşamaga bolan islegidir. Sindrom şeýle dowam etýär. Adatça ýesir alynan kişi ýesir alanyň özüni öldürmesinden gorkýar. Ölüm gorkusy köpeldigiçe ýaşamaga bolan höwesi hem parallel şekilde artýar. Zalymyň garşysynda gitdigiçe ejizlän ýesir, onuň eden kiçijik gowlugyny hem öz gözünde ulaldyp minnet duýgusy bilen ýaşaýar. Biraz wagt geçensoň ýesir özüni zalymyň ýerine goýup bolýan zatlary onuň gözi bilen görmäge başlaýar. Netijede oňa garşy gowy duýgular görkezip, onuň eden işine hak bermäne başlaýar. Zalymy özlerine ýakyn duýup olardan hiç-hili zeper gelmejegine ynanyp öz-özlerini rahatladarlar. Ýesir soňunda ýekeje zady dogry kabul eder, we ol hem zalym bilen arasyndaky gowy gatnaşygy ýitirmezlik üçin elinden gelenini eder. Belki siziň aklyňyza hem bu sindrom bilen baglanyşykly käbir mysallar gelendir. Ýa-da aýtjak hekaýalarňyzyň bolmagy ahmal.
Çeşme: youtube

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.