_Durmuşa çykan gyz_

Gor nahili owadan , gor nahili ter
Alnyňda kop ýigit çoksede dyza
Taňrym oňa bir wepadar ýigit ber
Hem egsilmez bagt ber asylly gyza

Salyhatly , gepi sozi yerbe-yer
Orüm orüm saçy düşüp dur dyza
Görüpler görkünden alsyn elheder
Taňrym , tükenmejek şatlyk ber gyza!

Ýaňagynda halka zülpüniň towy
Gaşy yaýa meňzeş , kirpigi tyga
Toýy toý şekilli geçsiň oň şowly
Eý, Taňrym , ebedi ýaşlyk ber gyza

Gelin bolup öýüň törün bezesin
Sadadan sarmakly, gowni pakize
Saýlan ýigidi onuň ömrün bezesin
Eý, Taňrym , sönmejek söýgi ber gyza

Goly doly maşgalaň eýesi bolsun
Goý ömri meňsezin hasylly güýze
Bir eýjejik gyzyň enesi bolsun
Hemem goç-goç ogul eçil bu gyza!

Awtory - Atamyrat Atabaýew
14 лайков 120 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Amalia
11 авг 2021, 16:34
Like