Ýüregim ýadady....

Ol günü hiç ýadymdan çykarman, byr söýýän adamyň ölen habaryny almak dünýäde iň erwet
duýgy bolsa gerek. Gönler hiç geçenok bütün gyşy ýas bilen geçirdim, ejemjanam meň bu ýagdaýyma gynanýardy maňa,, gyzym bar joralaryňa oturmana git, il güne goşul, ýada ýör daýzaňlara gideli byr az oturup gaýdarys“ diýip her hili maňa ýaranmak isleýärdi. Waah owagytlar senem yokdun jorajan siziň göçüp gaýdanyňyzdan bäri hiç habar almadym sende. Natjek adam aşyk bolsa herzady unudýar Myradyň öldü habaryny eşdenimde, tanyşdygymyza 2 ýyl töweregi bolupdy, wagyt diýsen çalyt geçýär. Ýöne içimde herzaman Myradyň byr ýerlerden garşyma çykjak ýaly byr duýgy bardy. Mart aýydy ejem bilen şäheredäki daýzamlara gezelenje gellik.
Gapydan girip girmän daýzamyň gyzlary ejeme
--daýza Mähri bizbilen bugün şähere aýlanmana gidermi
--ony özünden soraň byraz gidip aýlansa gowy bolar
--siz bolýar diýiň galan işler biz bilen
--bolýar ýöne kän aýlanmaň sagat 9 da öýede boluň
--wiiii daýzamyla gyz sagat gije 10 gün ýaşýara...
--howwoda gün ýaşmaka oýde boluň, gyz halyňyza gijeler entäp yörmäň
--bolýar daýza beh. Hany Mähri onna çaltyrak çykaly eýýäm sagat 5 bolly. Diýip gyzlar bolup şähere aýlanmana gidipdik. Ýöne meň içim razy däldi. Biz kan aýlanman diňe Magtymguly adyndaky tiyatra girdik, oyun tamamlanandan soň herkim ýerinden turup el çarpýardy, menem ýerimden turup el çarpmana başladym we daş töweregime seredişdirdim. Byrden gözüm oňa düşdü
Myrat hiç zad bolmadyk ýaly şol gözler, ýylgyryşy. Gözüme göründmi bilmen, gygyrsam bogazym doly, ona bakyp ellerimi galgadýan, ýanymdaky gyzlar
--Mähri saňa näme bolýar nämä aglaýaň,
--My... myr...
--Mähri kime galgadýaň eliňi kimi gördüň, byr zad diýsene gyz. Bogazym dolup gyzlara byr gep düşündürüp bilemokdum, herkim daşaryk çykyp başlady menem Myradyň yzyndan ylgadym adamlaryň arasynda gözüm ýaşly ylgap ony gözleýardim, herkim maňa seredýärdi. Ony gördüm
ýanyna baryp ,,Myrat“ diýip elini tutdum, ýylgyrym maňa bakdy we sesizje elini çekdi. Şol wagydam byr gyz gelip
--Arslan kim bu gyz tanaýaňmy
--ay ýok nirden tanaýn
--onna näme ýagdaýlaň gowymy janym sen reňkiň agardy
--howwo men guwy ezizim hany gideli şuýerden çaltyrak. Diýip ol gyzyn elinden tutup maşyna tarap ýöredi. Gyzy maşyna mündürüp yanyma gelli we
--Mähri meni bagyşla welin meni gözläp bu yerlere gelmgiň lyk bolýar. Bu sözleri eşidip ýüregime hanja urulan ýalak bollum, gürläp bilemokdum ýöne içimden Allajan şu duran ýerimde janmy al diýip dileg edýärdim. Sordan özümü ele adlym kelläm donupdurdy we oňa jogapberdim
--men seni gözläp gelmedim, hiç gözlemedimem diňe yzyňdan ýasyňy tutup gezdim. Agzymdan başga söz çykmady çykmasam mümkin däldi. Gyzlar ylgaşyp gelip
--Mähri agyz gowumy ýagdaýlaň kim bu oglan tanaýaňmy
--ýok tanamok ýöne byr olen tanyşymyza meňzetdim, gyzlar gaýdalyň gijä galman. Öýe gelip byr sözem gürlemän geçip ýatdym. Ertesi ir bilen ejem bilen oba gaytdyk. Öýe gelemizsoň ejem meni ýanyna çagyrdy
--gyzym gowumy ýagdaýlaň dünden bäri meň bilen gürleşenok
--howwo eje gowy şäherin howasyndan bolaýmasa kelläm agyrdy byraz
--gowy bolsaň bolýar gyzym beýdip gynanyp ýörme inni hemme zad geçer ýuwaş ýuwaş
--bolýar ejejan gowy men byr az dynjymy alsam
--bor gyzym... wee... neme inniki hepde bize gudoçuluga geljekler. Ejemiň bu sözlerini eşidip doňup galdym bolýan zadlar gowlaşman dertlerimiň üstüne dert goşulýar.
