Hydyr atany tanaman durmaň

Hawa, bir adam Hydyr ata barada agyz suwjardýan gürrüňleri
eşidipdirde öýüne gelip aýalyna ýola
goşuny tutmagyny talap edipdir.
Men Hydyra ata duşyp ondan şu zatlary sorajak diýidir.Birnji ölmezligi,
ikinji gutarnyksyz puly, üçünji hemmäniň meni sylamagyny.
Aýaly bir meýdan gözlerini gyrp-gyrp
edip durypdyrda bu eşidenleriň üwdürmedir. Şu ömrümde biriniň
Hydyr ata berdi diýip görkezen bir zadyny görmedim. Gowusy öýe girde
gömülde otyr. Onsoňam sen ölüp ýatan garyp däl ahyry Hydyr atadan
bir zat sorar ýaly diýipdir.
Aýalynyň bu dogry sözi oňa umuman ýokmandyr. Tersine oňa
şu sözler bilen herrelipdir. Ine görersiň, men Hydyr atany
taparyn, çünki men anyk eşitdim ol çöl-beýewanda ýol
sökýän ekeni.Oňa duşanlar bar diýýärler.Senden bolsa akyl
soralmaýar. Goşumy düz diýýän.
Ine onsoň aýaly hyzmatkerleri bir ýere jemläp etmeli işlerini
olara buýruk beripdir. Ilki bilen bir düýäni gowrulan etden
ýüküni tutypdyr. Ýene bir düýä durli-dümen içgilerden asypdyr. Ýene
bir düýä dem almak üçin zerur çatma-çadyr basypdyr. Dörünji düýä
bolsa adamsyny otyrdyp onuň otyran düýesine bir çybyk çalyp
-Anha ýoluň diýipdir.
Ýaňky adam çöl-beýewana çykypdyrda çatmany diklap iýip-içip
otyrpdyr. Onsoň ýene ýol ýöräp çatmany gurnap ukusyny alypdyr.
Ýüküni tutan bu adam çölde umuman hor bolmandyr. Eger ýola
alan zatlary gutarsa öýe gaýytmak pikirinde bolupdyr. Şeýdip
üç gün geçipdir. Dördünji gün epgek turypdyr. Onda bu adam çadyryny
bir ullakan saýaly sazagyň saýasynda gurypdyrda urypdyr
ukyny. Ukudan ony bir adam oýarypdyr. Agyzlary
kepän suwsyzlykdan, açlykdan horlanan we ysgyny giden.
Eý, ýigit rehim edewer, çölde ýeke galdym, iýmäne-içmäne zadym
ýok diýipdir ol adam. Ýanyňda otyryp bir dem alaýyn. Baryňdan
iýip-içeýin ýogsa maňa kyn diýipdir
Onda bu adam oňa gygyrypdyr.
-Men seni däl, Hydyr atany gözläp çykdym bu çöle.
Eger bu zatlary saňa bersem men şu ýerden yzyma gaýytmaly bolaryn.
Çünki sen meniň zatlarymy iýip gutararsyň. Men bolsa Hydyr ata
duşman yzyma gaýytmaly bolaryn.
Şu sözden soň ondan kömek soran adam nägile bolupdyrda turyp
gidipdir. Ol gidip bir depe geçmänkä, ýaňkynyň endaamy jigg
edip gidipdir. Kellesine bolsa şu pikir gelipdir.
-Megerem ýaňky kömek soran Hydyr ata bolsa gerek. Wah, synagdan
geçip bilmedim ýogsa men oňa kömek eden bolsam ol hem meniň
soranymy beredi diýip gideniň yzyndan ylgapdyr. Depäni aşýança
onuň yzy bar bolupdyr emma depäni aşany şolbada onuň aýak
yzy kesilipdir. Onuň asmana uçany aýak yzyndan bilinip durypdyr.
Ondan kömek soranyň Hydyr atadygyny bilen bu adam
özüni aşak taşlap aglapdyr. Onuň göwnüne degenine ahmyr edipdir.
Hydyr atadan alkyş almanyň ornuna onuň gargyşyny aldym. Indi maňa
bu jahanda orun ýokdur diýip şu ýerde ölüp galypdyr.
Ýigitler siz hem birden şu halata düşen adamdan bolmaň.
Hemmäni bir aýakdan sürüp arasynda bar bolan Hydyr atany
tanaman galmaň.
2 лайков 93 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Adambay
28 янв 2024, 23:06
Hydyr ata ynanýan bamyka, meselem Siňeklän 13 ynanmaýa
Perhat Sabirovv
29 янв 2024, 01:05
Peýdaly maglumat we gyzykly hekaýa