EJEM JAN
Eginleriñ kiçelen deý göwnüme,
Ak saçlañ tarynda ap-ak arzuwlañ.
Öt günämi, degen bolsam göwnüñe,
Mährem enem, maña bagt arzuwlan.
Ömür berdiñ, ese-boýa galdyrdyñ,
Bagtyýar, ýollara etdiñ rowana.
Sen üçin kalbymdan bir köshk saldyrdym,
Sen shol köshge eýe bolsañ dowamat.
Menem ömürboýy gyrnagyñ bolup,
Hyzmat etsem, gaýgyrmazdan shirin jan.
Bir günlüjek emdiren ak süýdüñi,
Ödäp bilerinmi, aýdaý, ejem jan!
Ýa bolmasa, säher öwsen ýel bolup,
Ellerimiñ aýasynda üwresem.
Ýa-da seniñ eken arzuw bagyñda,
Hosh owazly bilbil bolup saýrasam.
$ahyr bolup, gazal düzsem shanyña,
Tarypyñy ömür dilden goýmasam.
Men ömrümi dowam edip biljek däl,
Birje görüp, didaryñdan doýmasam.
Gynanañda, ýagysh bolup ýagaryn,
Begeneñde günesh bolup dogaryn.
Baharyñ iñ, näzik bägüllerinden,
Käbäm, seniñ üçin çemen bogaryn.
Hem bararyn ýene seniñ ýanyña,
Öpmek üçin señ gartashan elleriñ.
Düzülip señ mähriñ siñen ýyllara,
Ýene dowam eder ykbal ýollarym...
Ak saçlañ tarynda ap-ak arzuwlañ.
Öt günämi, degen bolsam göwnüñe,
Mährem enem, maña bagt arzuwlan.
Ömür berdiñ, ese-boýa galdyrdyñ,
Bagtyýar, ýollara etdiñ rowana.
Sen üçin kalbymdan bir köshk saldyrdym,
Sen shol köshge eýe bolsañ dowamat.
Menem ömürboýy gyrnagyñ bolup,
Hyzmat etsem, gaýgyrmazdan shirin jan.
Bir günlüjek emdiren ak süýdüñi,
Ödäp bilerinmi, aýdaý, ejem jan!
Ýa bolmasa, säher öwsen ýel bolup,
Ellerimiñ aýasynda üwresem.
Ýa-da seniñ eken arzuw bagyñda,
Hosh owazly bilbil bolup saýrasam.
$ahyr bolup, gazal düzsem shanyña,
Tarypyñy ömür dilden goýmasam.
Men ömrümi dowam edip biljek däl,
Birje görüp, didaryñdan doýmasam.
Gynanañda, ýagysh bolup ýagaryn,
Begeneñde günesh bolup dogaryn.
Baharyñ iñ, näzik bägüllerinden,
Käbäm, seniñ üçin çemen bogaryn.
Hem bararyn ýene seniñ ýanyña,
Öpmek üçin señ gartashan elleriñ.
Düzülip señ mähriñ siñen ýyllara,
Ýene dowam eder ykbal ýollarym...
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.