konkurs üçin $33

Gitmerin... . Bolubersin söýýän gyzym aý ýaly,. Çalyşmaryn seni ol gyza eje
Gelibersin söýýänimiň gahary,
Senden uzaklarda ýaşaman eje.

Diýýäler:
“Jennet enäň aýak astynda”,
Diýýäler:
“Ene zemindäki hudaýdyr”.
Men nädip bu iki mukaddesligi,
Goýup uzaklarda ýaşaryn eje.

Gijeler uklaman üstüm basyryp,
Goransyň sen meni sowukdan çygdan.
Ulaltdyň balaňy arzuwlar bilen
Ündäp ýöremegi dogry ýollardan.

Diýdiň: “Git balam saklanma bärde
Ösmeli durmuşda ýaşagyn hezil.
Biz ýaşadyk ahyr, galany azdyr,
Seň bolsa öňüňde ullakan menzil”.

Gitmerin men sizden uzak bir ýere,
Ýok eje temany ýapdyk şu ýerde.
Bolaryn dünýäde iň bagtly adam
Çaý içsek biz bile her gün säherde
.
13 лайков 118 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
07 авг 2021, 11:13
Hanym minnoş goşgyny öziñ ýazýañmu
Liki menden
ДеВоЧкА ЦуНаМи
07 авг 2021, 11:20
geçip barýaka sowlan,
like goyulmandyra.Menem goshgy yazyan yone men goshgym dal bu
Perishdejik
07 авг 2021, 13:31
like