konkurs üçin $45

Ýa­şy seg­se­ne ser uran Tu­mar enä­ni oba­syn­da, hatda goň­şy oba­lar­da-da tana­ma­ýan ýok­dy. Ki­miň başy agyryp, bal­dy­ry syz­la­sa, ola­ra ta­rap eňi­be­rer­di. Oba da­gy etek­läp otu­ran­soň, bahar aýy­dy­gy­na ga­ra­maz­dan,
ho­wa sal­kyn­dy. Ag­şa­ma­ra bi­raz da­şar­da köp­räk oý­nan Na­zar­jyk ýary­gi­je­den soň, tow­lan­jy­rap, ag­lap baş­la­dy. Eje­si ony köşeş­dir­jek bo­lup her zat etse-de, git­di­gi­çe möw­je­ýär­di. Ag­ty­gy­nyň se­si­ne oýa­nan Sa­byr daý­za oglan­jy­gy aýagy­na alyp, ony yrap ýa­tyr­jak bol­dy. Ene­si­niň aýa­gyn­da mä­hir­li hüw­dä ma­ýyl bo­lup, der­rew irkilýän ça­ga ýa­tar­ly däl­di. Ga­ýyn-ge­lin bi­ri-bi­rinden be­ter al­jy­rap baş­la­dy­lar. Olar ça­ga­ny ha­ýal et­män, syrgynla­ry­nyň aýa­gu­jun­da ýa­şa­ýan Tu­mar te­bi­be görkez­me­gi ma­kul bil­di­ler. Ge­lin ýa­ny­na uly og­lu­ny ýol­dalyk
al­dy-da, Na­zar­jy­gam ki­çijik ýor­ga­ny­na do­lap, te­biple­re ta­rap haý­dap git­di­ler. Olar bi­ma­hal wag­ty te­bip enä­niň ga­py­sy­ny ýaý­da­nyp kak­ma­ly bol­ma­dy­lar. Iri-giji diý­män, nä­sag­la­ry ka­bul et­mä­ge wer­ziş bo­lan te­bip
der­rew ola­ry öz ota­gy­na saldy. Ça­ga­ny pe­jiň gap­da­lynda ýa­tyr­dy-da, emaý bi­len sy­pa­la­ma­ga baş­la­dy. Gö­zi
bol­sa tek­je­de ha­tar-ha­tar edi­lip goý­lan ot-çöp­li ka­gyz gu­tu­jyk­lar­dyr ma­ta hal­ta­jyklar­da­dy. Ol hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li ki­ta­byn­da aý­dyl­ýan der­man­lyk ösümlik­ler­den dem­le­nip taý­ýar­la­nan suwuk­lyk­dan ça­ga bir­ki çemçe içir­di. Iki diş sa­rym­sa­gy
aras­sa­lap, bö­lüş­dir­di-de, üs­tü­ne por­saň­ňy­za­dan iki çüm­mük atyp döw­di. Iki çem­çe sa­ry­ýag go­şup, maza­ly ga­ryş­dy­ry­bam, çal­maga baş­la­dy. Agy­ry­sy gow­şan bo­lar­ly, ça­ga göz­le­ri­ni süzüp, meý­mi­räp ug­ra­dy. Ynja­lan Na­zar­jy­gy ýor­ga­ny­na do­lap ber­di-de, da­ňa go­laý ga­ryn­dy­dan ga­la­ny­ny ýy­ladyp çal­ma­gy tab­şyr­dy. Olaryň ýoluna se­re­dip otu­ran Sa­byr daý­za tir­ke­şip gel­ýän ag­ty­gy­dyr eli ça­ga­ly gel­ni­ni gö­rüp yn­jal­dy. Maň­laý­jy­gy nyň de­ri­ni ýal­pyl­da­dyp ýa­tan ça­ga­nyň emi-ýo­my şol boldy-da, gu­tu­lyp git­di. Er­te­si daň­dan ho­raz­laryň se­si­ne oýanan Tu­mar ene der­we­ze­si­niň ça­la­ja ka­kyl­ýan se­si­ni eşi­den­den, haý­dap bar­dy. Gör­se, gulpa­jy­gy eg­ni­ne düşüp du­ran gyz­ja­gaz bir eli bi­len içi­ni tu­tup, beý­le­ki eli­ni eje­si­niň elin­den berk gy­syp dur­şu­na, ýaş­ly gözjagaz­la­ry­ny te­bip enä di­kip, na­ýyn­jar se­redýär­di. Tu­mar ene der­rew kiträ aza­jyk suw gu­ýup, gaz­da
