Degişmeler# kelläňize dynç berer)

Sen,TDU-a girmekjimiñ ýa-da TOHI-a girjekmiň?
-Men PPÝÝ girjek nesip bolsa!
-Onuň ýaly okuw jaýam barmy?
-Elbetde "Pahanyň Puly Ýeten Ýerine."
-Dogry edýäň.Häzir hemme-de şo ýere okuwa girýär.

Tilki,pyşbaga,syçan 3-si,Koreýa işlemäge gidermen bolupdyr.Olary işe alyp barýan garga düşündüriş berýär:
"Koreýa baranyňyz-da,häzirki adyňyz bilen gezip bilmersiňiz.Şol sebäplem adyňyzy koreýisçä üýtgetmeli bolarsyňyz!
Meselem:Tilki seniň adyň Tik bolsun.
Pyşbaga seniň adyň Pik bolsun.
Syçan seniň adyň"....
Syçan:Aý menä Koreýa işe gitjek däl!

Doňuz fermadaky doňuzlar gowy semränligi üçin,ferma müdürini doňuzlar bilen surata düşürüpdirler.
Gazýede suraty nähili sözbaşy bilen goýjaklaryny bilmändirler.
Biri aýdýar:"Geliň,ferma müdüri doňuzlaryň arasynda diýip ýazalyň" diýse,
beýlekisi:"Ýok,doňuzlar ferma müdürüniň ýanynda"diýip,ýazalyň diýýär.
Ahyrsoňy,uzak çekeleşikden soň surat şeýle sözbaşy bilen,gazýede çykýar:
"Çepden üçinji-ferma müdüri Palan Palanow".

Bir adam süňküň ýiligini sorýaram welin,ýilik damagyndan şo durşuna geçip gidýär:
Adam ahmyrly seslenýar:
"Hezil edip ýilik iýjekdim-datmanam galdym."

Patyşa bir goşgy ýazyp,wezir-wekillerine okap berýär.Olar goşga uly baha berýärler.Olaryň arasynda Ependem bar eken.Patyşa oňa garap:Ýeri Ependi nähili bolupdyr?-diýýär.Ependi:Şu ýaşa ýetip şundan biderek goşgyny eşidip göremok diýýär.Patyşaň gahary gelip Ependini zyndana taşlamagy buýrýar.
Bir hepde-den patyşa täze goşgy ýazyp,Ependini zyndandan çykaryp okap berýär.
Patyşa indi nähili bolupdyr?-diýýär.
Ependi sesini çykarmazdan yzyna öwrülüp,ýörap başlaýar.
Patyşa geň galyp:Nirä?-diýip soraýar.
Ependi:Zyndana diýip jogap berýär.


Oglan:Biz edil Romea we Julettanyň söýüşişi ýaly söýüşeli.
Gyz:Olar ahyr soňy ölýär.
Oglan:Onda,Leýli-Mejnun ýaly söýüşeli?
Gyz:Olaram ölýar.
Oglan:Şasenem-Garyp ýaly söýüşeli?
Gyz:Olaram ahyry ölýär.
Oglan:Zöhre-Tahyr ýaly söýüşsek nä?
Gyz:Şolarama ölýän bolmaly.
Oglan:Jek we Rouz ýaly söýüşeli?
Gyz:Jek ölýär.
Oglan:Bähh bu gedaý galan oglanlardan diri galany ýokmaý???

Mugallym okuwçylara sorag berdi:Içiňizde jennede barasyňyz gelýän bar bolsa elini galdyrsyn:
Bir okuwçydan galany,elini galdyrdy.
Mugallym okuwça ýüzlendi:Seniň jennede barasyň gelmeýärmi?
Okuwçy:Ýok,ejem okuwdan çykyp,göni öýe gaýt diýip tabşyryp goýberdi.

Direktor okuwçylara sorag berýär:
Öz okaýan sapagyňyzdan ýokary netijä ýetip bilmeseňiz näme ederdiňiz?
Bir okuwçy jogap berýär:Gijämi gündiz edip okardym,öwrenerdim.Şol sapaga düşünýänçäm ýaltalyk etmezden.Hereketde bolardym.
Berekella.Hany Amanow sen näme ederdiň?
Amanow:Mekdebimi çalşyp görerdim.


