Söýgüli gahrymanlarym

Gyz maşgala bolsaň gün ýok. Tanyşaly diýip azar baryny berýärler. Emma mende durmuş barada oýlanmana birje sekunt hem ýok. Hemiişe ýazmaly. Näme üçin ýazmaly? Ýazmana çagalykdan gyzykdym. Ilki goşgular düzmäne gyzyklandym. Onsoň proza geçdim. Onsoň rusça ýazmaly boldum. Rus dilini bilmeli boldum. Bu dil örän agyr eken. Şunça okaýaň welin ýadyňda galmaýar. Iňlis dili derde ýaramaýar. Aýratynam syýsat barada ýazmaly bolsaň. Iň güçli kitaplar rus dilende ýazylan. Häzirki döwür üçin parhy ýok. Haýsy dilde ýazsaňda. Gowy ýazyalan bolsa, döwrebap bolsa, özäm syýasaty yzarlasa derrew tejime edýärler uly dillere. Emma saňa girdeýji ýok. Kitaby göçürýärler, öz adyna geçirýärler. Sen bolsa boşa galyberýäň. Ne awtorlyk bar nede teňňe. Hawa aýdynça näme üçin ýazmaly? Ýazman geziberseň bolmaýarmy? Bu hili etmäne synanyşýan. Käwagtlar özüme söz berýän ýazmaýyn diýip. Ýöne ynha wagty gelýär welin, ýüregim howp alyp başlaýar. Bu halatda dynman ýazmaly bolýan. Hiç bir zady men oýlanyp ýazmaýaryn. Diňe barmaklarym harpy yzarlaýar. Olaryň üstünden basýan. Hiç bir zady düzetmezden ýazan zatlarymy okamak örän howply. Bu ýazanlarymy örän tejribeli adamlar okap baş çykaryp biler eger çyksa. Olary ýönekeý okyjylara hödürläp bolmaýar. Şonuň üçin ýazanymyň köp ýerini öçürmeli bolýan we sadaja edip size hödürleýän. Hawa näme üçin ýazmaly diýilýän soraga şeýle jogap berdik. Ýöne doly däl. Her kimiň bir maksady bar ýazmakdan. Men bolsa netije gazanmak isleýärin. Daýhana serediň. Ol ekin ekýär we netijesinde hasyl almakçy bolýar. Daýhan ýere taşlan tohumynyň nämedigini bilýär we şol tohumyndan maksat eden ekiniň hasylyny almana synanyşýar. Biziňki sähelçe başgaça bolsa gerek. Biziň ýazanymyzy öz gara maksadyňa görä üýütgedip bolýar. Kartoşka eken daýhan kartoşka hasylyny alýar. Emma söýgi romanyny ýazan ýazyjy iň soňunda syýsaty alyp biler. Mysal üçin, Hydyr Derýaýewiň Ykbal ktaby söýgi barada. Uzuk bilen Berdiniň. Şeýle dälmi? Emma kitabyň dowamynda köp syýasat bar. Şol sebäpli hem Hydyr Derýaýew türmede otyrdy. Men bolsa türmede otyrmakçy däl. Akyllyja gyz bolmakçy. Hawa, onsoň hiç kim bilen tanyşmakçy hem däl. Söýýän ýigidim ýok. Meniň söýýänim meniň ýazan gahrymanlarym.
4 лайков 74 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Serdar
02 апр 2024, 18:50
Gowy ýazgylar...
Serdar
02 апр 2024, 19:13
Teswir ýazyp bolýar öýdýän innee
Kerbaba
02 апр 2024, 22:57
Лайк гойулянам ишлайди ойдйан.
Serdar
02 апр 2024, 23:30
kwadrat kelle, howwolaý, gözüň aýdyň dörtburçkelle
Myrat
03 апр 2024, 12:07
Äpberekella!!!
Haý biziňä syýasatdan kän bir ugrymyz ýokdyr.
Ýöne şo ýazan goşgylaryňyzdan bir paýlaşsaňyz minnetdar bolardyk...
Dowsypat
03 апр 2024, 16:00
English (1,452 million speakers) ...
Mandarin (1,118 million speakers) ...
Hindi (602+ million speakers) ...
Spanish (548+ million speakers) ...
French (280 million speakers) ...
Modern Standard Arabic (274 million speakers) ...
Bengali (272+ million speakers) ...
Russian (258+ million speakers)
Dowsypat
03 апр 2024, 16:02
1,452 millon nire,258 million nire?