goý­dy. Soň­ra üzär­li­giň no­hut ýa­ly düw­me­sin­den bäş-al­ty sa­ny­sy­ny ow­ra­dyp, ýa­rym litr­lik çüý­şe ga­ba at­dy. Sanjym eder öý­düp gor­kup duran gyz­ja­ga­zy ýa­ty­ryp, onuň gar­ny­ny sa­ga­dyň di­li­niň aýla­ny­şy ýa­ly edip, sy­pap ugra­dy. Üzär­lik­li suw so­wa­ýança, oňa so­rag be­rip baş­la­dy:

— Akyl­lym, sen bu gün nä­me iý­diň? How­luk­ma-da aý­dyp ber! Çy­na­ryň aşa­gyndan ak­ýan ýap­dan suw içdiň­mi? Ag­zy­ňa ýu­wul­ma­dyk gök-sög-ä sa­lan däl­siň-dä?
— di­ýen­den, gyz­ja­gaz:
— Ene, şu gün baý­ra gül ýyg­ma­ga git­dik. Agam maňa jüm­jü­mä­niň ak­ja kö­kü­ni köw­läp ber­di. Süý­jü­je eken,
şon­dan-a iý­dim. Gaý­dyp bar­ýar­kak jü­bim­dä­ki kempu­dym elim­den gaç­dy. Ýöne men ony üf­läp, ha­pa­sy­ny
aý­ryp iý­dim-ä. Erik­le­rem bişip ug­rap­dyr. Tur­şu­ja eken, iki sa­ny­jak iý­dim — diý­di.
Ene ýyl­gyr­dy-da:
— Gy­zym, biş­me­dik zatla­ry iý­seň, içiň agy­rar. Ýe­re ga­çan za­dam ag­zy­ňa salnar­my? Gök önüm­le­ri örän go­wy edip ýuw­ma­ly. Eli­ňi ma­za­ly sa­byn­lap ýuw­man, hiç zat iý­me­li däl­dir — diý­di. Soň­ra ha­sa­ny üç-dört gatlap epledi-de, oňa ütük basdy. Üzär­lik­li su­wy ha­sa­dan sü­züp, ýar­ty kä­se çe­me­si­ni gyz­ja­ga­za içir­di. Ga­la­nyny ejesi­ne be­rip, bir­ki çemçe­den gü­nüň do­wa­myn­da içir­me­gi hem-de ýag­ly-ýüz­li zat­lar­dan, gök önüm­ler­den
sak­la­nyp, ka­kan çö­re­giň üs­tü­ne ga­tyk gu­ýup berme­gi sar­ga­dy. En­tek olar gaýt­man­ka, ga­py­dan gi­ren on-on­ki ýaş­la­ryn­da­ky oglan­jyk jal­ba­ry­nyň bir gonju­nyň dy­zy­nyň ýa­ny­ny eli bi­len tut­ýar­dy. Ol ene­li-gyz öý­den çy­kan­dan, dy­zyn­daky ýa­ra­ny te­bi­be gör­kez­di. Ýy­ky­lyp, dy­zy syp­jy­ry­lan­da, ýa­ra­sy­nyň ki­çi­jik­di­gi­ni, iki-üç gün ge­çen­den soň, ula­lyp baş­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Tu­mar
te­bip:
— Wah-eý, og­lum, ýa­ra­ňa ha­pa dü­şüp­dir, iň­ňe ýa­ly ýeriň syp­jy­ryl­sa-da, ony örän aras­sa sak­la­ma­ly­dyr. Sä­hel
äs­ger­mez­lik et­seň, oňa hapa dü­şer-de, az­mak bi­len bo­lar. Äh­li der­diň der­many aras­sa­çy­lyk­dyr — di­ýip,
mel­hem gaý­nad­ýan pi­ti­si­ne bir gy­sym ço­pan­tel­pek atyp, gaz­da goý­dy. Ol gaý­na­ýança, gan­de­per di­ýil­ýän derman­lyk ot­dan ow­ra­dyp, üstü­ne ýag go­şup, mä­jum­lap, ep-es­li­je mel­hem ýa­sa­dy. Ma­za­ly gaý­nan ço­pan­telpek­li su­wuň üs­tü­ne gaý­nady­lyp, so­wa­dy­lan suw­dan go­şup, my­la­ýym suw edip, ýa­ra­ny emaý bi­len ýuw­dy.
