Meni däl makalamy sylaň

Ilki bilen siziň hemmäňizi sylaýandygymy aýytjak. Mende size
bolan hiç hili orrisatel pikir ýok. Şu aýydanym bilen birlikde siziň
nazarda tutmagyňyzy isleýrin ähli ýazýan makalam bolsun ýada başga
hili ýazgylar hemmesi täp-täzeje. Ýenede döwrebap, ýagny ýazýan
eserlerim döwüriň öňde goýan meselelerini siz üçin aýdyň
açyp görkezýär.
Meniň häzirki siz üçin ýazýan makalarymyň manysy şu döwürimize
dogry düşünmäne kömek edýär ýenede käbir dogry ýollary görkezýär.
Dogry siz bu makalalary başga ýazýanlardan hem okap bilersiňiz emma
tamdyra gyzanda ýap diýilşi ýaly men size edil şu wagt gerek wagtynda
ýazýaryn.
Bu makalalar ýazmak meniň üçin aňsatjadyr öýümäň. Doly ýazyp
size tabşyrýançam bir makala üçin iki gün wagt gidýär. Bu wagt diňe
ýazmak üçin gidýän wagt.
Kelläme gelen pikiri size ýetirmek üçin ilki bilen oýlanýaryn.
Bu ýazjagym ýerliklimi, kimdir birini öýkeletmezmi. Makalanyň
ähmiýeti nädereje bolar. Okyjylar okarmy? Şu hili pikirlerden soň
özümi yrýaryn ýazmaly diýip.
Eger bu ýazjagym öz kellämde bar bolsa we siziň göwnüňizi
awlarlyk derejede bolsa onda hiç bir gollanmasyz özüm ýazýaryn.
Ýöne soňky döwür mende başga bir endik agdyk edip başlady, ýagny
size ýetirmekçi bolýan pikirim indi diňe bir özümki däl eýsem
internetden şu tema degişli makalalary okap we çöpläp, olara
seljerme berip iň gyzykly we wajyp ýerlerini size ýetirýärin. Bu
halatda size okumuşly daşary ýurt alymlarynyň ýazanlary size
ýetip barýar.
Türkmençe terjime eder ýaly ýerlerini öz dilimize geçirýärin.
Emma terjime etmeli däl ýerleri hem bolýar, çünki käbir dokumentleriň
düzümini üýütgetmek bolmaýar. Şu halatda original dilde size ýetip
baraýar.
Sizden etjek haýyşym üns bilen okaň makalamy. Manysyna dogry düşüniň.
Kemsidiji sözleri aýytmaň. Bu makalalary ýazmak gaty kyn.
Meniň sylamasaňyzda makalamy sylaň. Çünki ikinji bir gezek bu makalalary
siz menden okamarsyňyz. Eliňize düşen ondada mugt düşen zadyň gadyryny
biliň.
5 лайков 100 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
08 фев 2024, 19:46

menem sylamañ diñe şuñ malakasyny sylañ

#B.S
08 фев 2024, 21:05

???

Jacksparro
08 фев 2024, 22:02

Emr edersiniz sultanim.... ????

noname
08 фев 2024, 23:22

Kim göwnüñe degdi

Balary
09 фев 2024, 20:24

dusinip yetisemok tazelenen sayda....?

Süleýman
09 фев 2024, 23:37

Menden like menä okaýan azap edýär keĺle döwýär mydama aktiw üstesüne hiç bir garşylyksyz gowja temalary gozgap ýazýar özümä sorag bilen ýüz tutmadym ýekeje kemi soraglary jogapsyz goýýar diýmeseñ gül ýaly üstünlik ýazyberiñ diñlesin diñlemesinler sen aytda gal. Galany özlerine bagly