Enemiñ

Gursagym deý dar köçeden barşyma,
Oýa gelýär gamly keşbi enemiň.
Ýüregimi elendirýär ýene-de
Ses- sedasyz gizlemegi elemin.

Bukjak bolýar paralanşyn bagrynyň,
Çygjaran gözlerini gizlejek bolýar.
Perzendiniň köp büdrän ýodasyn
Umytlary bilen düzlejek bolýar.

Özüne berilen bagt paýyny
Bagryndan önene bermäge kaýyl.
Bir ölüp bilenok göznüň öňünde
Perzendiniň horlanşyna wagtsaýyn.

Eneleriň edähedi şeýle-dä,
Balalaryn atarýança bal güne,
Ynjalmazlar.
Ynjytmazlar hiç wagt.
Hem bagryna,hem yp-yssy kalbyna
Basarlar-da,pata be:rler mukaddes.
Dünýäni deňlejek ýürek urşyna.
...Şeýdip kän oýlanýan enem hakynda,
Gursagym deý dar köçeden barşyma.
15 лайков 112 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.