Döwrüň meselesi.

Şu zamanyň içinde, ylymda, iýip-içmede herkim biri-birinden owadan geýjek bolýan zamanynda, herkim biri-birinden gowydan-gowy iýjek bolýan zamanynda, ukyny herkim gowy aljak bolýan zamanynda, ylym we hemme zat öňe düşen zamanynda näme üçin dogan dogandan bizar bolup barýar? Ylym öňe süýşüpdir diýip hemmämiz agzymyzy dolduryp gürleýäs. Ýöne näme üçin günbe-gün dogan-dogandan aýrylyşyp barýar? Eý ynsanlar! Näme üçin günbe gün ýüreklerden muhabbet aýrylyp barýar onda?  Näme diýip ýüreklerden sabyr aýrylyp barýar? Hemme kişi darykýan zamany bolupdyr. Öýüne girse howsala bolýar. Daşaryk çyksa içerik giresi gelýär. Kimiň gürrüňi şul, elbetde hemmämiziň gürrüňimiz. Her haýsymyzyň durmuşymyzda hökman bir mesele bar. Hany bul ylymyň öňe süýşenligi. Ýaşulyrak adam, şäheriň, obaň men diýip ýören türkmeniň adamsy ogrynça gelip hork-hork  aglaýa we agamjan näme boldy diýsem, inimjan  15 ýyl bäri doganlam bilen saçagyň başynda oturyşyp bilemok men diýýä. Näme sebäp şu zatlara? Ynsanlar! Rownakyl Islamda hezreti Wepaýy yslamyň esasy 7 sany wajybyny aýdýar. Şoň ýedilenjisi:"Biri haýr kylmak zewil-erhamyna" diýýär. Bu näme diýdigi? Bul dogan garyndaşlaň bilen gowy gatnaşygy saklamaklyk diýdigidir. Ýöne bu zamanda dogan iniden, ini agadan bizar. Muňa näme sebäp bilýäňizmi? Haýsy biriňiz aýdyp biljek sebäbini? Herkimiň arasyna bir tow düşýä. Kimsine ýer dawwa, kimsi aýalynyň gepi bilen, kimsiniňki miras-tereke. Garaz ar namysly türkmenlemmizä ýok diýen ýaly. Gürletseňem men pylan hili türkmen, men pylan pysmydan türkmen diýilýä. Ýöne bigadyrlykdan başga hiçbirzadam däldir.
8 лайков 166 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Lucky boy
14 фев 2024, 01:18
prawilno
Nurmuhammet
14 фев 2024, 06:56

? JELALEDDIN AHUNYN SÖZLERI 

Jacksparro
14 фев 2024, 08:08

Dogan-dogan bilen garyndaş-garyndaşy bilen gatnaşsa dünýe düzelerdi.

Şu Jelaletdin ahunyň öýüne türkmen barsa, hökman alyp galýandyrlar: ''Bu günlik bizde myhman bol'' diýip...

Goýbermeýärler. Bolmasa sen kim? Eýrandaky türkmen kim? Olaryň şu görkezýän mähirleriniň özi durşuna ylym...

Abdilla85
14 фев 2024, 11:55

Bigadyrlyk name!? Bu ynsany ynsandan sowadyan  nysak. Adamdan adama gadyr bolmasa, hormat yat bolsa dunyade shundan agyr narse yok. Ozallar koñul koñulden hal sorayardy. Biri-biriniñ ssglyk yagdaylary bilen icgin gyzyklanylyardy. Munda formallyk yok diyen yalydy. Adamlar ozara gadyrlydy. Oba yerlerinde agshamaralar, ish, guycden soñ birek-biregiñ oyune barylyp oturylyardy. Yary gija cenli dunya gurruñleri edilyardi. Bir okara calkamañ( mashewañ)  bashy sohbet ceshmesine owrulyardi. Diller mylayymdy, owazlar yakymlydy, adamlar biri-birine mahremdi. Tagamyñ lezzeti, sohbetiñ gyzygy yuzlere nur cayyardy. Ynssnlaryñ arasyndaky gadyr gymmat daragty goyry sayasyndan hic kimi dashlashdyrmayardy. Indi bolsa shol gadyr agajy gurap baryana meñzeyar. Yokarky yangynly, ahmyrly makalajyk ahwalata jany agyryanyñ owazydyr. 

Jacksparro
14 фев 2024, 14:31

Ha Berekella.... 

