Beraet gijesi

Musulman aý-gün hasabyndan meret (şaban) aýynyň ön dördünji gününi on bäşinji gününe baglaýan gijä «berat gijesi» diýilýär. Ol bu ýyl fewral aýynyň 24-den 25-ne geçilýän gijä gabat gelýär.
«Berat» sözüniň manysy (aslynda «beraet» sözüniň gysgaldylan görnüşi) bergiden, hassalykdan, günälerden, jezadan we umuman ýakymsyz, ýaramsyz zatlardan gutulmagy, halas bolmagy aňladýar. Birnäçe halklarda berat gijesini «seç gijesi», «seçim gijesi», «ýazgyt gijesi» ýaly hem atlandyrýarlar. «Miftah al-jenan» atly kitapda getirilýän rowaýatlara görä, öňümizdäki bir ýylda boljak wakalaryň ýazgysy hut şu gijede Lewhul-mahfuzdan (dünýäniň owalyndan ahyryna çenli bolan-boljak zatlaryň beýany ýazylan kitap) zemin asmanyna getirilermiş. Bir ýyllyk ýazgydy alyp gelýän perişdeler topbak-topbak ullakan ak bulutlaryň üstünde oturyp, sahypalary agdaryşdyryp, indiki ýylyň şu gününe çenli boljak wakalary birek-birege buşlarmyşyn diýilýär. «Buşluk, bu ýyl Pylanyň bagty açylýan ekeni. Pylanylar ogul öýerýär, gyz çykarýar. Pylanylar täze jaýa göçýär. Işleri ugrukýar. Täze gazanç çeşmesi peýda bolýar. Toý edýärler. Pylanylar täze ulag edinýär. Pylany talyp bolýar...» diýen ýaly başga-da birnäçe hoş habarlary aýdyp, birek-biregi begendirmäge çalşarmyşynlar. Dogrusy, kitapda getirilýän rowaýat mundan has uzyn. «Berat» sözi türkmen dilinde «Meret» ýaly ulanylýar. Çünki, «b» hem-de «m» harplarynyň ýa-da sesleriniň ornuny çalşyp gelmegi oguz-türkmen dillerine mahsus ýagdaý. Meselem, käbir türki dillerde «men» sözi «ben», «melewşe» sözi «benewşe» we ş.m. ýaly ulanylýar. Aslynda, şu aýda Berat gijesiniň — Meret gijesiniň bardygy üçin bu aýa Meret aýy diýilýär. Aslynda aýyň dogry ady — Şaban. Meret aýynyň on dördünji-on bäşinji gijesi beýleki musulman halklarynda bolşy ýaly türkmenlerde hem aýratyn uly ähmiýet berilýän gijeleriň biridir. Bu gije öňümizdäki bir ýylda bolmagyny isleýän zatlarymyzy Haktagaladan diläp, dynuwsyz dileg-dogalara berilmek has gowy görülýär. Halk arasyndaky rowaýatlarda hem bu giňden beýan edilýär. Türkmen halk döredijiliginde «Merediň on dördüne, Gyzlar kakar läläni» diýilýän gije hem şu gijedir. Bu mübärek gijede ýaş gyzlar ýagşy zatlary zybana getirip, ykballary üçin bagt diläp, owaza salyp, hiňlenip, onuň üstüni hem zikir sözleri — läleler bilen ýetiripdirler. Dleg-dogalaryň öňünde we ahyrynda Biribara zikir-sena hem-de Pygamberimize alkyş-salawat aýdylmagy dileg-dogalaryň has çalt kabul boljakdygyna ýorulýar.
Berat gijesi Kurany-kerimiň Lewhul-mahfuzdan dünýä asmanyna inen gijesidir. Bu gijä «magfiret gijesi» hem diýlipdir. Çünki bu gijede Allatagalanyň örän köp kişiniň günäsini geçjegi Pygamberimiz tarapyndan habar berlipdir. Pygamber alaýhyssalam bu gijäni ybadat edip geçiripdir.
Berat gijesi iman, ybadat we pikir-düşünjeler nukdaýnazaryndan täzelenmek, geçmişimizi gözden geçirip, ýalňyşlyklarymyza ökünmek, toba etmek, günälerden päklenip, durmuşymyza täze sahypadan dowam etmek, geljegimizi meýilleşdirmek, arzuwlarymyzy, umytlarymyzy täzelemek üçin ajaýyp pursatdyr. Bu gije mynasybetli böwrümize diňşirgenmek — ruhumyzyň sesine gulak asmak, günälerimize toba etmek, ähli musulmanlar we adamzat üçin Biribardan ýagşy zatlary dileg etmek gowy görülýär. Beýik Perwerdigär bu gije rysgal we saglyk-şypa gapylaryny giňden açarmyş. Arzuw-umytlara, dileg-dogalara berilmek babatda bu gije Täze ýyl gijesinden müň esse ähmiýetli bir gijedir.
Muhammet pygamberiň Berat gijesi barada şeýle diýendigi aýdylýar: «Şabanyň 15-nji gijesini (ýagny, 14-den 15-ne geçilýän gijäni) ybadat we gündizine agyz beklemek bilen geçiriň. Sebäbi Gudraty güýçli Allatagala şu gije dünýäniň asmanyna rehim-şepagatyny görkezýär hem-de: «Toba edýänler bar bolsa, tobasyny kabul edeýin. Rysgal isleýänler bar bolsa, rysgalyny bereýin. Saglyk isleýänler bar bolsa, saglyk bereýin. Başga näme islegleri bar bolsa, olary hem bereýin» diýýär.

Pygamberimiz bu nygmaty beren Allatagala bolan şükür etmek borjuny ýerine ýetirmek üçin bu gijäni uklaman geçirýär ekeni, merhumlar we diriler üçin doga edip, olaryň günäleriniň geçilmegini dileýär ekeni.

Berat gijesine mahsus bir namaz we ybadat ýokdur. Käbir çeşmelerde her iki rekegatdan soňra iki egniňe salam bermek bilen, 10, 50, 100 rekegat namazlaryň okalýandygy aýdylýar. Esasy zat, bu mübärek gijäniň ähmiýetine düşünip, Kurany-kerim okap, özümize hem-de özgelere iman, saglyk, agzybirlik, abraý, rysgal-bereket, şowlulyk ýaly gowy zatlary dileg edip geçirilmeli gijedir. Bu gijäniň gündizinde we gijesinde kömege mätäçlere ýardam-enaýat etmek, sadaka bermek iňňän sogaply amallaryň biridir.

Berat gijesinde etjek ybadatlaryňyz, ýagşy dileg-dogalaryňyz Hak dergahynda kabul bolsun!
5 лайков 84 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
24 фев 2024, 09:50

Ämin!

Güller
25 фев 2024, 00:10

Omyn Allajan! Hemmamiziñki Bile bolsun!