Konkurs üçin

Salam berip, girmedik adamy golaýyňyza goýbermäň.

Öýüňizdäki ody öçürmezden, uka gitmäň.

Adamlardan hiç zady dilenip sorama.

Hatda atyň üstündekäň gamçyň ýere gaçaýsa, özüň düşüp al.

Ýoldaşyň bir agyr ýagdaýa düşüp duran wagty, sen onuň üstünden gülme. Eger gülseň, Allatagalanyň oňa merhemet edip, agyryny ýeňil etmegi we onuň gününi seniň başyňa salmagy mümkin.

Ýerliksiz sözlemän, salamat ýörýän we sözlemek jaýyny ganymat bilýän kişä Allanyň rehmeti bolsun!

Näsaglan mahalyň hal sorap gelmedik adamdan hem sen baryp hal-ahwal soraber.

Musulmanlaryň bir-birlerine alty sany borçlary bar: salam bermek, çagyrsa barmak, maslahat sorasa maslahat bermek, asgyrsa jogap aýtmak, näsag bolsa soramak, ölse baryp namaz-jynazasyna, depinine gatnaşmak.

Ýol boýunda oturmaň. Eger oturmak zerur bolsa, ýol hakyny berjaý ediň. Ýagny, her bir geçene tomaşa etmekden gözüňizi saklaň, birine azar bermäň, salama jogap gaýtaryp, ýagşylyga ugrukdyryp, ýamanlykdan gaýtaryp, haýyrly işleri berjaý edip otursaňyz, bolýa!

Kim üç gyz perzendi ösdürip, terbiýeläp, mynasyp ýerlere durmuşa çykarsa, sylagy jennetdir.

Ýaşlykda alnan bilim daşa oýlan ýalydyr.
Like basmagy unutmaň dostlar
20 лайков 133 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perishdejik
06 авг 2021, 09:15
like
Ýury
06 авг 2021, 09:15
Mahriş lik basdym özem basyp soñ ýazýan.
Okaman lik basaýdym okasamam bahana taparyn .
#динара.
06 авг 2021, 09:33
like
ДеВоЧкА ЦуНаМи
06 авг 2021, 09:48
like
Sapar
06 авг 2021, 13:30
Like