****

Nämüçindir, biz köplenç owunjak zatlary gyzklanyp, onuň gözbaşyny unudýarys. Suwuny içýäs, çeşmesini unudýas. Miwesini iýýäs, bagyny unudýas. Asuda Watanda ýaşaýas onuň üçin göreşen ägirtleri unutýas. Bir işiň başyny tutup hemme zady özümiz başardyk diýýäs welin bizi şo derejä ýetiren adamlary unutýas. Şeýle bolmasa, biz ähli zadyň Beýik Allaňdygyna, dünýäniň gamlanyp, baş agyrdanyňa degmeýändigine birmahal düşünerdik.

Kiçijik şänik tapdym. Ony biri göräýmesin diýip, alaýmasyn diýip, howlymyzyň bir çetindejik gömüp goýdum. Wagt geçdi. Elbet, topragy duşandyr-da, bir seretsem, ýaňkyja şänik gökje bolup, topragyň ýüzüne çykaýypdyr. Gün-gündenem ulalmak bilen.
Ýürek hem bir toprakdan dörän zatdyr. Derdi hiç haçan ýüregiňizde gizlemäň. Ol meniň şo-ol şänigim ýaly, kök urup, ulalyp, şaha ýaýybermesin?!

Bir gezek Günüň nurundan ganan kişi soň şemiň yşygy bilen kanagat edermi?! Biziň bu dünýä bilen kanagat etmeýändigimiziň sebäbi-de, öň jenneti görenligimiz, düýp kowmumyzyň şo ýerden gaýdany üçin bolaýmasa...
0 лайков 145 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ishan
01 сен 2023, 14:02
Tasirli. shular yaly mowzuklaryn howri kop bolsun.
Ishan
01 сен 2023, 14:03
Sabyrly
Sizede minnetdar yetirip durun
Süleýman
Автор 01 сен 2023, 21:02
sagboluň minnetdar