Namaz barada...

Allatagalynyň buýruklaryny berjay edip,gadagan eden zatlaryndan daşda durmak,Onuň razylygyny gazanmak üçin ybadat etmek her bir musulmanyň borjudyr.Mukaddes dinimiz bolan yslam dininde ybadatlaryň başy Allanyň belent adyny mertebeläp namaz okamakdyr.Namaz ynsana Allatagalanyň bendesidigini ýatladýan parz ybadatdyr.Yhlas bilen günde bäş wagt namaz okaýan adam,hemişe Allatagalanyň huzurynda bolmak bilen,özüni erbet düşünjelerden saklaýar we ýaman işlerden daşda durýar.
Namaz ynsany umytsyzlyk,göwniçökgünlik ýaly duýgulardan,tekepbirlik ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetlerden saplap,onuň ruhy we maddy durmuşuna şugla saçýar.Allatagala iman getiren adam bu dünýäniň synag meýdanydygyna,öziniň her bir hereketiniň hasaba alnyp durandygyna berk ynanýar.Şu nukdaýnazardan ugur alyp,bir gün öziniň hem bu dünýädäki eden ähli işlerinden hasap soraljakdygyna ynanýan adam namaz parzyny berjaý edip,günde bäş gezek Perwerdigäriniň huzuryna çykýarijede hem ömrüni diňe Allatagalanyň islegine görä ötirýändigiüçin,ebedi durmuş bolan ahyretde belent derejelere eýe bolýar,Allatagalanyň razylygyny,baky jenneti gazanýar.Bu hakykaty akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň "Namazhona miýesserdir behiştler" diýen ajaýyp setirleriniň üsti bilen beýan edýär.
Источник Namaz kitaby!
12 лайков 261 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
15 авг 2021, 00:12
Bu dunya synag meydany like