Suw
Ýer ýüzüniň 71 %-i suw bilen örtülendir
Suw (hidrogen oksidi) — binar organiki däl birleşme, himiki formulasy Н2O. Suwuň molekulasy öz aralarynda kowalent baglanyşyk bilen birleşýän iki sany hidrogen we bir sany kislorod atomyndan ybaratdyr. Ol adaty şertlerde dury suwuklyk bolup durýar, onuň reňki (kiçi göwrümde), ysy we tagamy bolmaýar. Onuň gaty ýagdaýy buz, gar ýa-da gyraw diýlip, gaz görnüşli ýagdaýy bolsa, suw bugy diýlip atlandyrylýar. Suw suwuk kristal görnüşinde hem bolup bilýär (gidrofil ýerlerde) Ýer ýüzüniň 71 %-ini (361,13 mln km2) suw (okeanlar, deňizler, köller, derýalar, buzlar) gaplap alýar. Ýerdäki suwuň takmynan 96,5 %-i okeanlarda ýerleşýär, dünýädäki suw zapasynyň 1,7 %-ini ýerasty suwlar, ýene 1,7 %-ini Antarktidanyň we Grenlandiýanyň buzluklary we buzly örtükleri, uly bolmadyk bölegini derýalardaky, köllerdäki we batgalyklardaky suwlar we 0,001 %-ini bulutlardaky suwlar emele getirýär. Ýerdäki suwlaryň uly bölegi şor bolmak bilen, ol oba hojalygy we agyz suwy üçin ýaramsyzdyr. Süýji suwuň paýy 2,5 % çemesi bolup, onuň hem 98,8 %-i buzluklarda we ýerasty suwlarda ýerleşýär. Tutuş süýji suwuň 0,3 %-e golaýy derýalarda, köllerde we atmosferada saklanýar, ondan hem az bölegi (0,003 %) bolsa, janly organizmlerde ýerleşýär.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.