Оба хожалыгы.

Интернет тазелигнин хабар бермегине гора гоншы Озбегистанда бир мулкдар 1 га еринден 150 тонна соган етишдирип алмагы башарыпдыр. Эгер бу хасылы центнер хасабына гечирсек , гектардан 1500 ц хасыл алындыгы боляр. Бир гектарда 10000 кв метр бар болса хер квадрат метрден наче кг соган етишдирип алыпдыр? Сайтдакы математиклер ! Сизлер хасаплан ханы!?
2 лайков 194 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
22 окт 2023, 15:29
Essalowmaleykum agam! Özbek mülkdar bir metr kwadratdan 15kg sogan alypdyr. Matematik däl welin şeýleräk öýdýän.
Maksat
22 окт 2023, 15:32
Gektardan 1500sentner gaty köp bolýa dälmaý. Bir metr kwadrata 15kg sogan köp ýaly.
Goklors
22 окт 2023, 15:48
ohow, soganlary düzüp goýaňda 15kg çykjakmy
Kerbaba
Автор 22 окт 2023, 15:48
Bayker
Gektardan 1500sentner gaty köp bolýa dälmaý. Bir metr kwadrata 15kg sogan köp ýaly.

Салам Байкер иним! Менем шона хайран галып шу ерде пайлашайдым. Гаты коп ол. Догрусы мена ынанжагмам билмедим. 1 м кв ичинин кесеги бн алсанам 15 кг чыкмайжак ялы:).obaly
Гость
22 окт 2023, 18:55
Nil Armstrong Aýa barsa Aýda iki sany özbek oturanmyş, "şu ýere nädip suw äkelip şaly ekip bolar"- diýip maslahatlaşyp.

Şulardan her zat çykar
Dowsypat
22 окт 2023, 19:11
Bız ajy zat ekemızok. Yrym edılyar
Owrenyan
23 окт 2023, 08:51
Waka:

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň aýaklary.
Kolhozyň çäginde mellek aljak bolsaň ýa-da mellegiň, hojalygyň bar bolsa, şol maşgala tarapyndan hökmany ýerine ýetiriläýmeli talaplar bardy:
1. Maşgala agzalary kolhozda işlemeli;
2.Ýylda bir paý gurçuk tutmaly, pilesini kolhoza tabşyrmaly;
3. Kolhoz pagtaçylyk ýa-da gallaçylyk hojalygy däl-de, gök ekerançylyk kolhozy bolandygy üçin her ýylda her maşgala bölünip berilýän sogan meýdany paýyna idi-yssywat etmeli (otag, kätmen, ýekeleme we ş.m.), soňam hasylyny ýygyp, tabşyrmaly.
Ol döwürler tutuş oba-da köçeme-köçe brigadalara bölünendi.
Ine onsoň bizem çagalar bolup, meýdana sogan ýygmaga göçümlik/ýatymlyk gitdik.
Baranymyzda-da kolhoz başlygy sogançy-kolhozçylaryň arasynda ýaryş yglan etdi. Kimiň ýetişdiren sogan-potrat meýdanyndan kän hasyl almaşak.
Onsoň öz brigadamyzyň meýdanlaryna geldik welin, brigadirimizem diýdi:
-Pylanyň gyzy Pylany, brigadamyzyň ody bilen girip küli bilen çykýar. Özem ýaman işeňňir. Geliň, hemmämiz üýşüp, şony ýeňiji edeliň. Soň kolhoza tabşyrylan sogan üçin bolsa, kimiň näçe tabşyrandygyny depdere belläp, ýylyň ahyrynda dohod berlende onuň adyna berlen girdejiden köpükme-köpük hasaplaşarys.
Biz-ä nä, çaga. Brigadir aýtdy, gutardy. Edil, bir obaň adamsy bolansoň: "diýenini etmeseň ýamanlyk eder-ä" diýip biljek däl. Erbet adam däldi. Ýöne onuň saňa eger islese ýamanlyk edip bilýändigi welin, hak. Işlän hakyňdan kemer, gün sanyňy azaldar ýa-da ýene bir zat.
Garaz, adamlar - yrza, närza - sesini çykarman, brigadiriň aýdanyny goldadylar.
Onsoň tutuş brigada bolup, traktoryň kiçiräk kültemi ýa azalmy (şu wagt düzüwli ýadyma düşenok) nähilidir bir zady bilen çöwrüp geçip giden meýdanyndan sogan ýygýas, bedreläp daşabam haltalary doldurýas, agzyny gözäp, daňýas. Brigadir ýa-da belleýjem ("uçotçik") ol haltalardan geregini ýaňky "Pylanyň gyzy Pylanyň" hasabyna bir depdere belleýär. Beýleki depdere-de şol haltalaň "hak eýeleriniň" adyny belleýär.
Umuman, şol ýyl biziň brigadamyzyň "iň ýaman işeňňiri - Pylanyň gyzy Pylany" kolhozyň "iň bet sogançysy" boldy :-).
Ýöne, çaga bolamyzsoň bir gektardan näçe sogan hasyl alandygyny bilenimde ýok.
Belki, şu özbek gardaşymyzyňky ýaly 1 ga-dan 1500 sentnerdir, belki 3000 sentnerdir.
Ýa-da ol "iň ýaman işeňňir hanymyň" hasyly, türkmençilikde diýlişi deý: "Hydyr görene dönüp", her inedördül metrden 77 kg bolan bolmagam ahmal.
Hany, indem bir hasaplalyň, isleneniň "matematik däl mätematikleri"! :-)

