Öwlüýa Çelebiniň ýatlan elhenç wakasy

ÖWLÜÝA ÇELEBINIŇ ÝATLAN ELHENÇ WAKASY




Orta asyrlarda ýaşap geçen meşhur Osman - türkmenleriniň ýazyjysy we syýahatçysy Öwlüýa Çelebi özüniň ýazan Syýahatnama eserinde gorkunç wakalaryň şaýady bolandygyny ýazga geçiripdir. Bu gorkunç wakany dil bilen beýan eder ýaly däldi.
Öwlüýa Çelebi hijri ýyl hasabyndan 1076-njy ýylyň Şowwal aýynyň 20-nji gijesi Hatukaý Çerkez diýarynyň 300 illi Pedsi obasynda gök ýüzünde, edil mawy ekerana tomaşa edýän ýaly gorkunç jadygöýlügiň, syhr-doganyň, tilsimiň söweş sahnasyny synlapdyr. Öwlüýa Çelebi bu elhenç wakany şeýleräk suratlandyrýar. ''Ýary gije zifiri garaňkylykda ýyldyrymlar çakmaga başlady, ýyldyrymyň sesi kyýamat gopýan ýaly düňleçdi''. Öwlüýä Çelebi Çerkez ýaşaýjylaryndan bu waka hakda soranynda, olar şeýle jogap beripdirler: ''Walla ýylda bir gezek şular ýaly karakonjolos gijesi bolup geçýär. Çerkez jadygoýleri bilen Abaza oburlary göklere uçup jeňňi-azym eder, uruşýarlar''...
Çen-çak bilen 70-80 sany adam bilen bu wakany görmäge çykan Öwlüýa Çelebi asmanda uly-uly agaç şahalaryň, gämileriň, arabalaryň tekerleriň, peçleriň we şoňa meňzeş zatlaryň üstüne münen Abaza jadygoýleri bilen Atyň, sygryň, düýeleriň öli-laşlerine münen, ellerinde-de ýylanlar, atdyr-düýe kelleleri bolan Çerkez jadygoýleriniň söweşini synlaýar. ''Alty sagada çeken söweşde güwwüldi eşidilip durupdyr we ýokardan arabanyň tekerleri, at, haýwan, adamyň el-aýak jeset agzalary, keçe-tüý, peç, gämi, gapy ýaly goş-golamlar gaçýardy''. Ýedi Abaza jadygöýi we Ýedi Çerkez jadygöýi ýere gaçanda Çerkez jadygöýlerinden 2 Abaza jadygoýiniň ganlaryny sorup öldürdi we ölen jesetlerini oda okladylar. Horazlar gygyryp başlansoň jadygöýler söweşi bes edip hersi bir ýere dargapdyrlar...''
Adam ganyny içýän jadygöýler hakynda-da belläp geçen Öwülýä Çelebi, olaryň gan içip kesel ýaýradýandyklaryny hem gürrüň berýär.
Gany içilen adamynyň hossary ýok bolsa ýeke başy ýeke ölüm diýilişi ýaly ýatan ýerinde ölüp galýar. Soňra gany içilen jesediň ýakyn hossarlary bar bolsa onuň bilen mazarlyga aýlanyp açylan lahatda jadygöýiň jeset läşi tapylýar. Soň jesedi gabyrdan çykaryp göbegine böwürslen agajyny gazyk edip kakýarlar. Soňra jadygoýin öli jesedi ýakýarlar. Şeýdip jadygöýiň syhyry ýok bolup, gany içilen adam hem syrkawlygyndan açylyp şypa tapýar.


12.02.2024
@Jeksparro
0 лайков 53 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.