- Hasaplamalara görä günde 6-7 sagat ýatýanýanlar 8 sagat ýatýanlara garanyňda ir ölmek howpy ýokarydyr. 5 sagat ýatýanlar bolsa 8-9 sagat ýatýanlara garanyňda psihiki problemasy 3 esse köpdür.
- Adam üçin iň oňat ses onuň adynyň tutulmagy. Tanyşlykdan öň birinji ýatda saklamaly zat a:t. Bu oňat aragatnaşyk saklamagyň esasy düzgünidir.
- Çalt ýatmak üçin arkalaýyn ýatmaly, bedeniň hemme ýerini gowşatmaly. Gözüňi ýummaly we gözüňi ýokary etmeli, bu ýatan wagtyň gözüň üçin kadaly ýagdaý. Şu düzgünleri berjaý etmek çalt hem-de rahat ýatmaga peýdaly.
- Käwagtlar paýlaşyp bolmaýan söýgi hakyky ýagdaýyndan peselmegine getirýär. Hat-da psihiki bozulmalara hem getirýär. Şeýle ýagdaýlaryň biri, meselem “Adeli sindromy”. Adeli sindromy – bu uzak wagtlaýyn kesel bolup, ol bir adamyň beýleki adama bolan jogapsyz galan içki söýgisidir. (Şonuň üçin iň bolmanda içiňizdäki söýgini aýdyň, biraz ýeňlär ýaly).
- Eger biri seniň gözleriňe seredip, bir zatlary ýatlaýan bolsa, siz arkaýyn ynanyp bilersiňiz onuň aladaýandygyna.
- Birnäçe milliard ulanyjylaryň postlarynda geçirilen barlaglara görä, sport bilen meşgullanýan adamlarda ýa-da sport janköýerlerinde üstünlige ymtylyş ýokary derejede bolýar. Sebäbi olar belli bir sporta gyzykmak bilen hereketlerini we gürrüňlerini has ynamly aýtýarlar. Gysgaça aýdanymyzda özüňe ynamly bolmak üstünlik gazanma şansyňy artdyryp biler.
5 комментариев