Gyzlar durmyşa çykyp näme üçin üýütgäp galýarlar

Öýlenmezimden ozal öýlenen dostlarymdan eşiderdim, aýallaryň saglygyna çaga dogyrmak zyýan ýetirýär diýenlerini emma hiç kelläme gelmezdi meniň ykbalymda hem şu hili masgaraçylyklar bolar öýdüp. Dogrydanam, aýalymyň ýaşy ulaldygysaýyn her hili hokgalar çykaryp başlady. Şolardan iň esasy ýaşamak üçin pulumyz ýeterlik bolsa-da hiç zady ýok garyp ýaly el serip arzan zat gözläp ýöremegi boldy. Ol döwürde dostlarymyň sözüne ynanmazdym. Ýöne ynha ýagyşdan gaçan damja uçrar diýilene düşüp galdym. Maşgalamy ekmek üçin ýeterlik pul tapyp getirsemem aýalym ata-enesiniň öýünden hemişe bir zatlary diläp alyp getirip ýörärdi. Ata-enesäm edil gyzy ýaly suwjyk adamlar bolup çykdy ýogsa biziň mätäç zadymyz ýok bolsada hemişe gyzyna bir zatlar alyp berip ýörärdiler. Aýalymyň käri mugallym rus dilinden. Ata-enesi bolsa maňa bildirmen ep-esli pul bererdi gyzyna.
Aýalym iki çaga dogyrdy we bu wagtda mekdepden galyp dekrete çykyp işe gitmän üç-dört ýyl öýde otyrdy. Bir tarapdan gowy boldy öýde çagalara seredip ýöräni emma her kimem öýde köp otyrsa zyýanly boljak ekeni. Çaga dogyrmazdan ozal aýalym akylly-başly, mylaýym, gyzykjaň aýaldy. Indi bolsa häsiýeti üýütgäp kürk towuga meňzäp galdy. Diňe öýde otyryp hemişe öý üçin bir zatlary aljak bolup güni bilen, bazary, dykanlary aýlanyp şol arzan zatlary gözläp ýöreýän boldy. Alýan zatlary bolsa umuman hojalyga gerekmejek zatlar diýseňde boljak.Maýda-çüýde halyçalar, gap-gaçlar. Bu zatlary almaňdada hiç zat bolup duranok ahyry. Onsoň meniň ýanymda otyryp nirelerde arzan zat bardygyny aýdyp berip otyrýar. Internete girýär, bahalary deňeşdirýär. Bilýän zady şu hili işleri etmek bolup galdy. Başga hiç zat bilen gyzykmaýar. Ýöne indi bu edeni hut çendenaşa boldy. Bir gezek işden gelip, telewizire seredip otyrdym. Aýalymyň telefonyna jaň geldi. Diňlesem aýalym kiçijik çagasymyz üçin maşyn kreslo satyn almakçy bolaýr. Gepleşik gidip otyryşyna birden gulagyma ilip galýar, aýalymyň telefondan aňyra aýydan sözleri.- Bilýäňizmi, men ýeke elli aýal, ärim meni iki çagam bilen taşlap gitdi.Şu ýagdaýymy nazarda tutyp biraz gaýdyp beräýseňiz, onsoň ýene kreslony öýe özüňiz getrip beräýseňiz dul aýala kömek edip sogap gazndygyňyz bolardy. Aýalymyň gür-güp ýalan sözläp duranyny eşidip agzymy açyp galdym. Içimden bolsa, indi bu aýala ynansa bolarmy diýip özüme sorag berdim. Yz ýanyndan bolsa aýalymyň bu edeni üçin ikimiz gygyryşyp gitdik. Aýalym bolsa öz eden işini aklajak bolup, biraz ýalan sözlände näme bolupdyr. Şeýdip kreslony arzan aldym, hemde öýe özleri getirip berýän boldy. Bu edenim öýümiz üçin girdeýji ahyry diýip meni yrjak bolup azara galdy. Barybir meniň diýenim bolmady. Aýalym şol häsietinde galdy. Muňa bir aý geçip täze diwan almakçy bolanymyzda düşünip galdym. Hawa, özümiziň halan diwanymyzy almak üçin bir aý gezdik. Iň soňunda tapdyk. Ýöne almakçy bolýan bahamymyzdan ep-esli gymmat eken. Diwany söwdalaşyp başladyk. Emma dukançy biziň soraýan bahamyza bermekçi däldi. Onda aýalym aglamjyrap başlady. Haýyş edýän beräýiň, kiçijik oglumyz köne diwanymyzy bilman otlady. Indi bolsa biziň ýatmana zadymyz ýok diýip. Aýalymyň bu sözlerine bu ýerde hiç kim ynanmady. Onda arzanrak diwan alaýyň diýdiler. Men bolsa adamlaryň biziň boluşymyza gülýändigini görüp utanyp durdym.Emma aýalyma köpçülikde goý diýip bilmedim. Zordan utana-utana dükandan boş çykyp gaýytdyk. Gelip başga bir dukana girip özümiziň halamadyk diwanymyzy satyn aldyk. Ýöne öýe gelip aýalyma aýytdym. Zady arzan aljak bolup utanyp ýöremäli, gowusy başardygymyzdan hiç kime ýalbarman ýaşaly diýdim. Maňa ýalbaryp ýetilýän gowy ýaşaýyş gerek däl diýdim. Aýalym elbetde bu wagt hiç zat diýmedi. Geljekde näme bolar bilmeýän. Ýöne bir zady bilýärin. Bir zady arzan aljak bolupmözüňi kemsdip ýöremeli däldigine.
Waka meniň başymdan geçmedi. Siziň üçin internetden gözläp tapyp ellerim bilen terjime etdim. Hoş wagtyňyz. Meniň ýazanlarymy yzarlap duryň ýogsa rekord goýýan super wakalardan boşa galarsyňyz!
2 лайков 58 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.