--ejejan nämän gudosy, men entäk durmuşa çykasym gelenok
--yok gyzym bu maşgala gowy maşgala diýdiler adamkärçilikli, pully bolmasalaram ogullary gowy maşgalany eklap biljek diýdiler seni soraşdyrypdyrlar töwörekden
--eje ýöne
--hiç ýönesi bolmaz öňki oglan bilen halaşanyňy eşitseler galarsyň oýde uly gyz bolup
--ejejan ýöne men
--bolly inni eýäm näçe wagyt geçdi ol oglanam seni söýän bolsa bu wagda gelerdi ejesi, oňul adam däldir onyň.
--eje ýöne öllü dämi ol
--ýok olmedi ol... o gün gelen aýallar başga birleridi men saňa ýalan sözledim şol oglany ýadyňdan çykar diýip.
--eje maňa nämçün ýalan sözlediň
--gyzym men seň gowluguňy düşündýän ýaş başyna allanmagyňy islemedim ol oglandan saňa byr haýyr ýokdy gelmediler, senden habar tutmady, telefonlaryňa jogap bermedi. Men näme edeýin onson şol gynanyp ýatlap otyrsaň.
--ejejan onnada maňa ýalan sözlemeli däldiň şowagyt aýdan bolsan her zad başgaça bolardy
--boljak zad bolly gyzym men sozümü diýdim gudolar gelýär kakaňam razy
--ejemjan men durmuşa çykman menden soramalydälmi siz
--gyzym akylly bol görersin hemme zad gowy bolar
--eje gowy bolmaz meni bagyşlaň ýöne men durmuşa çykman
-- gürleme nämçün durmuşa çykmarsyň
--eje... eje...jan eje men göwreli.

DowamÝÜREGIM ÝADADY (hekaýa 3)

--ejejan ejejan bagyşla meni lyk etdim, ýaşlyk etdim bagyşla meni ejejan. Ejemjanyň hiç sesi çykanokdy yöne gözlerinden nähili gynanýandygyny görýärdim. Byr diýen sözi
--garaş kakaň gelsin oňa aýdarsyň bar derdiňi, diýipdi.
--waah joajan düşen günleriňe gaty gynandym, käşkä şol günler men ýanyňda bolsadym, saňa maslahat bersedim, iň bolmanda şol Myrat diýilen meýdi görsedim belki...
--ýok jorojan bar günä mende, hiçkimem saklamazdy meni, sebäbi ony çyn ýürekden söýärdim, onýaly güçli söýmedik bolsam oňa ynanmadyk bolsam buzadlar bolmazdy ahyryn
--seňkem dogry jorajan... soň näme bolly kakaňa aýtdyňyzmy? Ol gün howwo öýde özüme ýer tapamokdum kakamyň garşysyna çykyp nädip aýtjagymy bilemok, diňe dileg edýärdim,, Allajan kakam gelmänka meň janymy al“ diýip. Daşarda maşynyň sesi eşidildi. Kakam maşyndan düşüm oýe girdi, men öz otagymda içim gorkydan doly otyryn haçan meni çagyrarlarka diýip, 1 sagat,2 sagat heçdi heiç ses yok, ahyry çydaman özüm bardym, ejem bilen kakam otyr sesizlik hiç birinden ses çykanok. Birden kakam ýerinden turdy we öz otagyna tarap ýöredi. Maňa bakyşlarynda, dem alşynda nähili gaharly dygyny görýärdim. Gözlerinde ýaş maňa bakyp
--gyzym sen otagyňa git ýat eýýäm giç boldy
--kak....kakajan meni bagyşla :(
--hany bar otagyňa git. Diýdi, bu rahatlygy meni hasam gorkudýardy
--kaka maňa gaharlanmadyňmy kakajan ur meni, öllür haýyşedýän kakajan
--Mährijan gyzym seni ursamam öllürsemem, namysyň yzyna gaýdyp gelmeýär, hany otagyňa git, diýip gapdalymdan geçip gitdi. Meň ol güne çenli hiç kakamyň gözlerinde ýaş görmändim. Ejemin ýanyna geçdim.