Taý­ýar­lap go­ýan mel­he­minden ýa­ra ça­lyp, ga­la­ny­ny üç-dört gün çal­sa, bi­tip gitjek­di­gi­ni aýt­dy. Tu­mar enä­niň uly ogulla­ry öý­le­nip, öz­baş­la­ry­na öý-işik­li bo­lup ýa­şa­ýar­dy­lar. Kör­pe og­ly hem üç ça­ga­nyň ata­sy­dy. Ol dynç gü­ni sä­her bi­len hu­ruş­lyk ba­kan bag goý­nu­ny soý­ma­ga baş­la­dy. Eli kün­dük­li uly og­ly bol­sa ka­ka­sy­na kömekleş­ýär­di. Da­şar­da se­ki­niň üs­tün­de otu­ran Tu­mar ene ola­ry synla­ýar­dy. Og­ly ma­ly so­ýup bol­dy-da, uly ja­ma aty­lan et­le­ri öýe sal­dy. Ma­lyň garyn-ga­ja­gy­ny bed­rä sa­lyp, alyp git­di. Ony zy­ňyp gel­dide, mal soý­lan ýe­re pil bi­len gum se­pip ug­ra­dy. Ony gören te­bip ene:
— Du­ra­we­ri, og­lum. Il­ki te­lä­riň aşa­gyn­da­ky tam­dyr tow­u­lyk üçin goý­lan üzüm çy­byk­la­ryn­dan bir­ki penje ge­tir-de, ataň edi­şi ýa­ly, ga­zan çu­kur­jy­gyň üs­tün­de ot ýak. On­soň üs­tü­ne pi­liň bi­len gum sep­seň bo­lar. Ysko­ka, zirzi­bi­le go­nup ýö­ren si­ňek­ler der­rew üý­şer. Olar gap-ga­ja go­naý­sa, baş­ga dert ge­rek däl­dir. Der­rew kesel­çi­lik baş­lar. Ke­sel­ler­den go­ran­mak üçin, il­ki bi­len, aras­sa­çy­ly­gy ber­jaý et­me­lidir. Tu­mar te­bip sö­zü­ni soňlap-soňlaman­ka, goň­şu­sy hü­ňür­däp der­we­ze­den gir­di. Ýa­nyn­da-da gy­zy. Bo­kur­dagy­nyň mäz­le­ri ma­za­ly ga­lan
bol­ma­ly. Ol zor­dan ýuw­dunýar. Eje­si ga­har­ly gür­le­mä­ge baş­la­dy:
— Men-ä şu­la­ra aý­dyp ýa­da­ýan. Egin­le­ri çyp­lak, so­wa­dy­jy­dan şer­bet bol­sun, gök önüm bol­sun, çy­kar­ýarlar-da, şol wag­tam iç­ýär­ler, iý­ýär­ler. Yn­ha-da, ne­ti­je­si. Gö­züm­den syp­dy­ra­ýyp­dyryn-da. Te­bip eli­ni sa­byn­lap ýuw­dyda:
— Bär­räk süýş gy­zym,
bo­kur­da­gyň-a bol­ja­gy bolup­dyr. Der­rew em et­me­sek, kö­se­ner­siň. Goň­şy ge­lin, üç-dört litr­lik pi­ti­de üzär­lik­li
suw gaý­nat. Soň­ra ba­şy­ny ga­lyň­rak zat bi­len ba­sy­ryp, ag­zy­ny bu­ga tut­sun. In­di­ki ge­zek ço­pan­tel­pek aty­lyp,
gaý­na­dy­lan su­wuň bu­gu­na dem al­syn. Şol suw­dan bokur­da­gyn­da sak­lab­rak ag­zyny çaý­ka­syn. Soň­ra gyz­gy­ny
so­wa­man­ka, daş ýü­zün­den mä­ziň üs­tü­ne gyz­gyn suw­da ýa­ty­ry­lan al­ma­ny ikä bö­lüp, dö­zer-döz­mez et-deýap.