Dowsypat
14 фев 2024, 18:38

Haçanda mana düşmez iki çaga bir oýunjagyň üstünde çekeleşmesini goýsa,dünýä düzelmegi mümkin.Heniz mana düşmez çagalar ylalaşyp bilmeýän bolsa,diýmek,uruş-sögüş akyla terbiýe bagly zat dälde,adamyň ýasalmyşyna bagly.Özüňe gerekmejek zatdygyna düşünip dursagam,şol zady özümizki etmesek bir ýerimiz kemäp barýan ýalyda.

Dowsypat
14 фев 2024, 19:00

Ol döwürler telewizor,wi-fi diýlen zatlar ýokdy.Içi gysan adamlaram näme etsin?Biri-biri bilen gümür-ýamyr edişmäge bararlarda.Olaryň öyunde tv,wi-fi bolanda,olaram hazirkiler yaly gatnasman oturardylar.Internet bilen telewizor yok bolsun,oyunde ici gysan adamlar tazeden gatnasyp baslayyslaryny gorun!

Abdilla85
14 фев 2024, 19:10

Caga bolsun, akyly goyalyshan uly adam bolsun, hst-da haywanlara-da hokumini yoredip bilyan gara nebs barka, onuñ masshtaby global gornushde oz gerimini giñeldip baryarka terbiye-tagsyryñ,  yagshy gorum-goreldaniñ y san ogluna oñyn tasir edip biljegi iki ucly hala getiryar. Gara nebs ( nebs dal. Cunki, ozune laÿyk gelyan nebs her ynsana zerur. Onsuz hemme zat umumy, ortalyk yagdayda bolardy.)  gara nebs ahli gara ishleriñ ceshmesi. 

Abdilla85
14 фев 2024, 19:40

Dogry aydyan. Bir zaman orsyet tele kanalynyñ birinde Cingiz Aytmatow cykysh etdi. Shonda ol aytdy:  Telewizor, magnytofon kopeldi-adamlaryñ ozara gatnashyklary kemeldi-diydi- bir wagtlar, biziñ oglan wagtlarymyz-diydi-agshamara garrylar bir gapa yygnanshyp, oturardylar.Dunyañ sohbetini ederdiler, indi bolsa adamlar beyle endikden saplandylar diydi. Dunya belli yazyjynyñ bu aydanlary oran hakdy. Emma, gara nebsiñem tasiri birinji nobatda duryar. Cunki, jemgiyetiñ, jemagatyñ añyndaky gumanistik durnuklylyk ornashan yerinden bir gyra suyshup baryar. Bu ynsanyyet añyndaky ahyrzaman kõkleri bolsa gerek. Indi bu global yaramaz osushuñ depesinden basjak agirt uly guyc tapylmasa gerek. Cunki, umumy akym oz gayduwsyz bady bilen õñe tarap suyshup baryar. Dogrusy, dialektiki uytgeshme hereketi diyseñem bolyar. Beyle  uytgeshme asyrlar bilen olcenyar. 

Kelleagyryk
15 фев 2024, 06:35

Örän gyzykly tema tapypsyň Hemedany, ilki bilen ýörite syn ýazaýyn diýen karara geldim. Onsoň başga işimiň köp bolany üçin gysgarak
teswir ýazyp oňyşaýyn diýdim we şu aşakdaky sözleri ýazdym.
-Temaňy okap geň galýan kime berýäň bu soraglaryňy, öňe goýan meseläňi? Çünki saýta girip ýazýan sen bolsaň? Özüň jogap bermeli
halyňda öz pikirleriňi, hyýallaryňy özgeleriň üstün ýüklýäň. Özgeleriň öz derdi ýetik. Bu sözleri olaryň ýüzüne basmaňdada,
aýydanlaryň her kimiň gündelik durmuşynda uçrap dur. Ýöne seniň bu goýýan meseleriňe jogap ýokdan däl.Mysal üçin men aýdyp bilerdim.
Näme üçin dogan-dogandan bizar.Bu halda seniň ornuň näme? Bu bir ýönekeý mowzuk. Kitaplary agdar, alymlara, danalara ýüz tut, 
internet sahypalryndan gözle we öz ýazan mowzugyňy bitewi, jebis manyly adamlar okap görelde alar ýaly derejä elt! 
Daýhan öz ýerini ekmeli halda, hökümet işgärleri bolsa azan bilen turyp  işine gitmeli ýagdaýda bu hili temalara
jogap bermäne olarda wagt ýok.Temany bolsa sen ýazmaly çünki sen galdyrdyň bu meseläni! Alym hökmünde goýan meseläňi özüň
hem ahyryna çenli elt! Ullakan bir kitap ýaz. Dogan-dogany özara söýgä eltjek kitaby. 
Ýene bir wagta çenli hoş! Üstünlik dileýän!