Türkmen topragynyñ nygmatlary

HOZ

Hozuñ mañzynda köp mukdarda ýokum we mineral bar. Bu ýokumly maddalar adam bedeni üçin peýdaly, 1 kilogram hozda 10 kilogram towuk etiniñ ýa-da 14 kilogram ýeralmanyñ ýokumy bar. Hozuñ mañzynyñ 65-70 göterimi ýagdan ybaratdyr. Bu ýag ýürek-damar kesellerinden ejir çekýänler üçin peýdalydyr.
Süýji kesellilere hoz iýmek maslahat berilýär. Hoz lukmançylykda we derman senagatynda giñden ulanylýar. Adam bedeniniñ ösüshine we zehininiñ kämilleshmegine peýda berýär.
Miweleriñ arasynda diñe hozda kümüsh bar. Adamyñ beýnisi üçin kümüshiñ zerurlygy hökmanydyr.


SARYMSAK

Sarymsak her öýde bar. Dishiñiz agyrsa sarymsaga el uzadaýyñ. Ony arassalap, ilki gosharyñ iç tarapyna gowuja sürtmeli. Soñ sarymsagy maýdaja owradyp, gosharyñdaky damarlañ urýan ýerine hasa bilen berk edip dañmaly. Eger sag tarapdaky dishiñ agyrýan bolsa sarymsagy çep gosharyña, çep tarapyñdaky agyrýan bolsa sag gosharyña dañmaly. Sarymsagy ýapmazdan öñürti gosharyñy ýukajyk mata bilen örtmeli.


ÝER TUDANASY

Ýer tudanasynyñ düzüminde 10-15 göterim sheker, organiki turshular, esasanam limon turshusy, pektin, demriñ, fosforyñ, kalsiniñ we marganesiñ duzlary bar.
Onuñ miwesinden her hili ýokumly iýmitleri taýýarlap bolýar. Ýer tudanasynyñ shiresi, suwy suwsuzlygy gandyrýar, ishdäni açýar, iýmit siñdirishine oñaýly täsir edýär.
Miwesiniñ suwly demlemesiniñ mikroblara garshy häsiýetlere eýedigi ýüze çykaryldy. Bu önümleriñ ashgazan-içege, ýürek-damar, peshew ýollarynyñ we ödüñ kesellerinde, sheýle-de bogun agyryda nepiniñ degýänligi anyklandy. Esasanam ol peýdaly ýokumlaryñ çeshmesi bolup durýar.
Onuñ shiresi agzyñdan ýakymsyz yslar gelende ýa-da bokurdakda çish bolanda bokurdagyñy çaýkamak üçin ulanylýar.
17 лайков 137 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.