Ol so­wan­dan soň aýyr-da, burç­lu­ja unaş içir. Şu­la­ry üç gün do­wam­ly gaý­ta­la. Arasyn­da aýa­gy­ny hem üzär­likli gyz­gyn­jak suw­da sak­lap, soň­ra go­wu­ja ba­syr­saň, nepi de­ger. So­wuk zat­lar­dan sak­la­na­wer­sin — diý­di.
Tu­mar enä­niň öý­deş gelni­niň dör­dün­ji per­zen­di dünýä in­di. Ene bä­be­giň ýas­sygy­nyň aşa­gyn­da bir bö­le­jik
çö­rek, ba­şu­jun­da bir­ki diş sa­rym­sa­gy aras­sa­lap, el­ýagly­ga düwüp goý­dy. Mu­kaddes çö­rek ça­ga ýol­daş bolsa, sa­rym­sa­gyň ow­nuk-uşak mör­jew­ler­den go­ra­ýan­dy­gyny dü­şün­dir­di. Gel­ne bol­sa ýaş­ma­gy­ny berk­je ýa­şy­nyp,
kyrk çi­le­sin­den çyk­ýan­ça, to­ýa-tom­ga git­mez­li­gi, ha­pa atyl­ýan ýer­le­re go­laý­laş­mazly­gy sar­ga­dy. Gaý­ny­ny ünsli diň­läp du­ran gel­ni­ne ýaş­magyň ulu­la­ra bo­lan sy­lag-hormat­dan baş­ga-da, ho­wa­da­ky ýa­ra­maz to­zan­la­ry sak­laýandy­gy­ny, zir-zi­bil­ler­den daş­da dur­mak bol­sa tä­ze bä­bek­län gel­niň ka­kyn-sil­kin­den goran­ma­gy­nyň ilkin­ji şer­ti­di­gi­ni dü­şün­dir­di.
«Buş­luk ha­ba­ry ga­natly bol­ýar» diý­le­ni. Ol ha­bary eşi­den goň­şy-go­lam­lar piş­me to­ýu­na ýyg­nan­dy­lar. To­ýa gelen­ler na­şy­ja bä­begi ýüz­le­ri­ne sy­lyp, ýa­şy­nyň uzyn bol­ma­gy­ny di­leg et­diler. Giň­den ýa­zy­lan naz-nygmat­ly des­ter­ha­nyň da­şyn­da edi­len süý­ji ar­zuw­la­ryň yzy Tu­mar enä­niň sar­gyt­la­ry­na ut­ga­şyp git­di. En­di­gi­ne gö­rä,
te­bip ene mä­re­kä­niň üý­şen ýe­rin­de yn­sa­nyň sag­ly­gy­nyň baş baý­lyk­dy­gy, sag­ly­gyň «pi­ri­niň» bol­sa, arassaçylyk­dy­gy, pa­myk ýa­ly pä­ki­zeli­giň bo­lan ýe­rin­de ke­sel­le­riň ýom-ýok bol­ýan­dy­gy ba­rada gür­rüň ber­ýärdi. Tu­mar te­bi­biň türk­me­niň ata-ba­ba do­wam edip gel­ýän aras­saçy­lyk däp­le­ri­niň sag­ly­ga edýän ýag­şy tä­sir­le­ri ba­ra­da­kysar­gyt­la­ry oba adam­la­ry­nyň ýö­rel­ge­si­ne öw­rü­lip­di.
11 лайков 148 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perishdejik
08 авг 2021, 18:46
like
Mähri
08 авг 2021, 18:47
Like