Ýatmagyň düzgünleri

Iň oňat uky oýaly-ukuly bolman ýatmakdyr. Her bir adam gije-gündiziň dowamynda sekiz sagatdan az ýa-da köp ýatmaly däl. Eger gündiz ýatyljak bolsa, öýleden öň ýatmaly. Ilki az wagt sag tarapyňa, soň çep tarapyňa öwrülmeli. Garnyň üstüne ýatylsa tagamy oňat siňdirýär. Emma arkan ýatmak gowy däldir. Arkan ýatylsa ýaramaz keselleriň döremegine getirýär.
Kadaly ýatylsa adamyň kuwwaty ýokarlandyrýar, ýadaw¬ly¬gyny aýyrýar, iýmiti oňat siňdirýär. Kadaly uky adamyň bedenini sagdyn we zehinini ýiti edýär. Köp ýatylsa adamyň halyny erbet edýär, beýni agyr işleýär. Ýatman köp wagt oýa bolmak, zehini (huşy) peseldýär, pikiri söýgi bolýar, aş¬ga¬zan¬da tagam kadaly siňmeýär. Gündiz ýatmak gowy däl. Gündiz ukusy adamyň meňzini saraldýar, dalagyny ulaldýar, sowuklama ýaly balgamy keselleri döredýär, adamy ýalta edýär, işdäni tutýar we zehi¬ni küteldýär. Emma bir adam gündiz ýatmagy endik edinen bolsa, oňa gündiz ukusyny ýuwaş-ýuwaşdan kemeltmek maslahat berilýär.
0 лайков 116 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shohrat
13 авг 2021, 21:55
Like