Staliniň repressiýalary


Syýasy bäsdeşleriň ýok edilmegi

1924-nji ýylyň ýanwar aýynda Wladimir Lenin dünýäden ötýär.Onuň ölümi ýurtda syýasy göreşi güýçlendirýär.Bu göreşde ýeňiş gazanan Stalin SSSR-iň täze baştutany bolýar.

Ilki bilen Stalin özüniň esasy bäsdeşi Lew Trotskiýe garşy göreşmek maksadynda Grigoriý Zinowew we Lew Kamenew bilen ýaranlyk düzýär.Maksat–Trotskiýni partiýadan çykarmakdy.Oňa garşy uly möçberli propaganda kompaniýasyny başladýar.

Trotskiý hem Leniniň ölüminden soňra armiýa üstünden gözegçiligini ýetirmäge başlaýar.1925-nji ýylda ol goranmak ministrliginden we harby geňeş başlyklygyndan boşadylýar.1928-nji ýylda ilki Almata şäherine sürgün edilýär.Soňra daşary ýurda gaçmaga mejbur bolýar.Trotskiý 1940-njy ýylda Meksikada Staliniň buýrugy bilen ýok edilýär.

Bir wagtlar Staliniň ýanynda bolan we soňra menşewikler hökmünde wezipesinden boşadylan Kamenew we Zinowewiň ykballary hem aýylganç tamamlanýar.Olar 1934-nji ýylda tussag edilýär.Ikisi hem anti-rewolýutsion hereketlerde günäli tapylýar we atyp öldürilýär.

Ganhor diktator döwründe dolandyryş

Häkimiýetiň başyna gelen Stalin dolandyryşda bir näçe üýtgeşmeleri geçirýär.Birinji nobatda Leniniň amala aşyran "Täze ykdysady meýilnama"(NEP)-i ýatyryp,ýerine SSSR-i kolhozlaşdyryşmaga we senagatlaşdyrmaga başlaýar.1928-1932-nji ýyllarda SSSR-de hususy mülk ýatyrylyp,daýhanlar mejbury kollektiwleşdirilýär.

Olaryň elindäki ähli zat:suw,çarwa mallary,daýhançylyk gurallary täze düzülen hojalyklar üçin basylyp alynýar.Baýlar we ortahal maşgalalar köpçülikleýin "gulag" hökmünde basylýar ýa-da sürgüne iberilýär.Hojalygyndaky çarwa mallaryny we daýhançylyk gurallaryny öz ygtyýary bilen tapşyrmadyklar berk jezalandyrylýar.Garşylyk görkezenler duran ýerinde atyp taşlanýar.Şeýlelikde, 25 milliona golaý daýhan hojalyklary sowhoz we kolhozlara birleşdirilýär.

Mundan başga-da, Stalin döwleti rowaçlandyrmak üçin bäş ýyllyk meýilnama düzýär.1928-1932-nji ýyllara niýetlenen birinji bäş ýyllygyň esasy wezipesi, SSSR-i agrar ýurtdan senagaty rowaçlanan döwlete öwürmekdi.Daşary syýasatda täze döwletiň halkara derejede ykrar edilmegini gazanmak baş maksat hökmünde bellenilýär.

Staliniň kolhozlaşyrmak we senagatlaşdyrmak syýasaty arkaly on milliona golaý adam heläk bolýar.Ýene ýüz müňläp adamlar ýurtdan çykyp gidýär.SSSR darganyna çenli galla importyna bagly bolup galmagyna hem, ine şu kolhozlaşdyrmak syýasaty ýyllarynda galla ýetişdirýän ortahal daýhanlar synpynyň ýok edilmegi sebäp bolýar.


Staliniň repressiýalary

Stalin ýolbaşçylyk ýyllarynda adamzada garşy misli görülmedik derejede  repressiýalary gurnaýar.Ganhor diktator özüniň ilkinji repressiýalaryny 1925-nji ýyldan başlaýar.1927-nji ýylda Sowet-Britaniýa gatnaşyklary erbetleşýär we Birleşen Karollyk SSSR bilen söwda we diplomatik gatnaşyklaryny üzýär.

