Ýewreý nakyllary

Ýewreý nakyllary
1. Adam ata – ilkinji bagtly adam, sebäbi onuň gaýynenesi bolmandyr.
2. Eger problemany pul bilen çözüp bolýan bolsa, onda ol problema däldir, çykdajydyr.
3. Hudaý adama köp diňläp, az gürlemek üçin iki gulak, bir agyz beripdir.
4. Ýaramaz hatyndan seni Hudaý gorasyn, gowusyndan özüň başyňy gutar.
5. Çakyr girdi – syr çykdy.
6. Hudaý bir wagtda ähli ýerde bolup bilenok, şonuň üçinem Ol eneleri ýaradypdyr.
7. Süýji bolma – seni iýerler, ajy bolma – seni tüýkürerler.
8. Geçiniň alnynda bolmakdan gork, atyň – ardynda, akmagyň ähli tarapynda bolmakdan gork.
9. Bilim köp ýer tutanok.
10. Adam, hiç bolmanda, bilesigelijiligiň hatyrasyna ýaşamalydyr.
11. Hudaý garyplary, hiç bolmanda, gymmat bahaly günälerden-ä goraýar.
12. Garry gyz durumşa çykan badyna ýaş gelne öwrülýär.
13. Uzakdan görseň, hemme kişi ýaman däl.
14. Eger zenanlar azrak gürlesediler, erkekler has köp zat ederdiler.
15. Gowy dymmagy başarmak gowy gürlemekden kyn.
16. Ýaramaz aýal ýagyşdan ýaman: ýagyş öýe girmäge mejbur edýär, ýaman aýal ondan kowup çykarýar.
17. Gorkudan öleniňden gülküden ölen ýagşy.
18. Çal baş danalygyň däl, garrylygyň alamaty.
19. Garradykça adamyň gözi kütelişýär, emma köp zat görýär.
17 лайков 147 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shohrat
11 авг 2021, 22:11
Like