Pişikler hem dil bilmelimi
Häzirki size gürrüň berjek wakam bir zady aňladýar. Ýurdymyza garaşsyzlygyň anyk gelendigini, indi yza ýoluň ýokdugyny, diňe garaşsyzlyk diýip öňe gitmelidigini görkezýär. Halkymyzyň syýasy aň-düşünjesi ösdi, milli däp-dessurlara esaslanan medeniýetimiz berkedi, dini nukdaý nazarymyz döwrümiziň talabyna laýyklykda ösýär.
Bu size aýytjak bolýan wakam Büzmeýin şäherinde bolup geçýär. Bir türkmen maşgalasy, täze çatynjalar, dört etajly jaýlaryň birinden kwartira alyp ýaşap başlaýar. Ikisi hem ýönekeý işde işläp kwartira tölegini töleýär. Galan tapan pullaryna bolsa ýaşamak üçin gerek bolan zada sarp edýärler. Olar özleri bilen ýeke-täk pişigini hem äkelmeli bolýarlar. Olaryň öňki ýerlerinde pişik saklamak problema bolmandyr. Emma bu ady tutylan Büzmeýine göçüp gelip olar pişigini meýdana zyňmaly bolýarlar. Sebäbi olaryň goňşysy pişigi halamaýan bolup çykýar.Özüňiz bilýäňiz pişikler wagtal-wagtal meýdana çykyp gelýärler. Ine, şu pişik käwagtlar etajdan ýokary çykmaly ýada düşmeli bolanda goňşysyna dogry gelen wagty bolýar. “Pişigiň meniň aýagyma çolaşýar” diýip goňşysy bularyň üstüne yzma-yz hekgerilip dökülýär. Ýaş çatynjalar “goňşyny öýkeletmäli diýýärlerde pişigimize şu ýerde biri eýe çykar” diýip adamyň köp ýeri bolan ýerasty zemine goýyp gaýydýarlar. Bu ýerde başgada pişikler hem bar eken. Başga näme etjeklerini bilmändirler. Olar birine bereýin diýse tanyşlary hem bolmandyr. Şeýdip iki gün geçip gidýär. Pişigi taşlap gaýydanyndan iki gün geçirip aýaly adamyna şeýle diýýär. “Pişigimizi görüp gaýydaly. Goýyp gaýydan ýerimizde bolmasa diýmek özüne eýe tapan bolýar diýýärlerde pişiklerini yzarlap şol ýerzemine barýarlar. Barsalar, pişigi öljek bolup şol goýyp gaýdan ýerinde ýatan bolýar. Ýanynda goýylan suw bilen iýmite bolsa pişik agzyny urmandyr. Näme etmeli? Alaçsyz yzyna alyp gaýydýarlar. Getirip öýde saklap pişigi aýak üstüne goýýarlar. Birnäçe wagtdan goňşysy ýene bu ikisiniň üstüne dökülýär. Ýogsa bu ikisi indi pişigi meýdana çykarmandyr. Ýöne özüňiz bilýäňiz pişik diýen jandar mawlaýar. Pişigiň şu mawylan sesini goňşysy eşidýär. Ýaş çatynjalar goňşysyna ýagdaýy düşündirjek bolup çytalaşýar. Emma goňşysy dawanyň temanysyny üýütgedýär. Çünki goňşynyň milleti rus bolup,bu ikisiniň milleti bolsa türkmen bolandygy üçin, rus öz rus dilinde bu ikisine tupoý türkmen diýip gygyryp başlaýar. Näme üçin tupoý diýip bizi kemsidýäň diýip berilen soraga bolsa rus goňşysy olara:-“çünki siz rus dilini bilmeýärsiňiz” diýär. Onda bu iki türkmen:-“ Näme üçin biz rus dilini bilmeli, biziň öz dilimiz bar. Bu dile türkmen dili diýilýär.Bu biziň döwlet dilimiz. Onsoňam biz öz ýurdymyzda ýaşaýarys. Ýöne ynha siziň milletiňiz rus, özüňizem Türkmenistanda ýaşaýaňyz. Siz bilmeli biziň dilimiziz. Bu ýerde biz dälde sen tupoý ýaly” diýýärler. Şu gepleşikden soň rus goňşysy umuman göze görünmeýän bolýar. Pişijik bolsa arkaýyn öz ýurdynda girip çykyp ýör diýýäler.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.