KGB merkezine jañ gelýär:
- Alo?...
- Meñ goñşym Salomon*(ýewreý) watan duşmany odunlygynda hökümetden gizlenen brilýantlary gizleýär.
- Bellige aldyk siz alada etmäñ.
Ertesi KGB Salomonyñ öýüni gabaýar odynlyga girýär ähli odunlary ikä ýaryp çapyp çykýarlar görse ýekejede brilýantam yok. Gahar edip Salomona sögüp gitýärler.
Agşam Salomona jañ gelýär:
- Alo?
- Men Mose. KGB geldimi?
- Geldi?...
- Gyşlyk odunlaryñy çapdymy?...
- Çapdy?...
- indi jañ etmek gezegi señki.
Ekin ekmen üçin mellegimi agdarmaly...*

ERKEKMİ ÝA-DA ZENAN?!
Amerkada erkekler we zenanlar jedel edýär kompýuter erkekmi zenanmy diýip.
Zenanlar kompýuter erkek diyip tutarlar:
sebabi diysen kompýuterlar aslynda meseleri çozmek ucin niyetlenenem bolsa omriniñ 4 den 3 boleginde mesele ýüze cyrararlar. Onsañam iñ esasysy bulardan birine eye bolanyndan son gorýansiñiz biraz sabr eden bolsañyz mundan has gowysyny hem alyp biljekligiñizi gorup puşman bolarsyñyz. "
Erkeklerem elbetde ters pikirdedir:
" kompýuter zenandyr diyaler.
Sebabi onyñ pikir ýöredişine Ýaradanyndan başga hiç kim düşünmez bu bir.
Edilen iñ kiçi ýalnyşy hem öz ýadynda saklap gaýta gaýta size ýatladar bu ikiii.
We bir kompýutera pul berip satyn alanyñyzdan soñ görup otursanyz , ýene şonça pul berip aksesuarlaryny hem satyn almaly bolýarsyñyz bu hem üç

Uruş nädip başlaýar?!

- Kaka,uruş nähili başlaýar -diyip 10 ýaşlyja oglanjyk kakasyndan sorady.
- Oglum ine Amerika bilen Angliýa dawalaşýar diýeli.
- Amerika Angliýa bilen dawalaşanok diyip, aňyrdan ejesi seslendi.
- Dawalaşdy diyip kim aÿtdy? Men ýöne ogluma mysal getirjek boldum -diyip kakasy gaty sesi bilen gygyrdy.
- Näme sammyldaýañ sen? Beydip çaganyñ kellesini biderek pikirler bilen bulaşdyrarsyñ.
- Men sammyldammok, eger ol seni diñlese onuñ kellesinde hiç hili pikirem bolmaz -diyip kakasy gaharly gepledi.

Haçanda ene-atalar ellerine tarelka alyp zyñmaga taýýar bolup durkalar oglanjyk:

- Sagbol kaka, sagbol eje men indi urşuñ nähili başlanýandygyny hic haçan soramaryn. MEN DÜŞÜNDIM..

***

...Bir adam bazarda şapga (papak) satyarmyş. Ol bir gün bazardan cykyp öyüne gaydyp baryarka yolda yadap bir agajyñ saýasynda dem dync almaga oturypdyr. Ol şo tayda irkilip galypdyr. Biraz wagtdan oýansa yanyndaky sumka boş, şapkalary ýokmyş. Ol pikirlenip otyrka yokardan sesler eshdilipdir. Yokaryk seretse agajyň üsti doly maýmyn hersiniň kellesinde bir şapga barmyş. Adam: -Men indi bu maýmynlardan şapkalary nädip alarkam -d.p elini kellesine goyup pikirlenip durka, maýmynlara seretse olaram adamyň hereketlerini gaýtalayarmyş... Adam elini yokaryk galdyryp görse, olaram ellerini yokary galdyrýarmyş... Adam näme etmelidigne derrew düshünip, kellesindaki şapkany çykaryp aşak oklapdyr. Maýmynlaram şapkalary çykaryp aşak oklapdyr. Adam derrew şapkalary yygnap torbasyna atypdyrda yola rowana bolupdyr...
Aradan wagt gecipdir. Ol adam yogalypdyr, emma onuň agtygy hem ulalyp şapka satyan bolupdyr. Ol hem bir gün bazardan çykyp öyüne gaydyp gelyärkä ýolda yadap bir agajyň sayasynda uka gidipdir. Ep- esli wagtdan oýansa torbasy boş, şapkalar yokmuş. Yokaryk seretse maýmynlar ala goh, hersiniň kellesinde bir şapka barmyş. Yigit derrew atasynyň aydyp beren gürrüñini yatlapdyr we elini yokaryk galdyrypdyr. Maymynlaram onuň hereketini gaytalapdyr. Yigit yylgyrypdyr-da, kellesindaki şapkasyny aşak oklapdyr.
Bir maymyn aşak düşüpdir-de ýaňky şapkany alyp, yigide bir şarrpyk çalyp:
- Sende ata bar-da, bizde yokmy?! Utancsyz...