SSSR-de bu "daşary ýurt interwensiýasy" diýip bahalanýar we Staliniň şahsy buýrugy bilen köpçülikleýin tut-ha–tutlyklar başlanýar.Iň birinji nobatda daşary ýurtlarda bolup gelen migrantlar tussag edilýär.Onda soňra ozalky pomeşçikler,söwdagärler,poplar gulaglar tussag edilýär.

1927-nji ýylyň noýabr aýyndan 1928-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli SSSR-de "partiýany arassalaýyş" işleri alnyp barylýar we öňki menşewikleriň birnäçesi sürgün edilýär.1928-1932-nji ýyllarda geçirilen kollektiwleşdiriş döwründe resmi däl maglumatlara görä jemi 4 million daýhan öldürilýär.

Staliniň repressiýalary 1934-nji ýylda ýetjek derejesine ýetýär.Şu wagtdan başlap kommunistik partiýa agzalaryna garşy uly möçberli terror kompaniýasy başladýar.Muňa "Kirow işi" sebäp bolýar.Halk arasynda abraýy örän uly bolan Sergeý Kirow 1934-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Leningradda partiýa komiteti binasynda öldürilýär.

Stalin bu hadysany özi üçin "pitne" diýip bahalaýar we repressiýanyň täze tolkununy başladýar.Soňra äşgär bolan maglumatlara görä,Kirow ölümi täze terrory başlamak üçin Staliniň özi tarapyndan gurnalandygy belli bolýar.

1936-njy ýylda NKVD-däki üýtgeşmeler fonynda "Uly terror" diýip atlandyrylýan repressiýalar tolkuny başlanýar.1937-1938-nji ýyllarda umumy hasapda 1 mln 575 müň 259 sany adam tussag edilýär.Olardan 681 müň 692 sanagy derňewden soňra atuwa höküm edilýär.

Merkezi Aziýa respublikalaryndan tussag edilenler esasan "panturkist", "milletçi", "dini reaksioner",Russiýa taraplarda "troitskiýçi", "menşewik",Ukraýinada bolsa "banderaçylar" diýlen günä ýöňkemeleri bilen atyp öldürilýär.Şu ýagdaýda,1941-nji ýylyň 22-nji iýuny,faşistler(nasistler)Germaniýasy SSSR-e çozup girerine çenli,ýurt boýunça örän köp sanly adam syýasy günä ýöňkemeleri bilen tussag edilýär.

Uruşdan soňam Staliniň repressiýalary dürli görnüşde dowam edýär.1946-njy ýylda başlanan "Zwezda", "Leningrad" žurnallary "işi"  çäginde žurnalistler we edebi işgärler tussag edilýär.Staliniň repressiýalarynyň sanawynda iň soňky iş "Wraçlar işi" bolýar.Bir topar lukmanlar tussaga alnandan soň,1953-nji ýylda tutuş ýurtda tussaga alyş kompaniýasy başladylýar.

Umuman alanda,adamlary tussag etmek we gorky astynda saklap durmak, tä Staliniň ölümine çenli dowam edýär.Halkara "Memorial" guramasynyň hasabatyna görä,Staliniň repressiýalary sebäpli 10-12 milliondan 38-39 milliona çenli adam bolan heläk edilen bolmagy mümkin.

2 лайков 40 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
04 ноя 2024, 18:45
Şul adama nähili baha berip bolarka?


Ogly faşistleň elinde ýesir wagtam öz zurýadyny halas edip bilýärkä-de göz ýumup bilen adama?

Yzynda hiç hili mal-mülk goýmadyk, yzynda mirasdüşer goýmadyk adama?


Yurdy üçin ýaşan adammy, kim?
Dowsypat
Автор 04 ноя 2024, 20:21
Stalin,Gitler ýaly adamlar idealogiya adamlarydy.Gerek bolsa, idealogiyalary ucin oguldan-gyzdan,baryndan gecmage tayyndylar.Zerur hasaplasalar 40 million adamyn janyndan gecip goyberiberyaler.
Гость
04 ноя 2024, 21:33
Gitleriňki düşnükli weli, Staliniň ideologiýasy näme?
Dowsypat
Автор 04 ноя 2024, 21:55
Komunizm
Komunizm,faşizim,liberalizm bularyn üçüsi dogan aslynda.Ejelerem ateizm.Bularyn ucusinin fundamentinde ateizm
duryar.