konkurs üçin $37

Category: Kakamyrat Rejepow
KAKAMYRAT REJEPOW
ŞYGYRLAR ÇEMENI…
*** Şeýlemikä munda owaldan gurluş,
Keýigiň kölgesi ýaly-la durmuş.
“Ynha tutdum” diýen şatlygyň,bagtyň
Häki bir gyryndy, ülşüdir wagtyň.
Begenersiň, okap dostuň hatlaryn,
Emma wagtlaýyn.
Ýar jemalyn görüp, gürsüldär gursak,
Bakydyr öýdersiň,Pursatdyr, pursat.
Ýeňip bilseň dünýäň ýeke päsgelin,
Monça borsuň, emma bu-da az salym
. Saýalaýyn diýseň – Gün geler birden,
Güneşläýin diýseň – tüm geler birden.
Geler käbir pursatlary saklasyň,
Yrýa bolar ähli eden yhlasyň.
Pursatlar serdäki humar ýaly-la,
Gider bary duman kimin …
15 лайков 103 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mähri
07 авг 2021, 16:36
Gaty uly şriftde yazypsyň :)
likee
Perishdejik
07 авг 2021, 16:39
like
Merjen
07 авг 2021, 23:32
likeee