Daşrakda geziberäýin
Adyny tutmaýan bu tanyşymyň semizje, göwrelije öküzi bardy.
By hadysa birnäçe ýyl mundan öň bolup geçip wakany gözüm bilen
görmedim ýöne maňa ýetirdiler. Men bolsa bu wakany öz sözlerim
bilen baýlaşdyryp durmuşda her hili wakalaryň bolup bijekdigini, durmuş
siziň isleýşiňize görä bolup geçmeýändigini, sähel ahmal bolsaňyz
betbagtçylyk gözüňiziň alnynda durandygyny duýdyrmakçy.
Ine, onsoň bu tanyşym bu öküzini hemme zatdan görä eý görüpdir. Işinden
hem, maşynyndan hem hatda aýalyndan hem. Diňe çagalary bu öküz
bilen bäsleşip biljek däldi onuň aýytmagyna görä. Öküzi hem eziz bolan
hem pully. Satsa gowyja bir maşyny arkaýyn alyp biljek eken ýöne onuň
maksady täze maşyn bolmandyr.Ol bu öküzini hemme tanyşlaryna güjeňläp
bir topar abaraýa eýe bolup otyran hem. Pylanynyň gowy öküzi bar diýip
märeke bolsa onuň adyny tutypdyrlar. Tanyşym bolsa goý semräbersin,
şu öküziň pulyna häli bärde mätäçligim ýok diýip öküz
derisine sygmaýança bakan. Öküziniň semizliginden keýpi bäş bolan.
Öýe girse dürk-dürk eden. Çagalaryna bolsa keýpiniň köklüginden
günde işden gelende bir topar sowgatlary äkelen. Gelişine başga
zada seretmän ökzüne gerekli hyzmatlary eden. Oňa guwanan.
Öküz bolsa mys-myslap duran, gerinen, meni sypala diýip näz eden.
Şeýdip bu ikisi hatda dost hem bolan. Öküz hem bu wagt özüni oňa
dost kimin alyp baran. Emma her kimiň maksady bardy bu işde.
Eýesi ony soýup
satyp pullanmakçydy. Öküz bolsa ýaşamakçydy. Bu halatda bu ikisiniň
maksady dogry gelmändir.
Ine onsoň meniň tanyşym ýaňy işden geleni şol şunça sylap otyran öküzi
ýüpüni bir ýol üzüpdirde boşapdyr.Tanyşym bolsa boşan öküziniň munyň
ýaly goh turyzjagyny hijem hyýalyna getirmändir.Ol öküzini özüne dost
saýan we baragada öküzini daňmakçy bolan. Emma öküz oňa şahyny
gezäp ýanyma gelme diýýän hemläni uran. Tanyşym bolsa, hiç zat
edesi ýokla diýip öküziň üzülmän galan kelteje ýüpüne elini uzadypdyr.
Elini uzadany şol öküz oňa tarap okdurylypdyr we gelişine eýsine birinji
zarbany urypdyr. Zarba onuň sag kükregine degipdir emma entek ol
diýen güýçli däl. Şondada ol käbir agyryny duýypdyr. Ol indi öküzi
taşlap gidiberjek hem bolupdyr. Emma öküz ondan soň
şahyny ýanyndaky duran
mallara aýlap olary süzüp başlapdyr. Tanyşym bolsa bu mallarynyň
heläk bolmagyndan gorkup eline şu ýerde ýatan pilçe bilen öküzi yza
tesjek bolupdyr. Emma öküziň gany ep-esli gyzan bolup indi ol taýakdan
gorkmakçy däl ýagdaýda bolupdyr.Tanyşym pilçe bilen öküziň maňlaýyna
bir taşlap öküz gorkandyr öýdüp ýene onyň ýüpünden tutjak
bolupdyr.Öküz bolsa özüniň adam bilen dawasynyň näme bilen
gutarjagyny oýlaman tanyşymyň ýüzüne şahy bilen bir
taşlapdyr.Bu gezek tanyşym honda uçyp gidip, zarbadan ýüz-gözünden
gan guýylypdyr. Bu edenini az gören öküz ony ýatan ýerinde ýere
myjjyklap başlapdyr. Ýene birnäçe sekuntdan öküz ony maýyp hem edip
bilerdi öldürip hem. Häläm ýoldan geçip barýan başga bir mal bakýan
öküz bilen onuň garpyşýanyny görüp ylgap gelip şu ýerde bar bolan
demir ýaba bilen öküziň ahmal ýerinden itekläp ony ölümden
alyp galypdyr. Ony göterip diýen ýaly bu howply ýerden çykarypdyr.
Soňra bolsa öküze al salyp
uzyn ýüp bilen onyň aýaklaryny çolaşdyryp agdaryp urypdyr. Bu wagt
başgada adamlar hem gelip jem bolup gazaba münen bu oküzi täzeje mäkäm
ýüp bilen daňypdyrlar.
Tanyşymy bolsa maşyna ýükläp keselhana äkidipdirler.
Öküz bolsa birnäçe sagat aç durandan soň parahatlaşyp ýene
öňki halyna gaýdyp gelipdir.Iýmini iýip gäwüşäp durypdyr. Haçan eýesi
gelende ol ýene meni sypala diýipdir. Emma tanyşymyň
ondan göwüni galan. Sypalap guwanmanyň
ornyna indi onda ynanmazlyk dörän. Gahary gelen tanyşym öküzi
deger-degmeze satyp
goýberip ondan düşen pula hem gyzykmandyr.
Hawa dostlarym siz kim edil şu öküz kimin. Size hem ynam ýok.
Haçan süzjegiňiz belli däl. Şonuň üçin sizden daşrakda geziberäýin.
Ýazan Kelleagyryk.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.