--ejejan kakam saňa näme diýdi nämeüçün maňa elgalyrmady ejejan
--gyzym sen kakan ýeketäk göz guwanjy heýem saňa el galyrarmy, kakaň saňa dözermi
--onna näme bolýar men kakamyň gözlerine bakdym...
--gyzym sen eden günäňi bilibem näme bolýar diýip soraýaň, hany bar otagyňa ertir gürleşeris.
Gije gözüme uky gelenokdy, çaltyrak daň atsa kakam bilen arkaýyn gürleşsem diýip howlukýardym. Daň bilen turup erte namazymy okadym, ejem kakam turmaka ertirliklerini taýynlap garaşyp otyryn,ejem oýandy el ýüzünü ýuwup saçak başyna geçdi, entegem gözlerinden akýan ýaşlary ýuregimi ezýärdi. Kakamam oýanypdy, yuunup gelip saçak başyna geçipdi, yüzü gözi çiş. Erkeklerem aglap bu ýagdaýa gelýanini bilemokdum. Hiçkimden ses çykanok ne iyäler nede içýäler, ,,Allajan men sebäpli ejem kakam nähili ýagdaýa gelli“ diýip içimi gürledip otyryn.
Birden kakam ýerinden turdy, men kakama
--kaka hiçzad iýmediň, iň bolmanda byr käse çaý iç
--ýok gyzym işdäm ýok sagbol
--kakajan meň üçin beýle gynanyp ýormäň, menden beýle ýüzüňüzi sowmaň belki Allaň maňlaýyma ýazanydyr durmuşumda.
--gyzym Allatagala bize akyl berýär, aklymyzy ýitirip eden ýalňyşlarymyz, maňlaýymyza ýazylanlar bolmaýar.
--kaka meni bagyşlaň haýyş edýärin ejemiňem siziňem maňa beýle bakyşlaryňyz meni janymy ýakýar. Maňa byr zadlar diýiň jeza beriň
--men ilşe gija galýan men işden gelýänçäm egin eşikleriňi taýynlap goý gyzym, diýip çykyp gitdi. Içim rahatlady, byr jeza bermeleri sesiz bakmalaryndan gowy boljakdy. Ejemden soradym meni nirä äkidjegini, olam jogap berenokdy. Haýdap egin eşiklerimi taýynlandym, içim heýjandan doly,,belki byr uzakdaky garynlaşlarymyza äkider, wagtyň geçmegi bilenem meni bagyşlar“ diýip garaşyp otyryn. Kakam işden gelli öýe girmän meni çagyrdy, goşlarmy alyp maşyna mündüm. Öýden çykamda ejemjan meni bagryna basyp ýaňaklarymdan ogşap şeyle byr aglady, göýä meni gaýdyp hiç haçan görmejek ýaly. Ol duýgy entägem gursagymda dur. Maşynly gidip baryarkak kakamdan soradym
--kaka meni nirä akidýäň, diýip ýöne kakam jogap berenokdy. Daş töwerege seredýän, şähere gelipdiris. Inni hasam gorkup başladym aklymdan her hili pikirler geçýär. Ahyry gellik WOKZAL.
Kakam maşyndan düşdi meň goşlarymy aldy we meni çagyrdy, maşyndan düşdüm entegem nämeler boljagyny bilemokdum. We kakam meň elime paspordumy berdi birem byr topba pul
--gyzym belki seni byr wagytlar bagyşlaryn, ýöne hiçhaçan öňki ýaly gowy görüp bilmerin, islän ýeriňe gidip bilersin ýolun açyk bolsun diýip maňlaýymdan öpdü.
16 лайков 671 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Amalia
11 авг 2021, 16:32
Like
Ogulşirin Bayramowa
11 авг 2021, 17:25
Erkekler käbirleri gaty gutaran bolyaray gyzlar bilen göwün hoşlamagy hiç zatçada bilenoklar! Özleriniň hem bajylary we uyalarynyň bardygyny bilenoklar. Öz eden ýalňyş Alla belki bu dünyede jezasyny berer diyip pikir edenoklar hatda olar yalylar Allanyň barlygyny bir bilýälermikä?!
Edil şumat şul hekayadan soň erkek oglan diyilýän jandarlary has hem yigrenip başladym!