Автор 23 окт 2023, 15:04
Owrenyan,
Догры, союз йыллары Ашгабат районы барды. Онун колхоз -совхозлары гокчулиге йорителешдирлен хожалыкларды. 70-80 нжи йылларда Ашгабадын техникумларында окаян талыплары пагта йыгмана далде соган йыгмана уградыляндыгны эшидйардик.О довурлер хемме зат план боюнчады. Хайсы бригада енижи болмалы, ким енил машын сылаг алмалы? Бары онунден диллешиклиди. Элбетде, гектарын хасыллылыгы барада душунжамиз инди озлермиз карендечи боланмызсон артды.Гектардан алынян пагта хасылы 50-60 ц га болса , сен супер дайхан болдугын.. Бугдай хем шейле. Бизинки ялы суварымлы юртларда анрыбаш горкезижи хасапланяр.Соган барада айдылса гектардан 40-55 тонна алынян ерлер болупдыр.Бизде Туркменистанда. Бу горкезижи хем суварымлы улке учин говы нетиже хасап эдилйар.Чунки соган сувы коп талап эдйар. Адаты ягдайда, 19-26 тонна соган алыняр экен бизде.Картошка , шугундр ялы экинлерем шейле. Бу экинлере сувы тапан вагтын далде, талап эден вагты бермелида. Озбек гоншылармызын ишеннирлигне соз ек. Озбегин элине катменни, сувуны берсен галан зады ози алып чыкар.Гуголдан гозлап гордум велин, бу хабар чын экен, тасин ери ол озбек каренде еринде диклигине гуйы газдырып, шонун сувыны дамжалайын гойберип шу хасылы алманы башарыпдыр. Мундан он 2021 йылда Украинанын хазирки уруш гидип дуран Херсон велаятында гектардан 120 тонна соган алныпдыр.Озбек рекорды тазелапдир.. Несип этсин! Бизем иншалла шейдип еримизден гуйы газарысда сув етмесе....
Owrenyan
23 окт 2023, 15:31
kwadrat kelle,
Arada soganyň kilesini 2 manatdan ýük maşynly aýlap satyp ýörler. Alýan köp. Bizem aldyk.
150 tonnaň näçe bolýar-aý?
150x2=300.
300 müň manat bolýar.
Bäh.
Azyndan 5 gektar dagam eken bolsaň. Olam bolýar: 1,5 million manat.
Oh-how.
Ol Özbek aga puluň aşagynda gömlüpdir-ä. Özem bu arzan bahadan uraňda şeýle.
Owrenyan
23 окт 2023, 15:45
Ýöne her gektardan 40 tonna alanyňda-da, arzan bahadan sataňda 80 müň manat boljak ekeni.
10 gektar dagy ekip, şeýle hasyl alyp bilseň, 800 müň manat bolýar duruberýär.

Anekdot:

Ependi bir gün bir ýerden gelýärkä gaýynenelerine sowlupdyr. Olaram: "gyzymyz datsyn" diýip, oňa towugyň 10 sany ýumurtgasyny salypdyrlar. Bu garyp bende-de ýaňky ýumurtgalary salmaga gaby ýok - olary telpeginiň içine örüp, onam kellesine geýipdir.
Soňra gaýdypdyr. Ýolda, eşegiň üstünde içini hümledip gelşine-de göwün ýüwürtmäge başlapdyr: "Aý ine, öýe bararyn. Keýwana: "bu ýumurtgalary iýmäli. Goňşulaň kürküne basyrdyp jüýje çykardaly" diýerin. Onsoň basyrdarys. On ýumurtgadan on jüýje. Olar 3-4 aýda towuk bolar. Olaryňam hersi azyndan 10 ýumurtgadan guzlap, olaňňam hemmesi kürk bolup, ýene basyrsalar. Ondanam çykar 100 jüýje. Ýüz jüýjäm towuk çyksa, öňki 10 towugam üstüne, jemi 110 sany towugyň her haýsyna 10 ýumurtga basurdarys. Olam bolar: 1100 jüýje..."...
Garaz, Ependi ýoly külterledigisaýy onuň kellesindäki hasaplaýan towuklardyr olaryň basyryp çykarmaly jüýjeleri barha köpelip, hyýaly hasaplamasy bulaşmaga başlapdyr. Onuň hyýaly hasaplamalarynda towuklaryň sany 300 müňden geçende Ependi kellesine näçe agram salsa-da, birdenkä onuň hasaby çykmaýandan bolup duruberipdir. Özi üçin ýaman gyzykly hasap-hesibe boýyn çümen Ependi, nireden, nädip barýandygynam undup, kellesiniň gyzgynyna:
-Beh, näçe bolýar-aý, içigary galmyş?!-diýip öz telpeginiň üstüne patyladyp goýberipdir welin, onuň içindäki ýumurtgalar pagyş-para bolupdyr. Ýüzünden-gözünden ýumurtgaň sarysy-agy syrygyp akýan Ependi bolan waka gyýylyp durşuna, öz-özüne hüňürdäp, hyrçyny dişläpdir:
-Wah, haýp 300 ýüz müň towuk! Häý, gara nebsiň gursun, doýman geçen doýmaz-dolmaz zaňňar! Durar çende duraýan bolsaň, hanha, allanäme ýüz müňläp towukly baý bolup oturybermelidiň! :-)
Kerbaba
Автор 23 окт 2023, 19:01
Owrenyan,
Анекдот гулдирди...?. 2 манатдан алан болсаныз , Сизде арзан экен. Бизде ин песи 3м 60 т. Машынлап ансат соган айламаярлар оба ичине. ,, Дуканчылар аркалашыгы'' ансат соганын бахасынын песе гачмагына ел береноклар.