***

Bir gün iki dos kinoteatrda otyrlar, öňünde-de kel bir adam otyr eken, dosdy ýanyndaka:
- 10 manatdan jedel edeli, sen şuň kellesine urup bilmeýäň!
- uraryn diyip, urýada
- Meret dos senmay häliden bäri tanaman otyrn diýýämiş,
Kel hem:
- yok men Meret däl diyip otyrýa.
Ýene dosdy:
- 20 manatdan jedel etjek 2 nji sapar urmayaň diyse, ýaňky dosdy ýene keliň kellesine urup:
- Meret senää hou nä tanamadyk bolyaň diyse,
kelin gahary gelip:
- mendäl how Meret diyip, turup öňdäki hatarlaň birine geçýä.
Ýenede ýanyndaky dosdy:
- indi 50 manatdan jedel etýäs 3 nji gezegä urmaýaň sen şuny diyse, ýanky keliň yene yzyna baryp kellesine urup:
- ohooo Meret bärdemaý sen häliden bäri ýokarky hatarda sensiň öýdip biriniň kellesine uryp otyryna diyen bolýamyş..

Söýüşýän gyzym bilen duşuşanda,oňa beden agzalarymyň biri gowy işlänok diýdim.
Gyz haýran galdy.O näme diýdigiň?Eliň-aýagyň sag,gözüň gowy görýä,Agzyň gürleýä,dişleriň sag,eşidişiň gowy,oturup-turşuň gül ýaly.
Men aýtdym:Kemçilik daşarda däl içerde.
Şeýle diýenden gyz:Bolýar onda menem oýe baraýyn,men saňa bir zat aýdaýyn diýip gelipdim,meni daýymyň ogluna berjek bolýarlar.Garşylyk görkezmek peýdasyz.Özüňe mynasyp gowja gyz tap diýdi-de,ýuwaşja-dan ugrap başlady.
Yzyndan gygyryp galdym:Böwreklermiň biri gowy işlänok..
Böwrek-beden agzasy däl-de,içki organa girýänligini soň bildim...gör o gyz nämäň pikrini etdi...


Nätanyş nomerden jaň geldi:
Alsam bir gyz:
-Nähili gowymyň?- diýdi.
-Gowy-diýdim!
-Arma diýdi
-Bar bol!Özüňem arma diýdim.
-Bar bol!Sünnet boldunmy?-diýdi.
-Hawa diýdim.
-Bolan bolsan gel çalt,garaşýan diýdi.
-Bolýa,nirde sen?diýdim
-Balnissan ýanynda,agajyň aşagynda,çeträkde durun diýdi.
-Mesele däl diýdim.
-Şprisleriňi,ukollaryňam alyp gaýt.Ozalky ýaly galypdyr diýip,yzyňa gidip ýöreme diýdi.
-Şpiris,ukolymy hemişe ýanymda göterýän.Arkaýyn bol!Öýde taşlap gidilýän zat däl diýdim.
-Şpirisiň täzemi.Ulanylan bolaýmasyn diýdi.
-Ýok,heniz bir gezegem ulanylmadyk.Täzeje dur diýdim.
-Bolýa gel onda çalt diýdi.
Soň bilsem bir gelin ýalňyşlyk bilen düşen eken.Ejesi ýarawsyz eken,Sünnet atly tanyş dokdory bar eken.Şol dokdor ejesine seredýän eken.Şo gelin balnissaň ýanynda Sünnede diýip maňa jaň eden eken.Işi gutarandan alyp gidýän eken.


Agşam sagat 10-da söýgülim jaň etdi.
Öýde hiç kim ýok.Ýeke özüm oturmaga gorkýan.Geläý diýip.
Bolýa diýip gitdim.Gowy garşy aldy.Kastýumy çykaryp bir gyra zyňdym.Soňra hezil edip...(kelläňize ýaman zat geldi öýdýän.Toba,toba.)
Gijesi bilen hezil edip kitap okap çykdyk.Ertirki egzamine taýýarlandyk.
3 лайков 218 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.