Name üçin musulmanlar biri biri bilen söweşýärler?

Bul soraga iki  jogap bar. Ilki bilen, musulmanlaryň ikä bölünendigini boýun almalydyrys. Biz bölündik. Allah bize Äli Ymran süresiniňň 103- nji aýatynda bir çözgüt hödürleýär: "We'tesimu bihablillähi jemi'an welä teferraku ..(Hemmäňiz bilelikde Allanyň ýüpüne (dinine) ýapyşyň, bölünişmäň!) Allahyň ýüpi Gurhan we hadyslardyr. En'am süresiniň 159- njy aýatynda aýdylyşy ýaly, dinde kemsitmek gadagandyr: "Innellezine ferraku dinehum ve känu şiýean leste minhum fi Şeýin, innema emruhum Ilallahi summe ýunebbiuhum bimä känu ýef'alun.(Dinlerini (ýoýup), dürli toparlara (akymlara) bölünenler bilen seniň hiç hili zadyň (baglanyşygyň) ýokdur. Olara jeza bermek işi Alla galandyr). Şonuň üçin olara üns bermäňizi goýuň. Olaryň işi Allanyň özüne bagly. Ýagny, olaryň jezasyny Ilähi adalatyň özi berer. Kimdir biri şeýle zady etse, sen onuň bilen işiň bolmasyn. Onuň işi Allaha baglydyr. Başgaça aýdylanda, diniň bitewüligini bozmak we yslamda bölünişik döretmek haramdyr. Biz musulmanlar, Gurhandan we Sünnetden azaşanymyz üçin günäkärdiris. Gurhana ýüz tutsak, düşünişmek bilen okasak, Gurhana we hadyslara eýersek, birleşeris. Bu ilkinji jogap. Ikinji jogap metbugat we yslamyň duşmanlary. Bilýärsiňiz, olar "parahatçylyk üçin söweş, parahatçylyk üçin söweş"  diýýärler. Aslynda bu parahatçylyk üçin söweş däl. Parahatçylyga garşy söweş. Parahatçylyk, Es-Seläm (Yslamdyr). Bu yslama garşy söweş. Yslamyň ýaýramagyny islemeýärler. Şonuň üçin häzirki wagtda dünýäniň iň güýçli ýaragy bolan metbugaty ulanýarlar. Habar beriş serişdeleri size gündizi gije, gijäni gündiz, duşmany  dost, dosty duşman edip görkezip biler. Şonuň üçin musulmanlary terrorist hökmünde görkezýärler. "Musulmanlar öldürýärler." diýýärler. Hawa, olaryň arasynda masgara bolanlaram bolup biler. Men ähli musulmanlaryň bigünädigini aýdamok. Habar beriş serişdeleri näme edýär? Habar beriş serişdeleri birnäçe masgaraçylykly musulmanlary saýlaýar we ähli musulmanlar ýaly edip dünýä hödürleýär.  Biz musulmanlar, birnäçe erbet akymlardan (toparlardan) hüşgär bolmalydyrys. Söýgüli pygamberimiz hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem aýtdy: "Adam atanyň ähli ogullary günäkär, günäkärleriň iň gowusy toba edenlerdir". (Ibni Mäje, Zuhd, 30) Günä eden bolmagyňyz mümkin, ýöne toba etseňiz, dünýädäki iň gowy adamsyňyz. Toba etmek gaty möhümdir.  Tirmizide aýdylan bir hadysy şerife görä Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Allatagalanyň şeýle buýurýanyny aýtdy: "Eý, Adam ogly! Günäleriňiz asmany gurşap aljak derejede köp bolsa, onda siz menden ötünç sorasaňyz, men sizi bagyşlaryn" -diýdi. (Tirmizi). Muslimiň bir hadysynda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: "Alla, gije- gündiz günä eden we günäsini geçmegini soraýan her bir adamy bagyşlar" diýýär. Sahyhy Buharydaky bir hadysda bir söweşden soň Allahyň Resulyna bir topar ýesir getirildi. Olaryň arasynda bir aýal ýesirleriň arasynda çagasyny gözleýärdi. Ahyrynda bir çaga tapdy we ony gujaklap, gujaklandan soň ene süýdi bilen emdirip başlady. Ýagdaýy gören Hezreti Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, ýanyndakylara: "Bu aýalyň çagasyny oda taşlajakdygyna ynanýarsyňyzmy?" diýip sorady. Olar: "Ýok!" diýip jogap berdiler. Şondan soň Pygamberimiz Resuly Ekrem: "Allanyň bendelerine rehim etmegi, bu aýalyň çagasyna bolan rehim- şepagatyndan has ýokarydyr" -diýdi. Bu ýerden aljak sapagymyza görä, Alla toba etseňiz ähli günäleriňizi bagyşlamaga taýyn. Musulmaçylyk, Allanyň we adamyň gursagynyň arasyndaky nurdur. Siziň diýýän:"ol musulmanlar eýle, bul musulmanlar beýle" diýýäniňiz bolsa, ol Yslamyň şahalarydyr. Daş görnüşe seredip baha bermekden saklanyň. Çünki siz onuň kalbyndakyny bilmeýärsiňiz.
2 лайков 51 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jacksparro
11 фев 2024, 09:34

Şu Hristiýan, Musulman, Iudeý, Budda, Şaman birleşip Atheiste garşy çyksa nähili bolarka?